Pygamberimiz Hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen Şeýtanyň arasynda bolup geçen gürrüňdeşlik.

Ondan soňra Resulullah ( s.a.w.) Efendimiz sahabalary hakynda oňa käbir soraglary berdi:
- Ebubekir hakda näme aýdarsyň?...
Iblis muňa şu jogaby berdi:
- Ol maňa jahyllyk döwründe dagam boýun egmedi... Yslama gireninden soň, neneň, maňa boýun bolar?
- Ýeri, Omar bin Hattab barada näme aýdarsyň?...
Iblis muňada şu jogaby berdi:
- Allahdan ant içýän, her gören ýerimde ondan gaçdym.
- Ýeri, Osman bin Affan hakynda näme aýdarsyň?...
- Ondan utanaryn... özünem gaty erbet... Baryp Rahmanyň melekleri - de ( perişdeleride ) ondan utanarlar...
- Ýeri, Aly bin Ebutalib üçin näme diýersiň?
Iblis onuň üçinde şeýle diýdi:
- Wah, onuň elinden bir gutulsadym... Ol öz başyna galsa, men - de öz başyma galsam... Ol meni öz günüme goýsa...mende ony taşlasam... Men ony goýaryn; emma ol meni öz erkime goýmaz.
Resulullah ( s.a.w. ) Efendimiz ýokardaky sowallardan we şeýtanyň beren jogaplaryndan soňra, şeýle diýdi:
"Ymmatyma bagtlylyk, haýyr - yhsan eden, senide tä belli bir wagta çenli ýaramsyz, zar - zelil eden Allaha hamd bolsun".
Resulullah ( s.a.w.) Efendimiziň bu sözlerini eşiden, nälet siňen Iblis şeýle diýdi:
- Eý-ah... Ymmatyň bagty nirede? Men belli bir wagta çenli diri galsam, sen ymmatyň üçin, niçik hoşwagt bolarsyň...?
Men olaryň gan damarlaryna girerin. Etlerine garyşaryn. Emma olar meniň bu halymy görmezler we bilmezler. Meni ýaradan we ahyrýet gününe çenli maňa möhlet beren Allahyň adyndan ant içýärin: Men olaryň hemmesini azdyraryn. Ylymsyz we alymlaryny... bisowat we sowatlylaryny... Günä iş edýänlerini we ybadat edýänlerini... Gepiň gysgasy, bularyň hiç birisi elimden gutulmaz.
Emma... Allahyň halys gullaryny... Hawa, ana olary welin azdyryp bilmerin.
Mundan soň Resulullah ( s.a.w.) Efendimiz sorady:
- Seniň pikiriňçe yhlas eýesi bolan muhlis gullar kimlerdir?...
Bu sowala Iblis şu jogaby berdi:
- Bilmermisiň ýa Muhammet? Käbir kişiler bardyr diňe dirhemini we dinaryny söýer... Şeýle kişi Allah üçin hiç- hili yhlasa eýe däldir. Başga biri bardyr; dirheminide, dinarynyda söýmez; öwülmekden hoşlanmaz...men bilýärin ol yhlas eýesidir... Derrew ony taşlaga- da gaçaryn. Bir gul baýlygy we öwülmegi söýüp, kalby- da dünýä arzuwlaryna baglanyp galdygy wagt, ol size waspyny eden kişilerimiň arasynda maňa iň kän hormat goýanlardandyr.
Bilýärmisiňiz? Mal söýgüsi ( baýlyga gyzmak) günäleriň iň ulularynyň arasyndadyr.
Iblis gürrüňini dowam etdi:
- Ýa Muhammet, bilmezmisiň?... Meniň ýetmiş müň çagam bar. Olaryň hersini bir ýere ýerleşdirdim.
Soňra... Ýene ol çagalarymyň her biriniň ýanynda ýetmiş müň sany şeýtan bar. Olaryň bir bölegini alymlara gönderdim.
Bir bölegini ýaşlara ýolladym.
Bir bölegini- de şyhlardyr pirlere, garrylara goşdum.
Bir bölegini- de garry aýallaryň we kempirleriň başyna musallat etdim.
Ýaşlara gezek gelende aramyzda hiç-hili düşünişmezlik ýok. Olar bilen gatnaşygymyz juda gowy.
Çagalara gezek gelende... olar bilen-de biziňkiler isledikleriçe bile oýnaýarlar.
Özümiziňkileriň bir bölegini-de, ybadat edýänleriň başyna dert etdim. Bir bölegini-de zahid muttaki we sopulara...
Olar bularyň arasyna girerler. Halyndan habar soran kişi bolup, bir durumdan beýleki bir hala aýlandyrar durarlar. Şeýle bir derejä ýetirerler welin, bolgusyz bir sebäpler tapyp, kimdir birine sögünmäge başladarlar...
Ynha... şeýdip olaryň yhlasyny alaryn... Olar bu ýagdaýlary bilen eden ybadatlaryny yhlassyz ederler... Emma, özleriniň mundan habarlary bolmaz. Ondan soňra Iblis, aldadan bir monahynyň hekaýatyny gürrüň bermage başlady, we şeýle diýdi:
- Bilmezmisiň, Ýa Muhammet, Rahip Barsisa dogry ýetmiş ýyl Allaha yhlas bilen ybadat etdi.
Eden ybadatlaryndan soňra, oňa şeýle bir derejede haýyr-yhsan berilipdir welin; kimdir bir hassa ýatan bar bolsa, oňa doga etse, ol doganyň bereketi bilen hassa şypa tapyp gidiberýärdi.
Onuň yzyna düşdüm; hiç goýbermedim... Zyna etdi. Ganhor boldy. Iň soňunda-da küpre girdi.
Allatagala eziz kitabynda bu kişi hakynda şeýle düşündiriş berýär:
- "...Onuň halyda edil Şeýtanyň haly ýalydyr; Şeýtan ol ynsana:
- Kapyr bol...diýdi. Edil şol wagtyň özünde kapyr boldy; bir gezekde oňa şeýle diýdi:
- Menden daşda dur... Men älemleriň Rebbi bolan Allahdan gorkýaryn". (" Haşr" süresiniň 16 - njy aýaty)
Iblis mundan soňra, käbir ýaramaz häsiýetleriň ustünde durdy. We olaryň her birini nähili ulanýandygyny düşündirdi ...

Ýalan
- Bilmezmisiň , Ýa Muhammet, ýalan mendendir we ilki bolup ýalan sözlände men. Kimde kim ýalan sözlese... ol meniň dostumdyr. Kim-de kim ýalan ýere ant içse... ol meniň söýgülimdir.
Bilmezmisin, ýa Muhammet, men Adam ata bilen How eneňize-de ýalan ýere Allanyň ady bilen ant içdim.
- "Şubhesiz, men size nesihat edýärin".
("Araf" süresiniň 16-njy aýaty)
Diýdim... "şuny ederin", çünki balan ýere ant içmek köňlümiň güýmenjesidir.
Gybat we arkadan gep etmek... Olar-da miwelerim we şadyhorramlygymdyr.
Kimde kim talak (nika bozmak) babatda ant içse... günäker boljaklygyndan endişe ediler. Isle bir gezek bolsun, isle bir zadyň üstünde bolsun.
("Bakara" süresiniň 17-nji aýaty).
Kimde kim talak sözüni agzyna alsa... tä hakykat belli bolýança, ýagny ahyrýetde her bir zat hakykat bilen ýüze çykanda aýaly oňa haram bolar. Olaryň bu ýagdaýda kyýamata çenli ýüze çykarjak çagalarynyň narysy zyna çagalary bolar. Agza alynan o talak sözüniň netijesinde hemmesi jähenneme girer. Çünki olar zyna eden hasaplanar.
Namaz
- Ýa Muhammet, namazy wagtyndan gijikdirip soňa goýana deňiç... Ony-da aňladaýy . Ol her zaman namaz wagtynda, namaza turmakçy bolanynda ýakasyndan tutaryn, aslyşaryn. Oňa waswasa bererin.
Diýerin:
- Heniz wagt bar. Sen-de işlisiň. Häzirlikçe işiňe seret, soň kylsaň-da bolar.
Şeýlelikde ol wagtyndan giç namazyny kylar...
Bu sebäpden onuň kylan namazy ýüzüne zyňylar.
Eger kimde kim meni asgynlatsa... oňa ynsan şeýtanlaryndan birini ýollaryn...
Şeýdip oňa wagtynda namaz kylmakdan alyp galaryn.
Ol şonda-da meni asgynladyberse... bu sapar onuň bilen namazda hasaplaşmaga çalşaryn. Ol namaza duran wagty:
- Saga bak... sola bak... diýerin. Ol-da bakar... Ol beýle etdigi... ýüzünden ogşap maňlaýyndan öperin. Mundan soňra oňa:
- Sen öte ýaramaz iş etdiň diýerin. Şeýdip onuň bar hözürini, rahatlygyny gaçyraryn.
Ýa Muhmmet, sende bilýänsiň, kim-de kim namazda saga, sola köp baksa, Allah onuň namazyny kabul etmez.
Şonda-da ondan asgyn düşsem, ýeke özi namaz kylan wagty ýanyna giderin we oňa çalt-çaltdan kylmagy emir ederin. Ol-da namazyny çalt-çaltdan kylmaga başlar. Edil horazyň çüňki bilen ýerden däne çokuşy dek...
Oňa bu işi etdirmekden hem üstünlik gazanmasam, indiki sapar jemagat bilen namaz kylynanda ýanyna baryp, onuň agzyna agyzdyryk dakaryn welin... Başyny ymamdan öňürti sejdeden we rüküden galdyraryn... Ymamdan öňem sejde we rükü etdirerin. Ynha... ol beýle edeni üçin, kyýamat güni, Allah onuň başyny eşek başyna öwürer. Ol kişi mundan hem ýeňse ... Bu gezek oňa namazda barmaklaryny şarkyldatmagyny emir ederin. Şeýlelikde, ol meni tesbih edenlerden bolar. Emma bu işi oňa namazyň içinde etdirip bilmäýsemdim...
Munda hem ondan ýeňiläýsem, ol wagt onuň ýanyna täzeden giderin. Namazyn içindekä onuň burnuna uflärin.
Men üflänimde ol pallamaga başlar.
Eger ol bu pallan wagtynda elini agzyna tutmasa, onuň içine kiçijek bir şeýtan girer, harsydünýäligini köpelder we dünýewi gatnaşyklaryny artdyrar. Ine, şundan soňra ol kişi: mydama bize hormat goýar. Sözümizi diňlär, diýenlerimizi eder...
Şeýtan ondan soň geplemesini dowam etdi:
- Sen, ymmatyn haýsy bagtlylygyndan hoşwagtlyk duýarsyň?...
Men olara nähili duzaklar guraryn...şeýle bir duzaklar...
Garyplaryň, biçäreleriň we kemli ejizleriň ýanyna bararyn. Namazlaryny taşlamaklaryny emir ederin we olara diýerin:
- Namaz sizin üçin derkar däl... Ol Allahyň saglyk yhsan eden we bolluk eçilen kişileri üçindir.
Soňra-da hassalaryň ýanyna giderin:
- Namaz okamany taşla - diýerin...
- Çünki Allatagala "Hassalara zorluk ýok..." ("Nur" süresiniň 61-nji aýaty) diýip aýtdy.
Sagalan wagtyň köpüräk kylarsyň diýerin. Şeýlelikde, ol namazyny taşlar, hat-da küpre-de gidip biler,dinden çykyp-da biler.
Eger, ol hassa wagty namazyny terk edip, ölüp gitse.., Allahyň huzuryna baranynda, Allatagalany öýkeli görer.
Soňra şeýle diýdi:
- Ýa Muhammet, men bularyň içine ýekeje ýalan söz goşsam, meni içýan çaksyn...
Soňra... eger ýalan bar bolsa... Allahdan dile - meni kül eýlesin.
Iblis mundan soňra geplemesini ýenede dowam etdi we şeýle diýdi:
- Ýa Muhammet, sen ýenede ymmatyn üçin şatlanýarmysyň? Aslynda men olaryň altydan birini dinden çykardym.
Mundan soňra... Resulullah ( s.a.w.) Efendimiz oňa, ýagny, Iblise aşakdaky şekilde gysga gysgadan käbir sowallar sorady. Ol- da bulara jogap berdi:
- Ýa Layn, seniň iň ýakyn oturyp turuşýan ýoldaşyň kim?
- Süýthor bilen parahor ( göterim alan we beren).
- Dostuň kim?
- Zyna eden
- Ýassykdaşyň kim?
- Serhoş
- Myhmanyň kim?
- Ogry.
- Ilçiň kim?
- Gözüň nury nämedir?
- Aýalyň talagyny bermek ( nika bozmak )!
- Söýgüliň kim?
- Juma namazyny taşlanlar.
Resulullah bu gezek başga bir tema geçdi we şulary sorady:
- Ýa Layn, seniň kalbyňy gyrýan zat näme?
- Allah ýolunda urşa ylgan atlaryň kişňewi...
- Ýeri, seniň jismiňi näme ereder?
- Toba edenleriň tobasy.
- Ýeri, jigeriňi ( bagryňy) näme parçalar, näme çüýreder?
- Gije we gündiz Allaha edilen bol- bol dilegler.
- Ýeri,ýüzüňi näme bürüşdirer?
- Gizlin sadaka bermek.
- Ýeri, gözleriňi kör eden nedir?
- Gije namazy.
- Ýeri, başyňy egdiren nämedir?
- Gije namazy.
- Ýeri, ýüzüni salladan nämedir?
- Namazyn jemagat bilen has köp okalmagy.
Resulullah (s.a.w.) Efendimiz täzeden başga ugra geçdi we şeýle diýdi:
- Seniň isleýşiňde ynsanlaryň iň bagtlysy kimdir?
- Namazyny bilgeşleýin taşlanlar. ( Olara şeýtan gaty heşelle kakar.)
- Ýeri, seniň pikiriňçe iň garakçysy kim?
- Husytlar ( gysyklar).
- Ýeri, seni işiňden näme alyp galýar?
- Alymlaryň mejlisleri.
- Ýeri, iýmitiňi nädip iýýärsiň?
- Çep elimiň barmaklarynyň ujy bilen.
- Ýeri, ajal ýeli öwüsdigi wagt we töweregi ot- ýalyn gurşap alan wagty çagalaryňy nirede gizleýärsiň?
- Ynsanlaryň dyrnaklarynyň aşagynda.
*. *. *
Resulullah ( s.a.w.) Efendimiz mundan soň, başga bir tema geçdi. Iblis - de jogap berdi.
- Allaňdan nämeleri talap etdiň?
- On zat talap etdim.
- Ýa Layn, olar nämelerdir?
- Şulardyr:
1. Maňa adam ogullarynyň malynyň we çagalarynyň arasynda bolmaga ygtyýar ber... Ol bu şäriklik talabymy ýerine ýetirdi:
- " Olara şärik bol... Mallaryna ( baýlygyna ) we çagalaryna. Olara wada ber. Aslynda, şeýtan olara iň köp ulumsylygy, men-menligi wada eder..." ( " Isra" süresiniň 64-nji aýaty).
Bu aýaty Jelile bilen subutludyr.
Her bir bismillasyz kesilen haýwan etinden iýerin,faýyz ( göterim, süýthor) we haram garyşan nahardan-da iýerin.
Şeýtandan gaçyp, Allaha sygynmaýanlaryň malynyň, baýlygynyň şärigidirin.
Jynsy gatnaşyk wagtynda, şeýtandan gaçyp, Allaha sygynmaýanlar bilen birlikde menem olaryň aýaly bilen bile bolaryn.
... we ol bile bolmagymdan dünýä inen çagalar-da bize gulluk we hormat eder. Sözümize gulak asar.
Kimdir birisi bir haýwanyň ( ulagyň) üstüne müneninde, halal ýola gitmek üçin däl-de, tersine, keýp islegine görä münse, men-de onuň bilen bile giderin. Dosdy we ýoldaşy bolaryn.
Bu-da Aýaty Kurany Kerimde berlendir. Allatagala maňa şu emri berdi:
- "Soňra olaryň atlylarynyň üstünde we pyýadalarynyň üstünde gopgun turuz..." ( "Isra" süresiniň 64-nji aýaty).
2. Men Allatagaladan öý bermegini diledim. Bu dilegimden soň maňa hammamlary öý hökmünde berdi. (Kir suw, hapaçylyk gaty erbet saýylýar.)
3. Mesjit bermesini diledim. Bazar ýerlerini maňa bir-birden mesjit deregine berdi.(ýalanyň,aldawyň köp bolup biljek ýeri hökmünde.)
4. Özüm üçin okar ýaly kitap diledim. Goşgulary maňa kitap hökmünde berdi. ( Bir zada düşünip-düşünmän ýa-da netijesinde geljek zyýany aňyp-aňman, bir zady ýeňillik bilen goşgy edip ýaýradarlar. Onuň bolsa ýaýraýa-ýaýraýa zyýany adamlara deger. Iň bärkisi suwjuk goşgular ýa ýalan öwgüler we ş.m.)
5. Özüm üçin azan bermegini diledim. Goh- gopgunly, ýaramaz aýdym-sazlary berdi.
6. Özüm üçin ýatakdaş ýoldaş bermegini diledim... Serhoşlary berdi.
7. Özüm üçin kömekçileri diledim... Munuň üçin-de maňa kaderieçileri berdi.
8. Maňa gardaşlar bermegini diledim. Baýlygyny biderek ýere isrip edýänleri berdi.
Bular şu Aýaty Kerim bilende bellidir:
-"Ol kişiler bardyr; mallaryny dereksiz ýere harçlarlar...Olar şeýtanyň doganlary bolandyrlar..." ("Isra" süresiniň 27-nji aýaty).
Arasynda Resulullah ( s.a.w.) Efendimiz şeýle diýdi:
- " Eger aýdanlaryňy Allahyň kitabyndaky aýatlar bilen subut etmesediň, seniň aýdanlaryňy tassyk etmezdim".
Mundan soňra Iblis dowam etdi:
9. Ýa Muhammet, men Allahdan şuny diledim, ynsanogluny men göreýin, emma olar meni görmesinler. Bu dilegimi -de ýerine ýetirdi.
10. Men diledim: Ynsan ogullarynyň gan damarlaryny maňa ýoda et... Ol diýenim-de boldy.
Şeýlelik-de, menganlar bilen akyp giderin...gezerin...özünem nähili islesem... Ähli islänlerimi berdi.
- Hemmesi saňa berildi - diýdi...
Men-de bu halyma buýsanýaryn.
Soňra...şuny-da goşaýyn. Meniň bilen bile gezenler seniň bilen bile gezenlerden has kändir.
Ynha... Kyýamata çenli adam ogullarynyň agramly bölegi meniň bile bolarlar...
Mundan soňra Iblis şeýle aňlatdy:
- Meniň bir oglum bardyr... Ady: Atemedir.
Bir gul ýassy namazyny kylmazdan ýatsa... ýanyna gider; onuň gulagyna bugşugar... Eger beýle bolmasady, onda söz ýok, ynsanlar namazlaryny okamazdan ýatmazdylar.
Meniň ýene bir oglum bar: onuň ady-da Mütekazydyr... Munuň wezipesi-de edilen gizlin amallary äşgär etmäge çalyşmakdyr.
Mysal üçin: bir gul gizlin ybadat edäýse... we bu edenlerini-de gizlemäge çalyşsa... Mutekazy-da oňa dürter... Iň soňunda onuň gizlin işleriniň äşgär bolmagyna we ýüze çykmagyna sebäp bolar.
Şeýlelikde, Allatagala şol amal iş edeniň ýüz sogabynyň togsan dokuzyny ýok eder... biri galar.
Çünki bir guluň eden gizlin bir amaly üçin doly ýüz sogap berler.
Soňra... meniň ýene bir oglum bardyr, onuň ady-da Kühaýyldyr.
Munuň işide ynsanlaryň gözlerini sürmelemekdir. Özi-de ýörite, alymlaryň mejlisinde, juma we baýram günleri hatyp hütbe
1 лайков 433 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.