Ölsem

ÖLSEM

"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)


Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!

Aýsapar EMELOWA.

Çeşme: kitapçy.com
2 лайков 202 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
16 май 2022, 22:35
Олсем...
Акитжегим ёкдур дуняден,
Бир суратын атын онун яныма.
Ахыркы мензилиме ден адим аден,
Гарылмагы мумкин рухум жаныма.

Олсем...
Кукрегиме апет даш гоюн,
Чишип ятан дертлерми песелтсин.
Мазарымы аз-кем чукуррак оюн,
Калбымын айылганч сесин эселтсин.

Олсем...
Она ачык гитсин гозлерим,
Мунда юмуп яшанларам етерлик.
Гормек учин гелен-гиден ызларын,
Ер галдырын ики гарыш отерлик.

Олсем...
Чалын онун сойян сазыны,
Топракдан долманка дуйсун гулагым.
Дуйман галдым омрун копин-азыны,
Арасында отдим бар бн ёгын.

Олсем...
Сачлармы юзиме япын,
Чагырман, гелсе-де гормесин юзим.
Адымын ызына келеме сапын,
Геченлер окасын "БЕТБАГТ" созин.

Нурана Арсланова
Soho
16 май 2022, 22:38
goyan badyma like, okap yetishmek mumkin dal :)
Hiayress
Автор 16 май 2022, 22:39
Soho,
Gynansaňam okap ýetişdim. :)
Soho
16 май 2022, 22:41
Hiayress,
Flesh (DC komiks) bu senmi!? :)
Mümkin
17 май 2022, 00:37
Soho,
Suratyñdaky aşpez Nusretmi?
Bentner
17 май 2022, 00:54
Mümkin,
Yaltanman her gezek sorayanyzayt :)
Soho
17 май 2022, 04:51
Mümkin,
yok, Shahruh Han
Remezan
17 май 2022, 05:20
Omar Haýýama öýkünme
Men ölemde meýdimi, arak bilen ýuwsunlar,
Gapdalynda zakuskalyk, pomidoram goýsunlar,
eger gözüm açylmasa, şerap berip görsünler,
şonda demim gelmese, piwo guýup bersinler,
bir asgyryp turmasam indä öldi diýsinler.
Remezan Mämetgurbanow
Cicek
17 май 2022, 09:47
Sagbol,Kyyas sen yazanyny hic yerde gabat gelmedim. sps
Remezan
17 май 2022, 13:19
Mahek
Sagbol,Kyyas sen yazanyny hic yerde gabat gelmedim. sps

Özümiň käwagt, keýpim tutsa düzýän, sagbol minnetdar