Jomartlyk 4
...Esli salymdan soñ başujymda jyññyrdaýan telefon sesine özüme geldim.Ilki bilen duýan zadym iki gözümiñem mazaly awuşaýanlygydy.Akpamygyñ agasy artykmajy bilen eýimi ýetiren bolsa gerek.
Hiç kim bilen gepleşesim gelmese-de,telefonyñ jyññyrdaýan sesine çydam edip bilmän ekrana seretmezden jañy aldym.Añyrdan hut şu agyr ýagdaýa düşmegimiñ ýeke-täk sebäbi bolan näzlije ses eşdildi.
- Aşoooooook!
Gulaga ýakymly sesi eşdip,gaharym ýatyşyp ugrasa-da,durnuklylygymy saklamaga synanyşdym.
-Jañ etme, how, maña,nämä jañ edýäñ?
Akpamyk meniñ gaharlysyramagyma "Diýýämiñem" diýmedi.
-Agam saña durmuşa çykmaga razylyk berdimi onsoñ? Toýuñyz haçan?
Akpamygyñ jak-jaklaýan sesi telefonyñ ses tolkunlaryndan çykyp,edil gapdalyma gelen ýaly ýañlandy.Eý-ho,bu gyzyñ gülküsiniñ owadandygyny! Bir söz bilen ajaýyp!
-Eý,sen bar-a,meñ bilen işiñ bolmasyn eşitdiñmi? Menem indi señ adyñy tutaýsam namartdyryn.
Birdenkä-de, gyzyñ näzli sesine ýalbaryjylyk äheñi çaýyldy.
-Aý oglooooon,öçürmäý-dä telefony.
-Näme üçin?
-Men indi düşündim.Sen meni tüýs ýürekden söýýän ekeniñ.
Gulaklarym nämeler eşidýär? Akpamyk meniñ bilen kejeleşmäni taşlajakmyka? Çyndanam düşündimikä söýgime?
Meniñ gaharym hut şol pursata çenli eken.Akpamygyñ näzli pyşyrdylary böwrümdäki,gözümdäki agyrylara emaý bilen aýasyny gezdirip,melhem çalýan ýalydy.
Şeýdibem,"Goý,ýansam ýanaýyn"diýdim-de oda golaýlaşdym.Akpamyk bilen jañlaşmalarymyz,söýgi söhbetlerimiz täzeden hatda öñküsindenem möwjäp dowam etdi.
-Aý oglooon,sen hem romantiçniý hem gaýduwsyz ekeniñ.
-Wah,señ söýgiñ şeýdýä-de meni.Sensiz galjakdygym hakda bir minut pikirlensem,dünýäm başyma ýumrulýan ýaly.
-Onsoooooñ?
-Onsoñ,maña ullakan güýç gelýär-de,gahrymana öwrüläýýän.
-Aşoooook,dogrudanam sen meniñ gahrymanym!
Süýji söhbetleriñ aklymy dälilik hetdine ýetiriberen günlerinde gyza ýene duşuşmagy teklip etdim.Ýöne "eşegimi berk duşamagam" ahmal etmedim.
-Ýöne öñkiñ ýaly agalaryñy ugradaýmagyn,eý.
-Bolýa.
-Söz berýän diý.
-Söz berýän agalarymy ugratjak däl.Boldumy?
Belleşilen gün geleninde hut mekdepden uçurym bolanymyzda geýen penjegimi geýdim.
-Señ munuñ entegem barmy? -diýip Mapby geñ galanlygyny gizläp bilmedi.
Duşuşyk ýerimize ýene wagtyndan ir gelipdim.Akpamygyñ diýlen wagtda gelmezligi gorkuzmanam duranokdy."Bu gyz ýene bir hokga çykaraýmasa ýagşydyr" diýip içimi gepletdim.Birdenem añyrdan edil "Mapbynyñ gyz görnüşimikä?" diýdirýän semiz göwre peýda boldy.Gyzyñ ýöreýşinde dolmuşlygyna gelişmejek çalasynlyk bardy.Özem edil ýitigini tapan ýaly ýyrş-ýyrş edýänligi,ýylgyranda ýañaklarynyñ öñküsinden bäş beter çişýändigi aramyzyñ daşdygyna garamazdan mese-mälim bildirip durdy.
Gyz gele-gelmäne:
-Aşoooook,salam! - diýdi.
Men geñ galanlygymy gizläp bilmedim.
-Salam,salam-la welin, sen kim?
Gyzyñ jogaby beýnimde ýyldyrym çakana döndürdi.
-Waý,bul oglany,tanamadyñmy Akpamyk men...
Dowamy bar...
@Massimus & @Mümkin

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.