Entek ýok söýgülim üçin goşgy?


Bir çak kalbymda saňa söýgim örňän,
Sensiz günlerimiň manysy-da ýok.
Sesiňe, gülkiňe gulagym gurban,
Eşdip ýörsem owazyň, göwnümem dok.

Çagakam ejemiň hüwdi sesine
Uklasam-da, indi bary tersine,
Seň sesiň gerek, gijeleriň hersine,
Sen bolmasaň uklamajagymam hak.

Meň söýgülim örän-örän göwünjeň,
Gürrüň bersem bolaryn men öwünjeň,
Garaşaryn, meň ýanyma gelinçä,
Gel, söýgim, göripleriň içini ýak!

Islegim, bagtymsyň, ýene kän zadym...
Saňa tarap galdy ýekeje ädim,
Üýtgär nesip bolsa tizlikde "adym",
Çagalarmyza öz familýaňy dak!
23.02.2023
Aýgül Ýazweliýewa ?
4 лайков 454 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
23 фев 2023, 07:29
??? boljak çagalaryma öz adyñy dak, birhili dälmi?
picasso
23 фев 2023, 07:38
Oppaaaa
Jeksparro
23 фев 2023, 07:42
Remezan
??? boljak çagalaryma öz adyñy dak, birhili dälmi?


''Boljak çagalaryma islän adyň dak!'' diyjek bolandyr belki...
Pegas
23 фев 2023, 07:44
“Uýaljyrap, bolmak isläp aýalym,
Familiýamy arzuwlaýşyň ýadymda...”
Jeksparro
23 фев 2023, 07:54
Pegas
“Uýaljyrap, bolmak isläp aýalym,
Familiýamy arzuwlaýşyň ýadymda...”


gönülän bolup dis oklan bolýaňmy @Pegas! ?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 09:29
Remezan,
Hawa menem birhili gördüm-de, barbir üýtgetmedim, kawiçka alaýmalydym onam?! Şonda dürs bolardymyka? ))
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 09:32
Indi dürs boldumyka?)Remezan,
Bentner
23 фев 2023, 10:40
Bitmedik ýowşanyň duybunde dogmadyk towşan :)
Belki
23 фев 2023, 11:29
Boljak çaga näm üçin oñ ady dakylmaly ))
RelaX
23 фев 2023, 11:34
Söygilsine yetip blmedimler öz çagasyna dakya damai adyny
Yusup
23 фев 2023, 11:45
Yok soygulin ustunde urushmasanyz bolya
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:05
Belki,
Familiýasy manyda??‍♀️
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:05
setdars,
Bilmedim, şeýtýälermi)
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:11
Başgalaryň görmedigni görýäniňiz we aýtýanyňyz üçin minnetdar)
RelaX
23 фев 2023, 12:12
Aýgül Ýazweliýewa,
söýgi güýçli bolsa şeýtýäler diýip eşitdim
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:20
setdars,
Söýgi güýçli bolsa, näme üçin aýrylýalar?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:20
Söýgi-aýralyk diýmekmi ýa?
RelaX
23 фев 2023, 12:21
Aýgül Ýazweliýewa,
Hakykyy söýgi birek birege ýetip bilmese söýgi bolýan bolmaly
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:23
setdars,
Ýetenleriňki söýgi däl diýjek bolýanyzmy?)
RelaX
23 фев 2023, 12:24
Aýgül Ýazweliýewa,
söýgi welin türkçe bir söz bar düşünýän bolsañ "evlilik aşky öldirir diýip"
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:26
setdars,
Meniň eşdişim-ä görä bolsa, söýgi evlilikden soň başlaýar eken)
RelaX
23 фев 2023, 12:29
Aýgül Ýazweliýewa,
Näbileýin herkimde herhili ýöne söýgiñe ýeten soñ çagaña näme dakjak adyny şony aýtjak bolyan
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 12:31
setdars,
Familýa diýjek bolupdym, düzetdim soň)
RelaX
23 фев 2023, 12:34
Aýgül Ýazweliýewa,
Bolýa:))
Aksary
23 фев 2023, 12:58
Gijeler uklajakdällik ýaltanmasañ nace diýseñ tapyp bolýar.ozalky ýazylanlarda.
Aksary
23 фев 2023, 12:59
...gosgularynda söýgini 'taşlanan bakylyk' diýibem atlandyrypdyr
Aksary
23 фев 2023, 13:01
Aýgül Ýazweliýewa,
Owaz näme bolýar?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 23 фев 2023, 13:03
Aksary.,
Näme tapyp bolýar, düşünmedim?
Aksary
23 фев 2023, 13:04
Aýgül Ýazweliýewa,
Dùyn size şahsy hat ýazypdym jogap bolmady,mumkin bolsa jogaplañ
Aksary
23 фев 2023, 13:09
Aýgül Ýazweliýewa
Aksary.,
Näme tapyp bolýar, düşünmedim?

Kimdir biriniñ ýoklygy ýa bolmasa gelmaýanligi ucin gijeler ýatjakdäle meñzeş söz dùzümlerini ozalky ýazylan goşgularyñ köpusinde gabat gelmek bolyar.diymek bu diydigim tazecillik däl diýdigim.'APERIN'diýdirýän goşgylara synanyşsañyzlañ