Massimusyñ hekaýasynyñ yzy

Dostumyñ janykmalarynyñ halys öñünde durup,ýüzünden geçibilmedimmi, ýa-da "Berenden al,urandan gaç!"diýip ata-babalarymyzyñ edil şu ýagdaý üçin bolmasa-da umuman ündäp giden nakylyna uýdummy,nämemi,elgaraz men dostumyñ söýgülisiniñ telefon belgisini aldym.
Ertesi ol diýen höwesli bolmasamam,şu pursatdan soñ ýakyndan tanyş boljak nätanyş belgime jañ etdim.Añyrdan belli aýdymçyñ "Sözleri içgili halda ýazyldymyka?!"diýdirýän aýdymy eşdildi:

"Gije sagat 3-de gel,
Penjiräni aç-da gel,
Eneñ-atañ duýmasyn,
Haýatdan aş-da gel!"

Aýdymy diñläp,sussupesligim zym-zyýat boldy.Munuñ bilenem galman, hamana diýersiñ,häziriñ özünde haýatdan aşyp, gyzyñ öýüne girip barýan ýaly keýpim göterildi."Bäh,bu gyz gudogy-pudogy bilen çagyryş eken-ä, how! diýip,içimi gepletdim.
Aýdymçynyñ "Çagyryş sözlerini" iki öwre diñlänimden soñ telefondan inçejik,gulaga ýakymly zenan sesi geldi:
-Aloooooo!
"O"sesi şeýle bir süýndi welin,ýyldyzlaram ömründe beýle süýnüp gören däldir.Gyzdan kem galmajak bolup sesimi näçe inçeltsemem,barybir tagaşyksyz çykdy:
-Alo!
-Kim siz?
Özümi tanyşdyrdym:
-Men Aşyrgeldi.Gysgaça Aşok diýýärler.
-Ýeri,şomyşyñ-da,meni nireden tanaýañ?
Men gönümel bolmaly diýen aýgyda geldim.
-Maña dostum Myratberdi,ýagny Mapby belgiñi berdi.Dostum jomart oglan."Söýgülimi paýlaşjak!" diýdi.
Gyzdan ses-seda çykmady.Menem onuñ özüni dürsemegine garaşdym Iki-üç minutdan soñ gyz gepledi:
-Aşooooook!
Wah,bu gyzyñ "o"sesini süýndürmäge beýle ökde bolaýşyny!
-Sözle,gowjam!
-Onsooooooñ,señ meñ bilen gürleşesiñ gelýärmi?
-Gelmezmi,onda-da neneñsi.
-Sen meñ adymy bir bilýäñmi?
-Aýtsañ,bilerin akyl!
-Aýtsam,adym Akpamyk!
-Wah,adyña döneýin,señ adyñam sesiñ ýalyjak pamykda eken-ä.
Gyzyñ owadan gülküsi gulagymda ýañlandy.
-Aý ogloooon,sen mydama-da şeýle degişgenmi?
-Señ söýgiñ meni şeýdýär,bally buzgaýmagym!
Gyz "Haçan söýüp,haçan köýüp ýörsüñ?" diýmäñ deregine,özüne ýüzlenşimi geñledi.
-Waý,bally buzgaýmak diýäýdiñmi?
-Howwa.Meñ söýgülilerime ýüzlenenimde tutýan üýtgeşik atlarym bar.Meselem,öñki söýgülilerimiñ birine "Alwiýa saladym" birine "Şokoladly tortum"diýýärdim.
Gyz öñküsindenem güýçli jak-jaklady.
-Olara näme üçin beý diýdiñ?
-Hersiniñ bir sebäbi bar.Meselem "Alwiýa saladym" diýýän söýgülim mydama naharlar hakda gepläp işdäñi açardy.Menem oña işdäaçaryñ adyny dakdym."Şokoladly tortum"diýýänim bolsa edil tort ýaly,gepi-gürrüñi aşa süýji,ýöne kän diñleseñ ýüregiñi bulaýar.Torty kän iýseñ,ýüregiñi bulaýşy ýaly-da.
-Onsooooñ,maña näme üçin "Bally buzgaýmagym"diýýäñ?
-Sebäbi sen,şeýle bir näzlije welin,edil buzgaýmak ýaly eräp-akyp barýañ.
Gyz bu sözlerimi eşdip,öñküsindenem bäş beter näzirgäp ugrady.
-Aşoooooook,sen gaty romantiçnyý oglan ekeniñ.
-Romantiçnyý diýen diliñden aýlanaýyn,bally buzgaýmagym!
Biz ikimiz şeýdip süýjeşip-suwjarşyp laýyk bir hepde jañlaşdyk.Her jañlaşanymyzda gyz öñküsindenem beter näzli bolýardy,men öñkümdenem beter aşyk bolýardym.Şeýle süýji söhbetler soñabaka meni kanagatlandyrman başlady.Maña indi näzlije Akpamygyñ didaryny görmek gerekdi.
-Bally buzgaýmagym!
-Aýt,Aşoooook!
-Sen gijeler düýşlerime girýäñ,ejem aýdýar,däli ýaly öz-özüm gülüp ýatyrmyşym.Irden turamda bolsa onuñ düýşdügini bilip,gussa batýan.
-Nädip borka?
Men "Amatly pursat gelen bolsa gerek"diýdim-de, küýsegimi aýtdym.
-Nätmelisi ýok.Ikimiz duşuşmaly.
Akpamygyñ näzirgeýän sesinde assa-ýuwaş tolgunmany saýgardym:
-Aý oglooooon,meñem seni göresim gelýärdi welin,aýtmaga utanyp ýördüm.
-Wah, utanjañja buzgaýmagym!Haçan duşuşýas onda?...
Şeýdip,gyz bilen duşuşyk günümizi belleşdik.Gün batyp,öýli-öýüne köwlenip,aýak ýygnananyndan soñ Akpamyklaryñ obasyndaky ýeke tuduñ aşagynda ýel berlen şar ýaly iki ýana gaýmalap gyza garaşmaga durdum.Şeýdip,näçe wagt duranymy bilemok,bir seretsem añyrdan gözagyrysy ýaly bolup,dolmuş göwresiniñ agramyny haýsy aýagyna atjagyny bilmän birde o gapdala,birde bu gapdala ykyp,dostum Mapby gelýär.Men "Gorkan öñürder"etdim.
-Ýer-ow dost,eýgilikmi?
-Eýgilik bolman näm bolsun?!Duşuşyga geldim.
-Duşuşyk?! Kim bilen?
-Akpamyk bilen.
Meniñ ujypsyzja beýnim heniz Mapbynyñ aýdanlaryny kabul edip,ýetişmänkä añyrdan ýedi sany garanyñ bize tarap gelýändigini saýgardym.
-Dost,bular kim?
Mapby janhowluna pyşyrdap gaçmaga başlady:
-Bular Akpamygyñ agalary.Gaç,dost,gaç!
Men "Haý,adym Akpamyk diýende gorkmalydym."diýip başymy ýaýkap gaçmaga başladym.On ädim ätmänkäk,Akpamygyñ daýaw,eginlek agalarynyñ berdaşly gollary bizi tutdy.Soñam näme edil,awyna ökde mergenler ýaly gözümizi,böwrümizi nyşana alyp,jaýdar urgular bilen saýgyladylar.
...Birhaýukdan soñ gözümi açyp görsem,eşiklerim sal-sal.Böwrümiñ agyrysyna çydap durup bilişime özüm haýran.Men bolanlaryñ ýeke-täk günäkäri hasap edýän kişim - Akpamyga jañ etdim.
-Alooooo!
-Akpamyk!
-Hany "Bally buzgaýmagym" diýýärdiñ-le.
-Bally buzgaýmak ýada düşenok,how şuwat.Näme üçin beýtdiñ sen?
Akpamyk hiç zat bolmadyk ýaly dillendi:
-Siz şoña mynasyp-da.
-Aý,señ belgiñi berip "Gürleşdirjek"diýen Mapby ahyry,how.Mende näme günä bar?!
Akpamygyñ bu gezekki näzirgeýän sesi goýberen uly ýalñyşyma düşünmegime getirdi.
-Söýgini deñ paýlaşýanlar urgynam deñ paýlaşarlar.


@Mümkin
5 лайков 253 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 21 май 2022, 10:31
Teswire sygmady.Yzyny dowam etjekler şu ýerde dowam eder-dä...
ajy
21 май 2022, 10:49
wooo, ine ine bet bolupdur. Ymshuñ yzyny mässimüs hem beyle pikir eden daldir
ajy
21 май 2022, 10:49
şo mapby mãssimüsmikà ýa ?
Hiayress
21 май 2022, 11:13
Ajaýyp bolupdyr. Berekella!
Nazar
21 май 2022, 11:16
Mümkin,
Hay hay tas gullurip olduripdiñ Belkijann senin doredijiligiñe telpek wi Respect :))
Massimus
21 май 2022, 11:31
Mümkin,
Haý, bally buzgaýmak, bet bolupdyr, elleriňe güller, hekaýaň dowamy başgaçady aslynda, ýöne şu wariantda galybersin, gowy ýazypsyň...
Öwreniji
21 май 2022, 11:41
Mümkin
Teswire sygmady.Yzyny dowam etjekler şu ýerde dowam eder-dä...

Aý ol näzli ýazylşa gaty jomart eçilipsiň, ýöne ýedi agasynyňam jomartlygy az däl, kitaply yzyny dowam etmäde bir uç goýaýmalydyň, gowy durmuşda bolaýjak hekaýalardan eken, sagbol
Esma
21 май 2022, 12:24
Gyzyklyja hekaýa bolupdyr.
Hiayress
21 май 2022, 12:26
Remezan,
Dogry aýtýaň, hekaýany jemläpdirde, sizem yzyny ýazyp bilseňiz ýazaýyň diýip goýupdyr. :((
Mümkin
Автор 21 май 2022, 13:10
Remezan,
Hiayress,
Dowam etse bolar.Meselem,Aşok Akpamyga özüni bagyşlatmaga synanyşyp biler,Mapby bilen ikisi urşup biler.
Ahmet
21 май 2022, 13:11
Hekaýaň başyny nirden okap bolýar? Bilýäniňiz aýdaýyň ýa ssylkasyny goýaýsaňyz... Öňünden minnetdar! Edil şu seriýesä gyzykly eken, başyny okasym geldi onsaň.
Mümkin
Автор 21 май 2022, 13:12
Remezan,
"Aý,ol näzli ýazylşa gaty jomart eçilipsiñ"diýen ýeriñe düşünmedim.
Mümkin
Автор 21 май 2022, 13:13
Massimus,
Señ kelläñdäki sýužeti nähilidi agam?
Mümkin
Автор 21 май 2022, 13:24
Ahmedik_97,
Başy gysga bolmaly.Goşgyçylañ toparyna girip görseñ yzyny dowam etmeli diýip ýazylandyr.
Öwreniji
21 май 2022, 13:39
Mümkin
Remezan,
Hiayress,
Dowam etse bolar.Meselem,Aşok Akpamyga özüni bagyşlatmaga synanyşyp biler,Mapby bilen ikisi urşup biler.

menem pikir etdim. nokat goýanyň bn durmuş gutaranok hekaýany awtor gutarmaly dogry aýtdyň
Telwas
21 май 2022, 13:40
Daş edipsiň, örän gowy. Berekella!
Öwreniji
21 май 2022, 13:41
Mümkin
Remezan,
"Aý,ol näzli ýazylşa gaty jomart eçilipsiñ"diýen ýeriñe düşünmedim.

özüň gyzyň waspyny ýetiripsiňä, o harpy sündirişini, suratlandyrypsyň welin men okap oturşyma gulagyma sesi eşidilen ýaly boldyda.
Öwreniji
21 май 2022, 13:42
Ahmedik_97
Hekaýaň başyny nirden okap bolýar? Bilýäniňiz aýdaýyň ýa ssylkasyny goýaýsaňyz... Öňünden minnetdar! Edil şu seriýesä gyzykly eken, başyny okasym geldi onsaň.

Hekaýa bölüme gir ýada üns beriňde bardyr teswirlerde