Enemiň haty / hekaýa
ENEMIŇ HATY
Bu waka telim ýyl mundan ozal bolupdy. Ýaňy ýigrimi ýaşyny dolduryp, kalby arzuwdan, gujurgaýratdan dolup daşýan bir ýigit günorta — deňiz kenaryna ýakyn ýerleşýän şäherleriň birine gazanç etmäge gidipdi. Esasy maksady söwda-satyk bilen meşgullanyp baýamakdy. Ýöne işleri ýola düşüp, şowlap gidibermedi. Jübüsi kör-köpüksiz galandygynyň üstüne bergäde batdy. Hatda yzyna gaýtmak üçin ýol petegini almagada puly ýokdy.
Bahar baýramy ýetip gelýärdi. Ol ejesine iň soňky gezek hat ýazmagy ýüregine düwdi. Ýüregindäkileri birinbirin beýan etdi. Ol hatynda şular ýaly möhüm baýramçylykda öýlerine baryp bilmese, mundan soň hem dolanmak umydynyň ýokdugyny, hiç zadyň alnyndan däl, nalajedeýin ogluny ýatdan çykarmagyny gaýta-gaýta tekrarlady. Çünki yzyna bu halynda dolanmaga utanýardy. Hatynyň soňunda ejesine jan-saglyk arzuw etdi, özüni aýap saklamagyny berk tabşyrdy.
Şeýdip ähli zada ynamy gaçan, ýaşaýşa söýgüsi galmadyk, umytsyzlygyň girdabyna düşen oglanyň ýazan bu haty gijrägem bolsa, demirgazygyň bir künjünde örän uzakda, çolaja bir obada ýaşaýan mähriban ynsanyna ahyry gowşupdy. Günleriň birinde goňşy çagalaryň biri ýalňyz ýaşaýan şol enäniň ýanyna ylgap geldi. Oglanjyk oýnap ýörkä, hat gutusynda saralyp başlan haty tapandygyny aýdyp, oňa getirip berdi. Mazmuny bilen tanşan ene ony getirip hemde okap beren körpeden: «Oglum, barym-ýogum diňe sensiň! Egerde ýalňyz eneň ýanyna dolanmak islemeseň, onda bu dünýäde ýaşamagymyň hajaty hem ýok... Sen ýanymda bolmasaň, meniň munda barym-ýogum des-deňdir. Gözümiň açyklygynda perzent ajysyny çekdirme! Dolan, balam!..» diýip ýazmagy haýyş etdi. Entek gyşyk-çaýşyk edip, oňly hat hem ýazyp bilmeýän oglanjyk onuň aýdanlarynyň birinem sypdyrman ýazdy.
Pişege daýanyp, zordan ýöreýän ene haýal etmän, ýaşaýan obasyndan gaty uzakda ýerleşýän etrap merkezine ugrady. Howa diýseň sowukdy. Gar aram bermän syraýardy, çapgyn ýel hem ýüzüňi kesip barýardy. Halys tapdan düşen ene özüni zordan etrap merkezine atdy. Poçta-telegraf aragatnaşyk öýüne bardy, ýaşyl menek-menek reňkli hat gutusyna daýanyp, alasaňňyldy bolup, hatyny atdy. Gar syrgynynyň içi bilen ýykylyp-sürşüp, süýşenekläp diýen ýaly gelen enä bu aralygy geçmek ýeňil düşmändi. Üstibaşyny gar basyp, gar adama meňzäp durdy. Hatda gözlerem görnenokdy. Ondada görgüli maksadyna ýeteni üçin biraz ynjalypdy.
Howa garalyberende, poçta gelen zatlary aýyl-saýyl edýän işgärler nebit çyrasynyň ýagtysyna hatlary hem gözden geçirýärdiler. Işläp oturan gyzlaryň biri enäniň hatyny görüp:
— Daýza, seretsene, hatyň daşyna çapar berçesi ýelmenmändir! Ol saralyp gidipdir. Özem bular ýaly daş indi ulanylanok ahyry. Düzgüne görä, beýle hata seredilmeýär. Näme etmeli? — diýdi. Birdenem hatyň daşyndaky hälki körpäniň ýazan gysgajyk jogabyna gözi düşdi. Ony okap otyrka, goja hat gatnadyjy gapydan girdi. Oňa haty görkezdiler. Saçlary çalaran, elleri titräp duran ýaşuly ünsli okandan soň:
— Biz muny çapar berçesiz diýip, yzyna ýollap bilmeris. Haty eýesine gowşurmasak bolmaz. Men ony häziriň özünde ugratmagyň ugruna çykaýyn — diýip, işe girişdi. Ýüzi agralyp, ol edil möhüm bir işi bitirmek üçin ruhlandyryjy güýç tapan ýaly, bu işe yhlasly ýapyşdy.
Ertesi gün irden özi bilen ýaşyt köneje tigrinde ýola çykdy. Adatça, ol galyň gar düşende, howanyň aşa sowuk günlerinde hatlary äkidip-getirmek işini wagtlaýyn togtadardy. Sebäbi gyş günlerinde ýollar sürçek bolýardy. Ýolda-yzda adamlaram kän görünmezdi. Beýle ýagdaýda ýola çykmagam howply. Ýöne goja hat gatnadyjy ýüzüne çapar berçesi ýelmenmedik haty görenden, uçudyň gyrasynda duran bu iki ynsany halas etmelidigine düşünipdi. Onda umydyny ýitiren ogul bilen ynamy güýçli enäni görüpdi, gözlerine ýaş aýlanypdy. Howanyň sowuklygyda, hassalygyda, aýak agyrysyda ýadyna düşmändi. Gepiň keltesi, ol öz derdini unudypdy. Haty köýneginiň kisesine salyp, gar basan ýoldan tigrini eserdeňlik bilen sürüp gaýdyberipdi. Güpbüsi gar basan, kirpikleri hem gara doňan goja mazaly garaňky düşende şäher merkezine ýetdi. Şähere giren badyna göni esasy hathana tarap eňdi. Hatlary ugradyjy bölümiň gözegçisi goja gözi düşenden
— Beýle howada nädip aşyp bildiň? Janyňdan irdiňmi? — diýip igendi. Goja bir agyz gürlemän, myssa ýylgyryp oňdy. Mürehet edilen bir käse çaýyny içip, endamyna ýyly ýaýransoň, kisesinden haty çykardyda:
— Bu hatyň çapar berçesi ýogam bolsa, ugradylmagy gaty zerur. Sebäbi onda iki ynsanyň ýaşamagy üçin umyt uçguny ýatyr... Şonuň üçinem hiç zada garamazdan, bu hat ýollanylan eýesine gowşurylaýmaly!
Haty ugradyş bölüminiň ähli işgärleri okap gördüler. Özaralarynda: «Ugradylmaly! Özem hökmany suratda. Sähel salymam gijä galdyrylmaly däl!» diýip pyşyrdaşdylar. Işgärler oňa gara reňkli, «Ugradylmaly» diýen ýazgyly möhüri basdylar. Birdenem ünsden düşüp, gowşurylman galaýmasyn diýip, hat bukjasynyň arassa ýerine «Gyssagly gowşurylmaly» diýip hem ýazdylar. Goluň üstünden hem ýenede möhür basdylar.
Gar henizem durman ýagýardy. Agşam sagat onlara hatlar bilen ýüki ýetirilen poçta ulagy ýola ugramaga taýýarlandy. Ol hem birinji gezek beýle howada bu işi ýerine ýetirmeli bolupdy. Bölüm müdir birde elindäki hata, birdede sürüjisine seredip:
— Sagat näçelerde gowşuryp bilersiň? — diýip sorady.
— Elimden gelenini ederin — diýip, sürüji ýigit çekinjeňlik bilen ýylgyrdy. — Emma bu hatyňyzy näçe jan etsemem, şu gije ýetişdirip bilmerin.
— Hatlar şu gije hökman şähere eltilmeli! — diýip, başlyk sürüjiniň arkasyna kakdy. Ýolda gezekleşip sürerleri ýaly, iki sany işgärini hem onuň ýanyna goşdy.
Ulagyň öňündäki ullakan çyralar edil gündizlik ýaly garyň ýere düşüşini aýdyň görkezip, howzuň içinde ikibaka yranýan ak gazy ýatladyp, ýuwaşlyk bilen ýola düşdi.
Daň saz beri-berende, poçta ulagy şäheriň esasy derwezesinden girdi. Epeý sürüji berçesiz haty eline alyp, beýleki ugradylan zatlar bilen bile merkezi hathana geldi. Munuň bolup gelşini gören işgärler, elbetde, geň galypdylar. Olarda: «Beýle gaýra-goýulmasyz näme iş ony bu ýere getirdikä?» diýen sorag döräpdi. Beýle garyň içinde töwekgelçilik etmek howatyrlydy. Sürüji çapar berçesi ýelmenmedik haty elinde saklap durşuna:
— Şu haty haýal etmän irden işleýän hat gatnadyjyňyzdan ugratmasaňyz, bar eden azabym biderek bolar — diýdi. Bu ýeriniň işgärleri hem haty elden-ele geçirip gördüler. Derrew hem ugratmak barada tabşyrygy aldylar. Sürüjiniň berekellasyny ýetirip, arkasyna kakan kişi:
— Hatyňyz sagat sekizdäki otluda barmaly salgysyna ugradylar. Biz üçin hem edil siziňki ýaly tolgundyran ýagdaý boldy bu — diýdi.
Sagat sekizde ähli ugradylmaly zatlar bilen bilelikde, naçar enäniň hatyny hem uzak ýola ugraýan otla ýüklediler. Şeýdibem bu kagyz bölejigi gaýtadan täze syýahatyna çykdy...
Hat kiçijik myhmanhanada dynjyny alyp ýatan, wakalaryň sebäpkäri bolan ýigidimize dört gün diýlende, ýarygije gowşurylypdy. Hojaýyny ýanyna gelip, ony oýaryp:
— Saňa hat bar. Hat gatnadyjydan özüm elinjek bererin diýip alyp galdym. Ol hökman gowşurylmaly diýip gaty janygyp aýtdy. Ine, al — diýdi.
Sebäbi hat gatnadyjy:
— Bu haty men irden getirsemem boljakdy. Özümem ýaňy aldym. Haýal etmän gowşuraýyn diýip, ýörite gelşim şu. Gyssaglydygyny bilemsoň eglenmedim — diýip, sojap zordan gürläpdi. Onuň etek alty, ýeň ýedi bolup gelendigi mesaňa bildirip durdy.
Ýigit haty eline alandan, çapar berçesiz nädip onuň onça ýoly aşyp gelendigine geň galdy. Ejesiniň hatyny okap, gözleri ýaşdan doldy. Onuň hasratyny, ahynalasyny daş-töweregindäkiler aňdy. Daşyna üýşen adamlar haty görüp, her kim ýagdaýynyň ýetdiginden pul topladylar. Ýaşulularyň biri bolsa:
— Oglum, öýüňize dolan! Ejeň saňa garaşyp, gözi ýoluňdadyr. Ine, al, saňa arkaýyn ýeter — diýip, toplanja pullaryny oglana uzatdy. Ol bu ýerdäkileriň hemmesiniň hem eklenç, bir döwüm çörek diýip gelenlerdigini bilýärdi. Olaryň hiç biri hem bal güne batyp ýaşanokdylar, ýagdaýlary ýigidiňkiden öwerlik däldi.
Ýigit ejesiniň iberen hatyny gursagynyň üstünde goýdyda, otla mündi. Oňa ahyry öýlerine dolanmak nesip edipdi. Bu wakanyň üstünden kyrk ýyl geçdi. Ol bir uly şereketiň dolandyryjysy boldy. Akgöwünliligi bilen ynsanlara kömek edip, güýjüni, yhlasyny gaýgyrman işleýän adama öwrüldi. Öz iş otagynda şol öňküje saralyp giden haty çarçuwa salyp goýupdy. Bu hat oňa ýaşamak üçin güýjüň bir ýerlerden akyp gelşi ýaly, birgiden tanamaýan ynsanlarynyň ýagşylyk nurundan geçip gelipdi. Şol wagt birgiden nätanyş ynsanlar ony tanamasalarda, bu ýagşylygy edip, öz ýürejiklerinden bir bölegiň hem oňa gowuşmagyna sebäp bolupdylar. Şol ýagşylyklara, şol ynsanlyk söýgä jogap edip ýaşamak ýigidiň durmuşynda esasy maksadyna öwrülipdi. Dogry, ol düzgüne görä ýol geçip gelen hat däldi. Ýöne oňa birgiden nätanyş ynsanlaryň söýgüsi, mähiri, ony eýesine ýetirmek üçin yhlaslary siňipdi. Hat ynamly ýaşamak üçin durmuşyň çapar berçesine öwrülipdi. Şeýle ajaýyp duýgulary göterýän ýürekler birleşse, dünýäniň nury hasda ýalkym saçyp, parahatlyk höküm sürjekdigi ikuçsuz.
Ol boş wagtlary, köplenç, sesini çykarman, ünsli nazaryny ejesiniň ýazan bu hatyna dikerdi. Oňa seretdigiçe, gözleriniň owasy ýaşdan dolardy. Geçen günlerini ýatlardy. Mähribany, ýeketäk enesi üçin, aýratynda, asla tanamasalarda kömek eden şol ynsanlar üçin, durmuş ýolunda şeýle ýagty saçýan kalplara duşandygy üçin ykbalyndan minnetdar bolardy. Oňa bu ýollary geçmäge kömek eden ynsanlar birin-birin gözüniň öňünden geçerdi.
Hytaý dilinden terjime eden
Mähriban GELENOWA
"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.