öz Ynsabymy

Bu dünýä inderip, synagda goýup,
Dogry ýola gönder, öz ynsanyňy,
Şol geçen geçmişden, imanym diläp,
Diýýärin, peşgeş ber, öz ynsabymy,

Musulmana ilki parzy imandyr,
Ynsap bolsa, ýarymyşyn imandan,
Dogrymy, ýalandanmy, gümanmy,
Allahym peşgeş ber, öz ynsabymy,

Ýüzümi gyzartma hiç-hili ýerde,
Goýmagyn gaflatda, bir agyr derde,
Ynsabym çekildin ýüzüme perde,
Allahym peşgeş ber öz ynsabymy,

Ýagşy sözler özi gelsin zybana,
Gullugyňda sežde etsem, namaza,
Diýilmesin-döwür: Täze zamana,
Allahym peşgeş ber öz ynsabymy,

Bolaýyn elmydam, ýagşy niýetde,
Öz pälim, öz erkim, doga, aýatlam,
Sogabym köp bolsun ol kyýamatda,
Allahym peşgeş ber öz ynsabymy,

Entek söz kän, gutarma ýok sözlere,
Nur eçil guluňa, gara-gözlere,
Kuwwat ber bilime, aýak, dyzlara,
Allahym peşgeş ber öz ynsabymy,

Aýdylman galmasyn ýürekde sözüm,
Açylyp gitmesin, ýumulsyn gözüm,
Bagt eçil, şatlansyn, ogulym, gyzym,
Olarada bagş et öz ynsabyny
R. Mämetgurbanow
2 лайков 100 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
20 май 2022, 08:54
Käbirleriniň pikriçe goşgynyň nähilidir ýerleşmeli galyby barmyş menä goşgyny erkin sungat hasaplaýan. Esasy goşgy ýürekden çyksa ýüregede barar. Üstünlik awtor!
Maksat
20 май 2022, 08:57
Berekella gowy goşgy.
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 08:57
mrokas
Käbirleriniň pikriçe goşgynyň nähilidir ýerleşmeli galyby barmyş menä goşgyny erkin sungat hasaplaýan. Esasy goşgy ýürekden çyksa ýüregede barar. Üstünlik awtor!

minnetdar
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 09:09
Bayker
Berekella gowy goşgy.

sagbol