Ýaşyl ýapraklar

Goşjan Seýitmädow - Ýaşyl ýapraklar - 3

Özgä ýaraýar diýip, gulkudyp oturma. Özüňe ýaraýanyny et.
***
Agajy döwenä Durdy,
Jogap bermelem Berdi.
***
"Bergiň köp bolsa ýumurtga börek iý" diýilýär.
Algysy köp bolubam ýumurtga börek iýip ýörenler gyt däl.
***
Eger duşman dilini dişiniň aňyrsynda gizlemegi başarsady, onda Görogly gylyjyny gynyndan çykarman oňup bilerdi.
***
Bir öýde kagyzdan ýasalan owadan gül bar. Şol gül indi otuz ýyl bäri saklanýar. Ol gül owadanlygy üçin ýa-da ony ýasan hünärmeniň hatyrasyna saklananok. Ol şony bagş eden ynsanyň hatyrasy üçin saklanýar. Men şol kagyz gül ýaly bolsam-da, eserlerim şol güli bagş eden ynsan ýaly hatyraly bolaýsady, onda men nähili bagtly bolardym!
***
Sen bütin ömrüň barada gürrüň berýärsiň. Biz welin şol ömrüň ýatda galan ýeke güni barada-da öň hiç ýerde eştmändik.
***
Ýola çykyp öküneniňden, gowsy, şuwagt ugramankaň oňatja pikirlen!
***
Ol öz işi; dogruçyllygy, adamkärçiligi ... barada şeýle bir gürrüň berdi. İçimden "Menem şunuň ýaly bolsam bolmaýarmy?" diýdim.
Soň ol: "Bir sagatdan gelerin" diýip gitdi. Bir aýdanam gara bermedi. İndi şonuň ýaly bolmadygyma şükür edýän.
***
Sähelçe şowlulyga men bagtly diýip gygyrma, belki, ol bagtsyzlygyň başlangyjydyr.
***
Eger sen ýamanlyk edenleri unutmagy başarmaýan bolsaň, ýagşylyk edenlerem unutmazlygy başarmalysyň!
***
Garda galan yzyňa däl-de, ýerde galan yzyňa guwan!
***
Demriň erbedini, iň bolmanda, süýüp orak edýärler. Miwäniň erbedini mala berýärler. Ýöne ynsanyň erbedini nätmeli?!
***
Şir dyrnagy bilen tanalsa, ynsan pähimi bilen tanalýar.
***
Bu gün iňňäňi ogurladan bolsaň, ertir temeniňden ägä bol!
***
Erbet niýet bilen bir gapydan girseň, şol gapydan çykmalydygyňy-da unutma!

Çeşme: "Oba oglanlary" ýygyndysy.
лайков 75 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.