Goşjan Seýitmädow - Ýaşyl ýapraklar - 4
Pikiriň ýanynda paýhasyň barlygam bir gowy zat. Ýogsam pikir hökman öz akymyna giderdi.
***
Ynsan ilki sap arassa dogulýar. Soňky ýagdaýy onuň ene-atasyna, mugallymyna, kollektiwine baglydyr.
***
On iki süňňüňde bir ýeriň agyrsa, şoňa beýleki on bir süňňüňem tabyn bolýar. Şonuň ýaly-da söýgi hem ähli garamatlary, geljekki hasratlary, görüljek hupbatlary, şatlyklary... unutdyryp, seni özüne tabyn edýär.
***
Kän owadan gözlere gözüm düşdi. Emma bir göz welin, meni ýesir etdi... Dogrusy, men onuň bilen goş birikdirip bilmedim. İndi bolsa ol her gün meni göreninde bir gezek gözi bilen "atýar".
***
İň owadan guş Tawus. Öz owadanlygyna diýseň buýsanýar. Ýöne aýagynyň betgelşikdigine gözi düşende welin, özünden göwni geçýär.
***
Ol ýönekeý zadyň üstünde dostundan ýüz öwürdi. Ýöne kyn gününde ýene onuň keşigini çeken şol ýüz öwren dosty boldy.
***
Bahram Guruň mazarynda şeýle sözler ýazylypdyr: "Äpet ýumrugyň bolanyndan, giň hem açyk aýaň bolsun."
***
Watanyny terk edip gaýdan adamdan hiç haçan watanparazlygy tama etme!
***
Gadym bir baý sаmsук ogluny ökde molla tabşyrypdyr. "Şuňa akyl ber, edep öwret" diýipdir. Bir ýyldan soň ol molladan baýa şeýle mazmunly hat gelipdir: "Galanja akyl-huşumdan dynmankam, ogluňyzy alyp gideweriň!"
***
Käbir gelin-gyza ýaşlygy görk berýär. Käbirleri welin, ýaşlary gaýdyşanda-da görki bilen ýaş görünýär.
***
Onuň pikirleri edil külüň aşagyndaky köz ýaly nämälimdi.
***
Bijaý gyzma adama hem-de öte sowukganly adama özüňi ynanyp bolmaz.
***
Toýdur ýasda ýüz adam bir jaýa sygsa-da, käbir iki dogan şo jaýa syganok.
***
Ynsanyň ýigrenýän zadynyň biri hem hapa tüýkülik, olam onuň arassa agzyndan çykýar.
***
Birwagtlar gaş bejertjek bolup, gözi çykarýan ekenler. Häzir welin tersine!
***
Ol onuň ýüregini ogurlajak diýip, ömrüni ogurlatdy.
***
Ol alma satýanyň mahabatyna ynansa-da, bagbana ynanyp biljek däldi.
***
Ol ýekeje ýalňyşlyk tapsa, ýüz ýerde gürrüň ederdi. Emma özüniň mydama ýalňyşýandygyndan bihabardy.
***
Gylyç egri hem bolsa, keseninde dogry kesýär.
***
Ol külüni müň ýere dökse-de, abraýyny dökmändi. Sebäbi onda abraý ýokdy.
Çeşme: "Oba oglanlary" ýygyndysy.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.