Ýaşyl ýapraklar

Goşjan Seýitmädow - Ýaşyl ýapraklar - 2

Sen dostuň göwnüne degmek bilen duşmanyňa meçew berýäniňi unutma!
***
Oňarjak işiňden çekinme. Oňarmajak işiňi boýun alyp, soňra ökünme.
***
Ýerlikli sözüň seni daga çykarjagyny, emma ýerliksiz sözüň seni girdaba oklajakdygyny unutma!
***
Göz - ynsanyň pikirini görkezýän aýnadyr.
***
Durmuşda hiç kese haýyr bermeýän adam - ýagman, ýöne Günüň öňüni tutup duran bulut ýalydyr.
***
Ol ynsana kömek etjek bolup, del sözleriň pidasy boldy.
***
Hoş sözüň bolsa derýa-da oklasaň bolar. Bir wagt gaý turanda olaryň saňa ýelken bolup kömek edäýmegem ahmal.
***
Oňat ekiniň içinde haşal otlaryň boýnap oturyşy ýaly, oňat adamlaryňam arasynda käbir erbet adamlaryň ýaýnap ýörşüne geň galma!
***
Garny doýrup bolar, emma gözi welin hiç haçan doýrup bolmaz.
***
Puluň, dünýäniň etmejek oýny ýokdur. Ýöne olar ynsany batyr ýa-da talantly edip bilmez.
***
Görke bil baglamaly däl-de, erke bil baglamaly.
***
Göwni ýetmezçilik - akmaklygyň we ejizligiň bir görnüşidir.
***
Kä adamlar wezipäni bezeýär, kä adamlary bolsa wezipe bezeýär.
***
Sen ilden üýtgeşik eşigim bar diýip öwünme!
Ol matanyň başga bir obada eşege palan edilýän bolmagam mümkin.
***
Ekin-dikine säheriň çygy görk berse, ynsanlara olaryň il içindäki sarpasy görk berýär.

Çeşme: "Oba oglanlary" ýygyndysy.
1 лайков 55 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.