"Söýgi goşgy"

Eger bir gün şaňlamasa gulagyň
bu dünýeden ötenimi bilginiň.
Guramanka mazarymyň topragy,
soňky gezek hoşlaşmana gelginiň.

Gelip ýuwaşjadan epseň dyzyňy
bir pursat ýatlasaň, söýen ýigidiňi,
diýersiň kim ýazar, kim okap berer,
soňlanmadyk söýgümiziň yzyny.

Garşyňda duraryn bakyp gözüňe
Aýralyk perdäni atyp ýüzüňe.
Şemal bolup seň saçlaryňy syparyn,
eşitseňde jogap bolmaz sözüňe.
10 лайков 263 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýläle
22 май 2022, 10:46
+++++
Nurmuhammet
Автор 22 май 2022, 10:47
Awtory kimkä,menem bilemok.
Aýläle
22 май 2022, 10:48
[b]nurmuhammet[/bbilemok
Nurmuhammet
Автор 22 май 2022, 10:49
sadaja,
bolya
Pegas
22 май 2022, 10:49
Awtory Halyl Kuly bolmaly.
Nurmuhammet
Автор 22 май 2022, 10:49
Pegas,
sagbolun bellap goyaryn
Pegas
22 май 2022, 10:52
Hemedany, Ezizowda beýle goşgy ýok.
Senyorita.
22 май 2022, 10:52
"Eger bir gün şyňlamasa gulagyň,
Bu dünýäden ötenimi bilginiň.
Guramanka mazarymyň topragy,
Birje gezek hoşlaşmaga gelginiň.

Gurbannazar Ezizow" - diýip durdy kartinkalaryň birinde.
ajy
22 май 2022, 10:53
howwa, kartinkada menem gurbannazar ezizow diyip görüpdum
Senyorita.
22 май 2022, 10:54
Ýöne Gurbannazar Ezizowyň goşgularynyň içinden tapmandym. Kimiňki bolanda-da gowy goşgy.
Nurmuhammet
Автор 22 май 2022, 10:54
mende mp3 gornusi ba. oglan okaya owadan edip
Pegas
22 май 2022, 10:56
Kartinkalarda ýazýanlar bilip-bilmän ýazýalar.
Öwreniji
22 май 2022, 13:23
Pegas
Awtory Halyl Kuly bolmaly.

Tüweleme, awtorlaryň ählisini tanaýaňda
Nurmuhammet
Автор 20 июн 2022, 05:39
aaaa