Tanyşlyk / hekaýa
TANYŞLYK
Barly adamyň toýy özüňe belli, mähellesi ýetikdi. Öýüň içem, daşam toýa myhmançylyga gelen adamlardan doludy. Atarylan gazanlaryň sany-sajagy ýokdy, gazma ojaklar howlyň günbatarlygyna çenli uzap gidýärdi. Myhmanlara çaý-nahar çekilip, aýak üstünde ýören hyzmatdakylaryňam dyz-epere wagty ýokdy.
Magtymguly bu toýa hanyň çakylygy bilen gelipdi. Toý edýän köne dostlaryndandy. Oňa Şirli han diýýärdiler. Ol Magtymgjuly bilen deň-duşdy. Aslynda, Magtymguly Şirli hanyň atasy Buzly hanam gowy tanaýardy. Ol Magtymgulyny gowy görerdi, mahal-mahal öýlerine gelerdi. Ýöriteläp, Döwletmämmet aganyň goşgularyny diňlemäge gelerdi. Soňundanam: “Hany, köşek, senem birki sany goşgy okap ber! Öňki okan goşgylaryň maňa ýarapdy” diýerdi-de, onuň goşgusyny diňlemän turmazdy.
Şirli hanam atasynyň endigine eýeriip, soňky gezek olara toý çakylygyna geleninde-de şeýdipdi.
- “Görüstany gör-de, otur pikir eýle, Munda men diýenler ýatyr gum bolup” diýdiň, ýadyňdamy, şo gezek, Magtymguly? Seniň şol setirleriň bar-a, walla, maňa aýratyn täsir etdi. Şolar ýaly bir goşgyňdan ýene-de birjigini okap bersene?
- Diňlejegiň goşgy bolsun, Şirli han. - Magtymguly dostuna garap täzelikde ýazan bir goşgusyny labyzly okamaga durdy:
Asla adamzada ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Bahyla uçramaň, güler ýüz bermäň,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil.
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Garyplyk bir dertdir—adam öldürmez,
Öldürmese, dirilikde güldürmez,
It hem arryklygyn gurda bildiremz,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.
Magtymguly, şükür, şirin til berdi,
Sejerler gögerip, semer gül berdi,
Görogly Reýhana niçik ýalbardy,
“Amandyr” diýene diaýanat ýagşy.
- Berekella, ine, bu goşgyňam meniň göwnümden tudy.Walla, her sözüni gyzyla gaplaýmaly.
- Wagtyň bolsa, goşgy kän.
- Men bu ýere toý çakylygy bilen geldim. Geljek ýekşenbede toý edýäs. Ulujam Sabyr jany gözli-başly etmekçi. Nesip bolsa, şonda näçe goşgyňam bolsa diňläris. Bolmaýamy?
- Tüweleme, Sabyr jan ýigit çykaýdymy? Oglum Mollabäbek bilen bir ýylda doglupdy. Hawa-la, “Iki aýakly, iki günde” diýleni. Wah, Mollabäbegiň ömri gysga boldy.
Magtymguly ýüzüni kesä sowdy. Şirli han kyn ýagdaýa düşdi. Oturybam, turubam ugry bolmady. Ara düşen böwşeňligi ýene-de Magtymgulynyň özi bozdy.
- Toý tutup, ogul-gyzyňy gözli başly etmek, her bir ata-enäň boýnundaky borjudyr, gardaş. Oň bolsun, Sabyr janyň toý çaýyndan içilmese namartlyk bolar. Hökman bararyn. Toýuň gutly-mübärek bolsun!
- Sag boluň, gardaş.Ahala-da, Balkan iline-de çakylykçy iberildi. Biz saňa garaşarys.
Magtymguly Şirli hany ugradansoň, içini gepletdi. Şo dem:
“Çagyrylan ýere bar, otur-da turma,
Çagyrylmadyk ýere, barma, görünme” diýen täze bir şygyryň setirleri serine doldy...
Magtymgulynyň Garrynohura ilkinji gelşidi. ”Şahyr halky synçy bolar” diýleni hak çykdy. Ol töwerekdäki ähli zady, birlaý diýen ýaly syndy. Synladygyça-da ol bu obanyň gurluşyny ertekilerde gabat gelýän täsin bir özboluşly sungata meňzedýärdi. Birentek ýaşaýyş jaýlary depäň ýüzünde salnypdy, özem ylla el bilen biri-biriniň üstünde goýlan gurjak mysaly, uzaklardanam seleňläp görünýärdi..
Oba ululy-kiçili dagdyr gaýalaryň, çar baglygyň ortasaynda ýerleşýärdi. Uly obany deň ikä bölüp geçýän çeşme çaýy özüniň melhem suwundan ähli zatdan öň başy asmana ýetip duran goja çynarlaryn suwsuzlygyny gandyrýardy. Hanyň küňreli howlusy hem obanyň ortasynda ýerleşýärdi. Howlyň tutýan ýeri, tas obaň ondan biriçe bardy. Hatar gurnalan jaýlar, howlyň daşyndaky gözenekli germewler özboluşlyja bir kiçijik şäheri ýadyňa salýardy.
Asyl, şular ýaly giň küňreli howla Magtymguly Hywa ýurdunda köp duş gelipdi. Olaryň gurluşygynda işleýän ussat binagärlere gözi gidipdi. Öz ilinde-de şular ýaly öýleriň gurulmagyny arzuw edipdi.
Şirli hanyň jaýlary hywaly beg-hanlaryň jaýlaryndan pes däldi, üýtgeşik salnandy. Barly adamlar aglaba, jaýlaryny bişen kerpiçden salynýardy. Bu obaiň jaýlarynyň artykmaç tarapy gaýalardan goparylyp getirilen ýylçyr daşlardandy, özem birgeňsi edilip örülipdi.
Toýuň şowhun-şagalaňy artypdy. Magtymguly bir çetde oturyp, çaý içýärdi. Töwereginde oturanlar bolsa obaň kileň ýetginjek ýigitleridi.
Bu mahal oba bagşysy joşup-joşup aýdym aýdýardy. Mahal-mahal maňlaýynyň derini sylyp, ýaryşa goýberlen bdewleň üstündäki çapar ýaly, töwerek-daşyna ser salýardy, galkyjaklaýardy.
Magtymgulynyň bagşyny gören dessine, sulhy alypdy. Aýdymlaryny diňläp durşuna, golaý gapdalynda egin-egne berip oturan ýigdekçä sorag bereninem duýman galdy.
- Inim, bu bagşa kim diýerler? Tanaýarmyň?
- Hawwa, tanaýan. Oňa Allaberdi beg diýýärler. Ol şul obaly, hem bagşy hem şahyr.
- Şahyrammy?
- Onda-da nähili şahyr. Özem Durdy şahyryň pata bereni. Siz Durdy şahyry tanaýaňyzmy? Ol obamyza ýygy-ýygydan gelýär.Ol bir gün obamyza gökleňleriň Magtymguly şahyryny hem getirjegini aýtdy.
- Hawwa-la, Durdy şahyry bu jelegaýda tanamadyk barmy? Uludan-kiçi tanaýar. Ol hakyky hakdan içen şahyrdyr. Biziň Etrege-de kän barýar. Ýöne, ine, siziň Allaberdi beg bagşyňyzy welin, ynan, ilkinji gezek görşüm. Hem bagşy hemem şahyr.
- Siz haýsy obaly borsuňyz, agam? Uzakdan geldiňizmi?
- Etrekden, Şirli baýyň atasy Äraly hanyň obasyndan. Äraly hanam ir wagtlar şu obadan biziň obamyza göçüp barypdyr eken. Onsoň biz Şiraly ikimiz çagalykdan bile ösüp ulaldyk.
- Siz näme kär edýäňiz, agam?
- Kümüş ussasy, agşamlaryna bolsa oglan okadýan.
Şondan soň olaryň arasynda gürrüň bolmady.
Allaberdi beg aýdymyny boldum etdi. Dutaryny mahmal gabyna salyp, gapdalynda goýdy.
- Sag bol, bagşy!
- Sag bol, begim, aýdym diňlemänimize esli wagt bolandyr. Soňky sapar Gandym baýyň toýunda Wara bagşyny diňleýşimiz. Ondan bäri niçe ýyl dolandy.
- Dogry aýdýaň halypa, baý-beg toý edäýmese, bul obada aýdym aýtdyryp, saz çaldyryp, märeke güýmejek adam ýok.
Kim bagşa sag bolsun aýtdy, kimse aýdym-sazdan söz açdy. Soň welin birsellem dymdylar. Ara düşen böwşeňlikden soň, gezek oba şahyrlaryna ýetdi.
Magtymguly olary hezil edip diňledi. Allaberdi beg bary-ýogy bir goşgy okady, başga-da iki-üç adam goşgy bilen çykyş etdi. Şo mahalam bu ýere toý eýesi Şirli han geldi. Ol bagşyň serpaýyny gowşurdy-da, göni Magtymgulyň oturan ýerine gaýtdy.
- Dostum—diýip, Magymgulynyň halyndan habar aldy. -- Neneň çaý-naharyňa seredilýämi, sen myhman dälsiň, gerek zadyňy buýur, getirerler. Özüňem biliňi guşa. Uzakly gijeläp, biz diňe seniň goşgularyňy diňlejekdiris.
- Sag bol, meni gaýgy etme.ähli zat bar. Tüweleme, toýuň kemi ýok. Goşgyny welin alada etme.
Şirli han gidensoň, Magtymgula golaý oturan, onuň bilen hälki gürrüňdeş bolan ýigit dillendi:
- Agam, sen şahyrmy? Hany, kümüş ussasy diýdiňiz-ä!—diýip, ýüzüne köp manyly garady.
- Bagyşla, inim. Sen meniň kärimi soradyň, menem saňa jogap berdim. Onsoňam şahyrçylyk kär däldir, ol her bir adamyň zehin-başarnygyna bagly bir pişedir.
- Munça bolanyna görä, adyňyzam aýdyň. Size kim diýip ýüzlenmeli?
- Maňa öz ilimde Magtymguly şahyr diýýärler, Pyragy diýip ýüzlenýänlerem bar.
- Magtymguly Pyragy! Eger siz hakykatdanam gökleň şahyry Magtymguly diýilýäni bolsaňyz, hemme kişi, hatda menem iki-ýeke goşgularyňyzdan bilýän:
Aklyň bolsa, ýagşylarga hemdem bol,
Akmak özün nadan bile ýar eýlär.
Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn,
Bir görsem diýp, gije-gündiz zar eýlär.
Magtymguly, imdi özüňňi gözle,
Ýagşyny taryplap, ýamany düzle.
Az iýip, az uklap, ýene az sözle,
Köp söz ahyr il içinde har eýlär. - Bildim gerek?
- Dogry, bu setirler meniňki.Ýöne goşgyň hemmesi-hä däl. Ol saňa nireden düşdi? Seniň sowadyň barmy?
- Sowadym ýok. Ýöne eşidenimi ýat tutup bilýan.
- Başga haýsy goşgymy bilýäň?
- Başgamy? Başga-da bilýän.
Içki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni,
Ogry kezzap bilen obadaş bolma,
Malyňdan aýyryp, aç eder seni.
Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň, depesine täç eder seni.
Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,
Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,
Huda berse, sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni.
- Berekella. Seniň adyň näme?
- Adym Kerim.
- Kerim jan, inim, sen heniz ýaş, her edip-hesip edip sowat öwren. Sende baslyp ýatan zehin, başarnyk-ukyp bar.
- Men Nazaraly baýyň çekenesini bakýan. Ol gowy adam, täze ýyl meni öýermäge-de söz berdi. Belki şonda sowadam öwrenerin.
Gürrüňiniň arasyny bölüp, ýigdekçäniň sen-men ýok, bu ýerden elem-tas bolup, turup gitmegi Magtymgulyny uly iňkise goýdy. Ýöne eglenmänem geldi. Gelmesine-hä geldi welin, ýany bilen bir topar adam hem getirdi. Olara baş bolup gelenem bagşy hem şahyr Allaberdi beg boldy.
Allaberdi beg myhman bilen ikelläp salamlaşdy.
- Halypam, salowmaleýkim. Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Asyl sizi görmek üçin ýöriteläp, Etrege-de baryp gaýtdym. Nesibämde ýok eken, size duşman gaýytdym. Siz bolsaňyz biziň obamyza toýa gelipsiňiz. Şirli han welin siz barada biziň ýanymyzda dilem ýarmady.“Tanamadyk-sylamaz“ diýleni. Halypam, öt günämi.
- O nämäniň günäsi? Düşnükliräk edip aýtsana, bagşy? Siz nämäniň gürrüňini edýärsiňiz?
- Siz bar ýeriňizde, sizden öňe çykyp, goşgy okamak...—Allaberdi beg Magtymgulynyň ýanyna çökdi.
- Goşgyňy diňledim, kemi ýok. Sözem, manysam ýerbe-ýer. Tüweleme, owazly sesiňem bar eken. Aýdymlaryňam hiç neneň däl, hatda meniň "Gerekdir“, "Il ýagşy“, "Neýläýin“ atly goşgylarymam saza goşup, aýdym edip aýtdyň. Sag bol, taňry ýalkasyn!
- Halypa, men siziň bu goşgularyňyzy obadaşymyz Çary bagşydan öwrendim. Olam siziň goşgularyňyzyň köpüsini ýatdan bilýär.
- Bagşylar sag bolsun, köp goşgulammy saza goşup, toý-tomaşalarda aýdym edip ýörler.
Ine, şu pursatdan başlabam Allaberdi begiň Magtymguly bilen tanyşlygy başlandy. Olar ataly-ogul ýaly dostlaşdy. Şol gezegem Şirli hanyň toýunda gijäň bir mahalyna çenli uzak gijeläp goşgy okap, adamlara hezil berdi.
Şol gün giç ýatyldy. Ertesi Allaberdi beg Şirli hany habarly edip, Magtymgulyny öýüne alyp bardy. Çagalary bilen tanyşdyrdy.Soňam:
- Soraýar diýme, halypa, size nähili çaýdan demlesinler? Narpyzlymy, ýandakly, buýanlymy, käkilik otly. mekgejöwen gulpagyndanam demlense bolar, tüweleme, islän çaýyňyz bardyr. Şükür, indi telim ýyllar bäri ogullarymdan Emin bilen Nowruzhan ikisi söwda-satyk bilen meşgullanýar. Uly il dag çaýy bilen oňňut edýärkäler, düýnüň özi Çynma-çyndan gelen kerwen bilen söwdalaşyp, çaýyň dürli görnüşinden haltalap alypdyrlar.
- Gaty gowy. Meniň üçin käkilik otundan çaý demlenilse, kem bolmazdy. Indi niçe ýyldyr, men oňa halys öwrenişipdirin. Ony içeň adamyň hemişe keýpi kök, süňňi ýeňil bolar ekeni.
- Keýwany, eşitdiň dälmi, Halypamyza käkilik otundan goşup çaý demleýäň, maňa bolsa, çaýyňy çep eliň bilen ataweri!
Aýaly baş atyp çykyp gitdi. Magtymguly är-aýalyň gürrüňine geňirgenen bolmaly.
- Begim, düşünmedim-le. Ýeňňemize özüň üçin içjek çaýyňy “Çep eliň bilen ataweri!” diýdiň welin... olam sesini çykarman, başyny atdy ötägitdi.
- Halypam, bu meniň oňa “Şu gün men gaty ýadapdyryn, meniň üçin demlejek çaýyňy gysganman, ajy demle” diýdigimdi.
- Şeý diýsene. Ozal eşitmämsoň geňräk gördüm-de...
Olaryň gürrüňiniň arasy ortada çaýly demkeşleriň peýda bolmagy bilen kesildi. Allaberdi beg olaryň birini öňüne çekdi-de, ony gaýtarmaga durdy.
Şondan soň olar mal-garadan, gün-güzerandan, maşgala durmuşyndan söz açyldy.Allaberdin begiň keýpi kökdi.
- Walla, siziň bilen duşuşmagym ýalan ýaly. Munuň üçin biribara müň-de bir şükür edýän. Gelinlerimizden biri ýükli. Köpelsinler bakaly, Enşalla, uludan toý tutarys. Ynanyň, yzyňyzdan hökman çapar ibererin. Gatnaşygymyz uzakdan bolsun, halypam!
- Är ýanyna är geler, mylakat görse,
Ýüz tapmasa gelmez çagyrmak bilen.
Allaberdi beg öz sözlerine goşgy bilen jogap beren halypasyna bakan söýünçli seretdi.
Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.