"Jomartlyk" 2-nji bölüm

-A gyz,sen bar-a...diýenimem şoldy welin gürrüñdeşiñ gepleşigi gutardandygyny añladýan ses eşdildi.
"Diýmek, ýüzüme öçüren bolýañ-da, hä.Senjagaz dur entek" diýip,hüñürdänem bolsam,öýe gelenimden soñ oña bolan söýgim gaharymdan rüstem çykdy.Öz-özüme erk edebilmän meniñ üçin dünýädäki iñ mähriban belgä - Akpamygyñ belgisine jañ etdim.Telefonyñ añyrsyndan ýene çagyryşdan ybarat bolan,ýöne öñkä garanyñda gussaly aýdym ýañlandy:

"Küýsäp seni dañ atýança,
Garaşaryn gün batýança,
Ol gyz meñ bagtym däl eken.
Aglaryn ömrüm ötýänçä..."

Gaýtalamany iki öwre diñlänime garamazdan jañymy alan bolmady.Soñam adatdakylary ýaly ep-esli sekunt geçendigi sebäpli eden jañym goýbolsun edildi.
Aýdymyñ soñky iki setiri gamgyn ýüregimi has-da gussa çümdürdi.Göýä ol hesretli sözleri aýdymçy däl-de,hut özüm aýdýan ýalydym."Ah,Akpamyk!Bu aýdymy meniñ diñlemegim üçin goýduñmy?Senem indi bagtym bolman meni ömrüm ötýänçä aglatjakmy?"
Öz-özüm bilen gepleşip oturşyma ymyzganypdyryn.Düýşüme Akpamyk giripdir.Meniñ ony bir gezegem görmänligime garamazdan, Akpamyk mydama düýşüme şol bir hüýrsypat keşpde girýär.Uzyn boýly,inçe billi,akýagyz,ýuka dodaklarynyñ aşagynda kiçijik meñ bar.Ol gyzy bolşundanam gözel görkezýär.Edil asman hüýri.Akpamyk gyzyl,sary güllerden doly meýdanda aýakýalañ gezmeläp ýör.Gülleri işdämenlik bilen ysgaýar,kebelekler onuñ barmagyna gonýar.Men bolsa ýekeje otam bitmedik tekiz ýerde durun.Birdenem,Akpamygyñ maña gözi düşýär-de,gollaryny giñden açyp ,şol ýakymly sesi bilen gygyrýar:
-Aşooooook,gel!
Men onuñ ýanyna barmaga synanyşýan.Ýöne bary biderek.Öñümizde diwar peýda bolýar.Güýjümde baryny edip dyzaýan,dyzaýan bolanok...
-Agam,agam!
Dyzaýan,ellerim bilen diwaryñ ýüzüni kertýän...
-Agam,tursana!
Tanyş sese gözlerimi ýalpa açypdyryn.Görsem jigim Ýakup gaşymda,elinde-de buzgaýmak.
-Ýakup,bu näme boldugy?
-Buzgaýmak!
-Görýän,entek görejim peselenok.Dañ bilen meñ başujymda näme işleýäñ muñ bilen diýýän?!
-Agam,sen şuny iýmeli.
-Näme üçin?
-Ýañy ejem aýtdy.Sen düýşüñde "Bally buzgaýmak diýipsiñmi, mürepbeli buzgaýmak diýipsiñmi,garaz,buzgaýmak agzapsyñ.Ejem "Daña golaý görülen düýş oraşan bolarmyş.Agañ buzgaýmak iýesi gelendir.Git-de, getirip ber"diýdi.
-Muñ ýaly buzgaýmak gerek däl,how,hakyky buzgaýmak gerek maña.
-Hakyky-da şu agam.Özem iñ gymmaty.
Jigimiñ maña düşünmeýşine janym ýandy.
-Aý jigim,ýaş bolýañ,how ýaş bolýañ.
-Iýäýsene,agam.Ýogsam,ejem maña "Özüñ iýipsiñ"diýip käýýär.
Jigim aýagaldygyna maña buzgaýmagy iýdirjek bolýar,menem iýmejek bolýan.Ol iýdirjekden,menem iýmejekden.Men gaharyma Ýakubyñ elindäki buzgaýmagy ýere pylçap goýberdim.
-Al,iýdim,boldumy indi?!
Gözlerimdäki gahary gören jigim ylgap,bir ýandanam men baradaky gelen netijesini uly sesi bilen mälim edip, jaýdan çykdy.
-Ejeee,agam däliräpdir!
Onuñ yzysüre-de etek alty,ýeñ ýedi bolup ejem gapydan girdi.Gele-gelmäne-de, göýä bir syrly haty okajak bolýan ýaly gaharly göreçlerime dikanlady.Soñam ýakasyny tutdy.
-Toba!Hakyt gözünde bildirip dur,gyz!
Men allaniçiksi boldum:
-Näme bildirýär eje?
Ejem muşakgat ýagdyryjylyk wezipesini ussatlyk bilen ýerine ýetirip,bilýän ähli adatdan daşary belalaryny sanap ugrady.
-Seni al kakypdyr,yzyña gara düşüpdir,kakyn-silkin bolupsyñ,göz degipdir.
-Maña hiç zat bolanok,how,eje!
-Bolupdyr,gatam bolupdyr.Wah,gözümiñ ilki görenjesi!
Ejem mylaýym elleri bilen ýüzümi sypady-da,belalaryñ baryny bile sanaýşy ýaly alaçlarynam bile ýagdyryp ugrady.
-Seni tizden tiz molla okatmaly,Gaýtarmyş atañ ýoluna sadaka aýtmaly,on iki synaña on iki çörek paýlamaly,öwlüýä aýlamaly,gurşun dökmeli.
-Nämetseñ et,maña bir azar berme!
-Hany men Nartäç ejeñ bilenem maslahatlaşaýyn.Maña görä köpigören aýaldyr.
Ejem gelşi ýaly zowzanaklap çykyp gideninden soñ halynyñ üstüni buzgaýmakdan arassalamaga oturdym.
- Özüñe geldiñmi,how?
Ýeñsämden gelen sese hyrra yzyma öwrüldim.Seretsem sag gözüni gögerdip,çep aýagyny agsadyp Mapby işikden gelýär.Men ýylgyryp,jogap berdim.
-Howwa-laý.Özüñ nähili? Bolsa-da diñe bir tarapyña udar bermändirler,dost.Deñagramlylygy saklapdyrlar.
-Señem iki gözüñi gök nagyş bilen bezäpdirler.Ökde dizaýnerler eken.
-Aý,öz-ä gapyl galdyk dost.
Ýogsa-da sen näme üçin Akpamyk bilen duşuşjak bolduñ?Sen oñ bilen gatnaşygyñy kesmänmidiñ?
-Men oñ ýedi agasynyñ barlygyny bilen günüm arany üzdüm dost.Ýöne ine,düýn jañ edip,näzlije sesi bilen "Mapbyjan!"diýip pyşyrdady welin,duzagyna düşäýdim ýeserje gyzyñ.
-Asyl,şondandyr-la maña eçilen bolşuñ.
Mapby dolmuş ýüzündäki jaýtaryp duran gaşlaryny mekirlik bilen oýnatdy.
-Ýadyña düşýärmi,maña bergi edip,üzmändiñ.Bulam meñ ar alyş usulym-da.
Dostumyñ hilegär pirimini eşdip,gaharym ýetjek derejesine ýetdi.
-Haý,señ ar alyş usulyñ...diýip halyñ üstündäki buzgaýmagy ýüzüne çyrşadym. Munuñ bilenem çäklenmän ýumruklarymy berk düwüp,"reñklenmedik"çep gözüne çenendim welin,Mapby "Assa gaçan namart!"edip,semiz göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen gapydan çykdy.
Aradan az salym geçeninden soñ öýüne baran bolsa gerek,Mapby jañ etdi.
-Buzgaýmak süýji eken,dost!
-Işdäñ açyk bolsun!
-Dañ bilen buzgaýmak iýjek bolduñmy? Olam hiç welin halyda näme işi bar-aý buzgaýmagyñ?
-Uzak gürrüñ.Men Akpamyga "Bally buzgaýmagym!"diýerdim.
-Sen ol buzgaýmagy ýatdan çykar.Men saña başga buzgaýmaklar tapyp bereýin."Buzgaýmakdan ýadadym" diýseñ,Kinder suprizler,Snikers şokolodlar, Köke paýlar bilen tanyş edeýin.
Dostumyñ özelenmeleri bir gulagymdan girip beýleki gulagymdan çykýardy.Akpamygy undup bilemokdym.Uzakly gün nätmelidigi barasynda oýlandym.Ahyram düýnki gahar bilen aýdan sözüm göwnüme ýeke-täk çözgüt bolup duýuldy.
"Alyp gaçmaly.Halta salyp alyp gaçmaly!"

Ikinji bölümiñ soñy.

@Massimus &Mümkin

7 лайков 286 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
22 май 2022, 21:57
Temaňy pozsana meň temamy aşak süşürýär, hahaha
Leyli Amanowa
22 май 2022, 22:15
meň ejem bolanda derrew halydaky buzgaymaga gözi duserdi soň özumi hala pylçardy. Hudaya şukur gyz bolup dogulanyma yene bir gezek begenyän
Massimus
22 май 2022, 22:28
"Alyp gaçmaly. Halta salyp alyp gaçmaly!"
3-nji bölümde belki alyp gaçarys şo gyzy
Mümkin
Автор 22 май 2022, 22:34
Massimus,
Mendäki sýužetde alyp gaçýar ýöne...
Isleseñ,3-nji bölümini sen ýazaý,agam!
ajy
22 май 2022, 23:01
wah sho akpamygyñ asyl keşbi nàhilika)) gorsede halaman otyryberse aşok dostymyz)
Telwas
22 май 2022, 23:14
Bu hekaýaň ýazylmagyna sebäpkär bolanym üçin özümi diýseň bagtly saýýan. (:
S❤
22 май 2022, 23:15
Bu bolumem gowy bolupdyr. Ozem birhepdejik halasan gyzyny gorman etman alyp gacjak bolsa yzyndan bir gyzykly waka boljaga menzeya
ajy
22 май 2022, 23:21
Xyivenia_babayeva.,
hakykygyz)))
Mümkin
Автор 22 май 2022, 23:21
Nirvana,
Howwa.Munuñ üçin men öz adymdan saña minnetdar!
Mümkin
Автор 22 май 2022, 23:27
Agzalar!Hekaýamyza öz pikrini goşmak isleýänlerem ýazyp bilerler dowamyny.Men Fan B agzanyñ göwnüne degen bolmagymam mümkin kellämdäki sýužeti üýtgetmezlik üçin.Şeýle bolsa bagyşlasyn!
Ýöne indi beýle bolmaz.Her kim başardygyndan goşandyny goşubermeli.Fan B senem!
Öwreniji
22 май 2022, 23:35
ähliňize minnetdar okap, lezzet almak biz bn
Nazar
23 май 2022, 00:09
Mümkin,
Ziyany yok men öz wersiyamy hodurledim hemem yazyjylyk ukybymy barlap gordum :)
Massimus
23 май 2022, 02:35
Mümkin,
Mendäki sýužetde alyp gaçýar ýöne...
Isleseñ,3-nji bölümini sen ýazaý,agam!
Alyp gaçýan sýužeti has gyzyklandyrdy, dowamynam ýazaýda...
Şu sitatany nädip kopiýalap bolýa, şony bilibilmän geçdim..
Ayjahan
23 май 2022, 12:53
@Mümkin agza, şu hekaýaň 1-nji bölümini tapmadym..
Mümkin
Автор 24 май 2022, 11:12
AySa,
"Massimusyñ hekaýasynyñ yzy"ady bilen bardyr...