Ömrüme pent, Kerim Gurbannepesow, öýkünme

Kerim şahyr ýazan eken şeýle bent
Goýup giden eken ömrümize pent
Şol şygyra öýkünip, bagryndan em:p,
Halypalaň şygyrlarna uýup geç,

Okadyňmy oka, döret, dowam et,
Öwrenenňi öwrenjege kemal et,
Şeýdip gelip dursa ýene dowamat,
Hünär ýitmez, ylma hormat goýup geç,

Hünär öwrendiňmi, ýene bir hünär,
ýardamyny berer, ol Perwerdigär,
Käsi aňsat düşer, käbiri gynar,
kyn düşsede, kyn ýollary ýeňip geç,

Ömür gysga, ýol tap uzalar ýaly
Perzendiňe ganat gezeler ýaly,
Sen hakda ýagşy söz düzüler ýaly,
Ýagşylyk et halka...
hormat goýup geç.

Daýhan bol, çopan bol, bolgun merdana,
birini kiçeldip, goýma girdaba,
hyzmat etseň, berer rysgyň bir däne,
Nebse bökme, bary bilen oňup geç.
1 лайков 317 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.