Toýda aýdylan goşgy, Şahyrlarymyz okap düzediş girizmeli ýerini aýdyň

Saçak nygmat-nazly bolsun,
Toýyňyz aýdym, sazly bolsun,
Çagajyklar jagyl-jugyl
öýüňiz ogul gyzly bolsun,

Noguldyr, nabat seçilsin
Gujagyňyz giň açylsyn,
Size rysgy beren Alla,
egsilmez bagt eçilsin,

Gyzyň başy burulmasyn,
Ýigdiň ýüzi saralmasyn,
Hiç bir zada mätäç bolmaň,
Äber diýip, soralmasyn,

Mal garalar egsilmesin,
Myhman yzy kesilmesin,
Saçagyňyz dоly bolsun,
Gyz gelinler kosenmesin

Toý tutulsyn, gelin gelsin,
Rysgy, bagty bilen gelsin,
Gelnine işi öwretmesin,
Gaýyn gelinden öwrensin,

Ýoluňyzda çäge bolsun,
üsti doly çaga bolsun,
goý olara guwanara,
ene, ata, baba bolsun,

Ogulyňyz ata bolsun,
Agtyk başy gaty bolsun,
wagt tapmaň garramaga,
içinde bir beti bolsun,

Bagtyňyz joşup , daşsyn,
Çagaň sany ondan aşsyn,
Gündiz işläp ýadasalar
Gije hüwdi aýdyp geçsin,

Duşman oky gezelmesin,
Maşgalaňyz bozulmasyn,
Zähmet bolsun çekýäniňiz,
Garbanyňyz gyzyl bolsun,

Her maşgalaň däbi bolsun,
Gaýyn gelin äbe bolsun,
Her kim öz ýolun akmasyn,
Bir kapitan, bir gämi bolsun.

Arzuwym şeýle söz bolsun,
Gaýgy gamyňyz azalsyn,
Bagtyňyz goý çogyp çyksyn,
Il-gün sizlerden göz alsyn.
R.Mämetgurbanow .
3 лайков 529 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
21 май 2022, 00:11
Goşgy ýazmak üçin ilki bilen goşgynyň tehnikasyny ele almaly. Bogun san, rifma, stopalar... Bulary öwrenmek üçinem Öde Abdyllaýewiň "Edebiýat teoriýasynyň esaslary" kitabyny maslahat berýän. Galyberse-de, beýleki gowy şahyrlaryň goşgularyny ünsli okap, olaryň tehniki taraplaryny özleşdirjek bolmaly. Garaz, köp okamaly, az ýazmaly. Başarsaň-a, ýazmaly däl asyl!)
Telwas
21 май 2022, 00:12
Saçak nygmat-nazly bolsun,
Toýyňyz aýdym, sazly bolsun,
Çagajyklar jagyl-jugyl
öýüňiz ogul gyzly bolsun,

Toýlar* we öýler* diýseňiz gowy bolar.
Telwas
21 май 2022, 00:13
Hiç bir zada mätäç bolmaň,
Äber diýip, soralmasyn,

Äber* sözi gelşiksiz.
Telwas
21 май 2022, 00:16
Soňky bentlerindäki kemçilikleri aýtmaga ýaltanýan. Aýyplaşmaň!

Ellerňize güller bitsin!
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 00:21
Pegas
Goşgy ýazmak üçin ilki bilen goşgynyň tehnikasyny ele almaly. Bogun san, rifma, stopalar... Bulary öwrenmek üçinem Öde Abdyllaýewiň "Edebiýat teoriýasynyň esaslary" kitabyny maslahat berýän. Galyberse-de, beýleki gowy şahyrlaryň goşgularyny ünsli okap, olaryň tehniki taraplaryny özleşdirjek bolmaly. Garaz, köp okamaly, az ýazmaly. Başarsaň-a, ýazmaly däl asyl!)

gowy maslahat, ýöne pdf format barmydyr, aýdýan şahyrlaryň, Seýitmyrat Geldiýewiň kitabyny tapmadym, Öde Abdyllaýewi gözläp taparyn, Nobatguly Rejepowyň goşguly gitabyny aldym başga kimiň goşgularyny salgy berersiňiz, umuman men düzmek islemesemde haýyş edýäler, aý näme o diýen ukybym bolmasada, özümçe düzen bolýanda, şonuň üçin goşgy düzjek bolsam kada- kanunyny bilsem gowy. Elbetde poýeziýa düşünýän adam kabul edenok, ýöne toý tommukda aýdylan setirlerdä
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 00:23
Nirvana
Saçak nygmat-nazly bolsun,
Toýyňyz aýdym, sazly bolsun,
Çagajyklar jagyl-jugyl
öýüňiz ogul gyzly bolsun,

Toýlar* we öýler* diýseňiz gowy bolar.

buda dogry, pikir ýöne bir toýa bagyşlap aýdylan soň toýuňyz diýip aýdaýdymda
Pegas
21 май 2022, 00:33
Seýitmyrat Geldiýewiň entek kitaby çykanok.
Atamyrat Atabaýew, Italmaz Akmyradow, Mämmetnazar Babanazarow, Italmaz Nuryýew, Atajan Annaberdiýew, Amandurdy Annadurdyýew, Çary Ýegenmyradow, Ahmet Gurbannepesow, Şähribossan Geldimämmedowa, Oguljennet Bäşimowa... Kän gowy şahyrlar.
Esma
21 май 2022, 00:38
Remezan,
Edebiýatda şugyr sungaty poeziýa iň naýbaşy görnüşleriniň biri. Gözel Şagulyýewa aýtmyşlaý: "Saly gowşaga şygyrda orun ýokdur" diýýär. Toý üçinem bolman durmaz welin. Goşgy okyjynyň, diňleýjiniň ruhyna täsir edip bilmejek bolsa. Onda oňa goşgy diýmek birhili bolaýmada.
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 00:41
Pegas
Seýitmyrat Geldiýewiň entek kitaby çykanok.
Atamyrat Atabaýew, Italmaz Akmyradow, Mämmetnazar Babanazarow, Italmaz Nuryýew, Atajan Annaberdiýew, Amandurdy Annadurdyýew, Çary Ýegenmyradow, Ahmet Gurbannepesow, Şähribossan Geldimämmedowa, Oguljennet Bäşimowa... Kän gowy şahyrlar.

Sagbol öňräk agza bolaýmaly ekenim, ýaňky kitaby aldym, gowy ekeni Bilýäňmi men Kerim Hallada şu goşgulary okap düzediş ber diýdim imoda, jogap bermedi, Sona Ýazowa bn Gözel Şagulyýewa kömek berdi, ýöne doly bişmeli köpräk oka, Ezizowanyň Goşgulary ýaly ýazjak bolýaň ol saňa entek başartmaýa ýeňiljek ýazyber diýipdiler
Mümkin
21 май 2022, 06:12
Remezan,
Salam!Ezizowa kim?
Poçtañyz barmy? Men size Kakamyrat Rejebow bilen Seýitmyrat Geldiýewiñ word formatyndaky goşgular toplumyny ugradaýyn.Aşyr Hanowyñ pdf kitaby kitaphana saýtynda bardyr.Maslahatym::Bir şahyryñ döredijiligini özleşdirmän beýleki şahyra geçme.Nobatguly agany gowy edip oka,özleşdir,onsoñ Kakamyrada ýa Seýitmyrada geç.
Ýene bir maslahat:Kerim Hallyñ döredijiliginden gaça dur!!!
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 07:40

Ýalňyş gitdi, Gurbannazar Ezizow diýjek boldum, we Hudaýarow Deňli halypa şahyrlardan çagalar üçin düzýädi, aýryldy şu wagt, şoňa görkezenimde, goşgyňy uzyn düzme gysgajyk çuň many bersin diýdi, Süleýman Ilamanow goşgyňy çapa çykartmakçy dälmiň diýip, birki gezek aýdypdy, Gözel Şagulyýewa görkezen goşgymy erte goýaryn häzir limidim doldy, olaryň beren maslahaty, Sona Ýazowa ikisiniň beren maslahaty meňseşdi
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 07:45
Mümkin
Remezan,
Salam!Ezizowa kim?
Poçtañyz barmy? Men size Kakamyrat Rejebow bilen Seýitmyrat Geldiýewiñ word formatyndaky goşgular toplumyny ugradaýyn.Aşyr Hanowyñ pdf kitaby kitaphana saýtynda bardyr.Maslahatym::Bir şahyryñ döredijiligini özleşdirmän beýleki şahyra geçme.Nobatguly agany gowy edip oka,özleşdir,onsoñ Kakamyrada ýa Seýitmyrada geç.
Ýene bir maslahat:Kerim Hallyñ döredijiliginden gaça dur!!!

muňa düşündim Kerim Hally barada, öz deň-duşlarym bnem çekeleşipdim, G. Ezizow bn deňediler, men bolsa, Ol şahyrlaryň basan yzyçada däl diýdim, El poçtam bar, rmametgurbanow@gmail.com eger imodan kömek etseň 62170536 men goşgy düzmäge mejbur edýän bar, poýeziýanyň kadasyndan çykmaýyn, kömek ediň minnetdar ähliňize
Mümkin
21 май 2022, 11:08
Imodan goşardym welin idilli işlänok-da agam.Poçtaña ugradaryn.
Kim mejbur edýär düzmäge?
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 11:54
Mümkin
Imodan goşardym welin idilli işlänok-da agam.Poçtaña ugradaryn.
Kim mejbur edýär düzmäge?

Çagalarym, mugallym we bir gyz jigim okap ýör, telewideniýä çykýa şonda, men ýetişemok, bir temadan düzüp ber diýýä, garaz ondan talap üç bolsa, birini maňa ýüz tutýa
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 12:11
Remezan
Mümkin
Imodan goşardym welin idilli işlänok-da agam.Poçtaña ugradaryn.
Kim mejbur edýär düzmäge?

Çagalarym, mugallym we bir gyz jigim okap ýör, telewideniýä çykýa şonda, men ýetişemok, bir temadan düzüp ber diýýä, garaz ondan talap üç bolsa, birini maňa ýüz tutýa

El poçtatdan göýberseňem bolýar, maňa gaty kömegiň gerek
Mümkin
21 май 2022, 13:32
Remezan,
Şol diýýänlerimi ugradaryn poçtadan.
Öwreniji
Автор 21 май 2022, 13:46
Mümkin
Remezan,
Şol diýýänlerimi ugradaryn poçtadan.

minnetdar, menem özümçe hekaýa ýazjak bolýan ýa ýaltalyk edýän ýada çeperçiligim ýetenok, şol sebäpli näme etjegimi bilemok, şondan maňa juda kömegiň gerek