Pygamberimiz Hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen Şeýtanyň arasynda bolup geçen gürrüňdeşlik.
Şeýtan hileleri
Älemleriň rebbi bolan Allaha hamd alkyşlar bolsun...
Pygamberimiz Hezreti Muhammet emine salawat we salam...bolsun.Soňrada onuň päk ähline(içerisine) we sahabalarynyň ählisine dogaýy -salamlar bolsun.
Sahaba Ibni Abbas (r.a.) hezretlerinden eşitmegi bilen Muaz bin Jebel şeýle rowaýat edýär:
Bir gün Resulallah (s.a.w.) bilen bilelikde ensarlardan (Pygamberimiz Mekkeden Medinä hijret edende oňa ýardam eden Medineli sahabalardan) birinin öýüne ýygnanypdyk...Jemagatymyz tükeldi.Söhbete gyzyşan wagtymyz daşardan bir ses geldi:
- Öý eýesi...içerdäkiler... Öýe girmek üçin maňa rugsat berermisiniz? Meniň sizden bir dilegim bar, bitirmeli işim bar.
Mundan soň hemmeler Resulullah (s.a.w.) Efendimiziň ýüzüne seredişdiler . Ol ýerde-de , beýleki wagtlarda-da beýik Oldy. Rugsady Ol bermelidi. Resulullah (s.a.w) Efendimiz dymyşlygy bozdy we:
- Bilýäňizmi, bu gepleýän kimdir?... diýdi...
Hemmämiz birlikde şeýle diýdik:
- Iň gowy bilýän Allah we resulydyr. Mundan soň Resulullah (s.a.w.) Efendimiz:
- Ol nälet siňen Iblisdir. Oňa Allahyň näleti siňsin...
Ol şeýle diýinçä, Hezreti Omar derrew:
Ya Resulullah, maňa rugsat beriň, men ony öldüreýin - diýdi...
Resulullah (s.a.w.) Efendimiz muňa rugsat bermedi we şeýle diýdi:
- Saklan, eý, Omar, bilýärmisiň oňa belli bir wagta çenli möhlet berildi. Öldürmekligi taşla.
Soňra şeýle diýdi:
- Açyň gapyny, degme gelsin... Ol bu ýerik gelmek üçin emir alandyr. Onuň diýjeklerini aňlamaga çalyşyň. Aýtjaklaryny üns berip diňläň...
Yzyny rowaýat eden Ibni Abbas şeýle dowam etdi:
- Oňa gapyny açdylar. Içerik girdi we bize göründi: Gözleri çaşy bir garry, şol bir wagtda köse. Eňeginden 6-7 sany atyň gyly ýaly gyl sallanýar. Gözleri ýokaryk seredýär, kellesi-de uly bir piliň kellesi ýaly. Dodagyda bir gäwmişiň dodagyna meňzeýärdi.
Soňra şeýle salam berdi:
- Salam saňa, Ýa Muhammet, salam, size, eý, musulman jemagaty.
Onuň bu salam berişine Resulullah (s.a.w.) Efendimiz şeýle jogap berdi:
- Salam Allahadyr, ýa Layn ( nälet siňen)...
Soňra oňa şeýle diýdi:
- Bir iş bilen geleniňi duýdum, nämedir ol iş?
- Men bu ýere öz erkime gelmedim. Mejbur bolamsoň geldim.
Allah Resuly sorady:
- Seni näme mejbur etdi?
Şeýtan şeýle aňlatdy:
- Yzzat, hormat eýesi Allahyň gatyndan maňa bir melek (perişde) geldi, şeýle diýdi:
- Allatagala emir edýär:
Gamgyn we zelil halda Muhammediň ýanyna gidersiň, onuň ýanyna baryp, kiçigöwünlilik bilen, adam ogullaryny nädip aldaýandygyňy düşündir. Olary nädip aldaýandygyňy oňa birin- birin aýt. Soňra ol senden näme sorasa dogry jogap ber.
Soňra... Allatagala:
- Aýdanlaryň içinde ýeke ýalan goşaýsaň, dogryňy aýtmasaň... seni kül ederin, ýele sowrup... duşmanlaryň arasynda, il ryswasy ederin diýdi. Ynha... şeýle Ya Muhammet, ol emirden soň saňa geldim. Isledigiňi sora. Eger soranlaryňa men dogry jogap bermesem, duşmanlarym meniň daşymy alyp durlar, meni ýene eglejekler. Duşmanlaryň içinde güýmenip durmadan beter zat ýoklugy bolsa hakykatdyr.
Ondan soňra Resulullah (s.a.w) Efendimiz şulary sorady:
- Egerde dogryňdan geljek bolsaň, onda sen şulara jogap ber: Halk arasynda iň ýigrenýäniň kimdir?
Şeýtan şeýle jogap berdi:
- Sensiň, ýa Muhammet,... Allanyň ýaradanlarynyň arasynda senden beter ýigrenýänim ýok. Ýogsada senden başga kim bolup bilsin?
Resulullah (s.a.w) Efendimiz sorady:
- Menden başga iň bir ahmyrlyň we halamaýanyň, duşmanyň kimdir?...
Şeýtan şeýle aňlatdy:
- Haram we günä işlerden gaçýan, özüni Alla ýoluna bagyşlan Muttaky ýaş ýigidi.
Mundan soňra, sowal - jogap aşakdaky şekilde dowam etdi. Resulullah (s.a.w.) Efendimiz sorady, şeýtan jogap berdi:
- Soňra kimi ýigrenýän?
- Özüni sabyrly bildigim, şübheli işlerden saklanan alymy...
- Soňra?...
- Tämizlik içinde ýaşaýan... ýuwan ýerlerini üç gezekden ýuwmagy dowam eden kişini.
- Soňra?...
- Mätaçligini hiç kime aýtmaýan..., halyndan hiç - hili şikaýat etmeýän, sabyrly bolan bir garyby.
- Ýeri, ol garybyň sabyrlydygyny nireden bilýärsiň?
- Ýa Muhammet, özi ýaly birine mätäçligini açmaz... halyndan şikaýat etmez. Kimde - kim özi ýaly birine üç gün üst - üstüne mätäçligini aňlatsa, Allah ony sabyr edenleriň arasyna ýazmaz. Sabyrly kişileriň işi muňa meňzemez. Sözüň gysgasy, onuň sabyrlydygyny: halyndan, görnüşinden we şikaýat etmeýşinden bilýärin.
- Soňra kim?...
- Şükür eden baýy.
- Bolýar, ýöne ol baýyň şükür edýändigini nädip bilýärsiň?
- Ony haçan görsem, gazananyny halal ýoldan gazanýar we il - güne, köpe harçlaýar. Şonuň üçin men bilýän: Ol şükür edip ýaşaýan bir baýdyr.
Resulullah (s.a.w.) Efendimiz bu gezek gürrüňiň ugruny üýtgetdi we oňa başga bir sowal berdi:
- Ýeri bolýar, ymmatym namaza turanynda, seniň halyň nähili bolýar?...
- Ýa Muhammet, meni bir ysytma tutýar. Titreýärin.
- Näme sebäpden beýle bolýarsyň, ýa layn (nälet siňen) ?...
- Çünki bir gul Allah üçin sejde edeninde bir gez beýgelýär.
- Ýeri oraza tutan wagtlary nähili bolýarsyň?...
- Ol wagtlar tä agyzlaryny açýançalar daňylgy galýan.
- Ýeri haja giden wagtlary nähili ýagdaýa düşýärsiň?
- Ol wagt dälireýärin.
- Ýeri " Kuran" okan wagtlary nähili bolýarsyň?...
- Ol pursatda erärin. Edil otda ereýän bir gurşun dek ereýärin.
- Ýeri sadaka beren wagtlary halyn neneňsi bolýar?...
- Hä, ana... şol zaman halym gaty ýaman bolýar welin, sadaka berýän göýä bir byçgyny eline alyp, meni ikä bölýän ýaly.
Resulullah (s.a.w.) Efendimiz sebäbini sorady:
- Näme üçin beýle byçgy bilen ikä bölünersiň, ýa Ebamürre ( beýhuda, batylyň atasy) ?
Mundan soň Iblis:
- Ony - da aýdaýyn...diýenden soňra düşündirmäge başlady:
- Çünki sadakada dört sany gözellik bardyr. Şular:
1- Allatagala sadaka bereniň malyna ( baýlygyna) bereket - yhsan eçiler.
2 - Ol sadaka beren kişini halkyna söýdürer.
3 - Allatagala onuň beren sadakasyny dowzah bilen onuň arasynda bir perde edip çeker.
4 - Allatagala belalary, kynçylyklary we ahy - nalalary ondan dep eder.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.