ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGINDEN

Geljegine umyt bildirilýän ýaş şahyr TIRKIŞ SAPBYÝEW 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginde dünýä indi. 2008-19-njy ýyllarda obadaky 15-nji orta mekdepde bilim aldy. 2019-21-nji ýyllarda
goşun gullugynda boldy. Size onuň käbir goşgularyndan ýetirýäris.



ADAM

Hiç kim üýtgeşik däl, alym bolanam
Biz ýaly adam.
Ýagşyzada däl-de, zalym bolanam
Biz ýaly adam.

Durmuşy söýenem
Biz ýaly adam.
Durmuşdan köýenem
Biz ýaly adam.

Onsoň nämüçin biz arzuwlarmyzdan
Özümizi juda saýýarys ejiz?
Kynçylykdan gorkup, umytlarmyzdan
Ýene öňküligi görýäris eziz?

Kynçylykdan gorkýanam
Biz ýaly adam.
Arzuwyna ýetýänem
Biz ýaly adam.

Il derdini çeken beýik ägirtler
Kynçylyk öňünde ýumşamadylar.
Baglaram boý aldy şitil çybykdan,
Sähel ýele asla gowşamadylar.

“Beýik bolmaz – diýseň
– Men ýaly adam”,
Beýik bolanlaram
Biz ýaly adam.

Şoň üçin öçürme kalbyňda körän,
Eden arzuwlaryň tutaşan odun.
Kynçylyk öňünde merdem bol örän,
Ýeňeris!
Ýeňenem biz ýaly adam.


DOST

Elinden tutaly biz-de ejizleň,
Eden ýagşylyklaň galar diňe, dost.
Ejize ganymlyk işi ejizleň,
Ynam ýok sanalgy dynjak deme, dost.

Gürsüldäp çep gursak, berdikçe ynam,
Ähli arzuwlara ýeteris, ynan!
Geljegmize zyýan etse-de ýaman,
Ýagşylyk edeli oňa ýene, dost.

Pespäl bolup gezeli biz ýer ýaly,
Bes etmäli ynsanlary söýmäni.
Durmuşda wepaly ýok ejeň ýaly,
Ýykylsaň, gynanjak ata-ene, dost.

“Näme iş bitirdiň geçen ömrüňe?”
Diýip sorag berýän käte özüme.
Ýürek diýýär: “Mynasyp bol özüňe”,
Iň uly iş adam bolmak diňe, dost.


OL GÜN

Ol gün şeýle gündi, gülýärdi güller,
Söwer ýar gelýärdi saýlanyp gülden,
Gözüme degende şol gara gözleň
Ýürek bir sekuntlyk urgusyz dymdy.

Sesini duýamda özüme diýdim:
“Seni görmezden öň nirdedim, kimdim?”
Ýüregime goşulyp ýüregiň deňdir,
Gülüşiň söýgimiň jogabyna deňdi.

Salam berdi, sesi şeýle bir näzik,
Öňünde dyz epmän durjak, wah, nädip,
Çep gursak gelýärdi kükregi ýaryp,
Ýüregiň uruşy birtüýsli geňdi.

Saçlaryň oýnadyp mymyk şemala,
Bir zatlar diýýärdiň ýakyn joraňa,
Belki, şol joraňdyr düşen arama,
Senli arzuwlarym uzaga eňdi.

Ol günden soň geçdi ençeme pasyl,
Düşünýän, bar arzuw bolanok hasyl.
Indi men ol günleň tutamok ýasyn,
Çünki beren söýgiň dertlerime emdi.
7 лайков 245 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
20 июн 2022, 17:51
1-nji goşgy ?
Esma
20 июн 2022, 19:42
Kynçylyk öňünde merdem bol örän,
Ýeňeris!
Ýeňenem biz ýaly adam.

Tüweleme, ýaş şahyra üstünlik diňe.
Kerbaba
20 июн 2022, 21:40
Тувелеме!!! XXl -асыр туркмен эдебиятына гошулмалы зехинин йузе чыкмасы дийип хасап эдйарин...Эе герек... Булар ялы зехинлере....Оразгулы Аннаевин хабары бармыка бу огландан?
Soho
20 июн 2022, 21:54
"Adam" gowy eken
Pegas
Автор 20 июн 2022, 23:08
kwadrat kelle
Тувелеме!!! XXl -асыр туркмен эдебиятына гошулмалы зехинин йузе чыкмасы дийип хасап эдйарин...Эе герек... Булар ялы зехинлере....Оразгулы Аннаевин хабары бармыка бу огландан?

Marynyň edebiýat birleşmesine işjeň gatnaşýar. Kakamyrat Ataýew dagy üns berýär ýörite.
Harmony
20 июн 2022, 23:49
Ýaşajygam bolsa, tüweleme. Iliň çagasa ot ýaly.
Öwreniji
21 июн 2022, 06:38
tüweleme gaty zehini güýçlije ekeni, şu oglan üýtgeşik şahyr bolup ýetişer
Kerbaba
21 июн 2022, 07:10
Огланы дил- эдебият угрундан окатмалы,зехининин койуп гитмегине ел бермели дал. Хоссарларам чынлакай алада эдаедирда
Öwreniji
21 июн 2022, 08:28
15-nji mekdep, demirýoluň ýanyndaky, öňki internadmy
Ötegçi
21 июн 2022, 12:29
Gowy