owadan gargapdyraý

Okap ýazmadygyň üçin
Içiň geçsin söýgülim
Hüžžük-müžžük saçyň düşüp
Ýere gaçsyn söýgülim
Kraskaly maska ýüziň
Gotur açsyn söýgülim


Derläp banýa giren wagtyň
Swet öçsün söýgülim
Seni görenleriň senden
Göwni geçsin söýgülim
Çagajyklar däli diýip
Sögüp gaçsyn söýgülim


Bir naharyň çyg,beýlekiň
Gaty bişsin söýgülim
Onam dadyp ýetişmänkäň
Pişik içsin söýgülim
Düşmesede köp dilegim
Şular düşsin söýgülim: )


Turkmen_Gosgy!?
14 лайков 128 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.