Ýaşyl ýapraklar

Goşjan Seýitmädow - Ýaşyl ýapraklar -1

Söýgi nämekä?
Ýaş ýürekler açylan bägül bolsa, ol hem şolary suwarýan şerbet suwudyr.
***
Gyzlaryň gözi ýaly ýiti, mähirli zat ýok bolsa gerek. Ol gözler ynsan kükregini darka iki bölüp, almaz ýaly bilniksiz kesip, ýüpek mata ýaly mylaýym sypap bilýär.
***
Näme üçin söýüşýänler biri-birlerine duşanlarynda aýdara söz tapmaýarka?
Sebäbi ol wagt nobat mähre berilýär. Mähir şu asudalykdan peýdalanyp, edil suwuň çägä siňşi ýaly iki ýürege-de bilniksiz siňýär. Şeýlelikde, ol iki ýüregiňem teşneligini gandyrmaklyga bolan näbelli, ýörelmedik ýodalary açyp, täze-täze ýol arçap gidýär.
***
Özüniň eken bagyna guwanmaýan barmy näme?
Menem öz eken baglaryma her gün irden, işden gelenimden soň, ýörite gözegçilik edýärin. Olaryň göze ýakymly gözel görnüşinden hem-de jana ýakymly hoşboý ysyndan lezzet alýaryn. Bu bolsa meniň ähli ýadowlygymy aýyrýar.
Bir gün men bol miwe getirip, başyny aşak salyp oturan garalyny synlanymda, onuň bir şahajygynyň miwesini göterip bilmän döwlenini gördüm. Şo bada hem bir ýumşak sim tapyp, ony emaý bilen saradym. Wagt geçýärdi. Güýz gelip, miweler bireýýäm ýygylypdy. Bir gün şol sim sarap daňan şahajygymy barlap görsem, şaha bireýýäm biten ekeni. Ýöne öň oňa hemaýat eden sim indi onuň içinden geçip gidipdir. İndi ol baga zyýan berip ugrapdyr. Men ony şol bada aýyrdym.
Bäh! Geň galaýmaly! Peýda berýän zadyň zyýan berip bilýän wagtam bolýan eken...
***
Käbir ýaş şahyrlar turuwbaşdan: "Eger men öläýsem..." diýip, pelsepe otaryp ugraýarlar. Şolaryň henizem "diri" gezip ýörenine şükür!
***
Bu öý diýseň "hezillikdi". Aýalynyň ýerine ýetirýän igençli "ariýasyny" mertlerçe diňleýän äri, hyýalynda onuň "heňini" hiňlenýärdi.
***
Hezzet-hormatdan soň, ol hemişe: "Toýuňyza gelip duraly" diýerdi. Emma "Öýmize baryp duruň" diýmezdi.
***
Käbirine ýok ýerden bar etjek bolýar diýip igenýärler. Munuň dogry bolaýmagam mümkin. Ýok ýerden bar edip bolsa, oňa nä ýetipdir!
***
Penjegiňi ilik saklar, abraýyňy - il.
***
Dogan bar - özüňdenem ileri,
Dogan bar - duşmanyňdanam gaýra.


Çeşme: "Oba oglanlary" ýygyndysy.
1 лайков 110 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.