"Jomartlyk" 3-nji bölüm

Men çürt-kesik aýgyda gelenimden soñ,mellegimiziñ bäri ýanynda ýerleşýän kümämize tarap at salyp,halta agtarmakçy boldym.Rejäniñ geñ däldigini añan ejem yzymdan eñdi:
-Waý,balam,näme gerek saña?
-Halta.
-Haltany nätjekdiñ?
Kellämiñ gyzgynyna içki pikrimi daşyna çykardym.
-Gyz alyp gaçjak...Wiý,boşan çüýşeleri saljak.
Bolsa-da,ejem aýdanlarymy çyna ýazyp, hakyky matlabymy añmady.
-Berekella!Şeýt-de hojalyga bähbitli işleri edibergin,balam!
"Entek törüñe bir gelin getireýin.Onsoñ görersiñ hojalyga bähbitli işi" .
Ejem maña guwanmak işini doly amala aşyranyndan soñ kümeden çykdy.Menem hä diýmän,dostuma jañ etdim.
-Küýsediñmi-ow,dost?!
-Ýok-laý,seni başyma ýapaýynmy?! Akpamyklañ öý salgysy gerek maña.
-Ony nätjek?
-Zäher etjek,merez etjek.Aýdýañmy ýa aýtdyrmalymy?
Mydama gara garnynyñ aladasynda bolup ýören Mapby bu gezegem meni geñ galdyrmady:
-Bolýa-how,gyzybermesene.Düýnki ýalyjak bir buzgaýmak alyp berseñ aýdaýaryn.
Mapba buzgaýmak almaga söz berip,gyzyñ öýüniñ salgysyny alanymdan soñ "Niredesiñ Akpamyklar?"diýip ýola düşdüm.
Akpamyklaryñ howlulary bag-bakja bürenen eken.Men ýapyk duran haýatdan aşdym-da,ýorunjaly mellegiñ içi bilen emedäkläp,gyzyñ jaýlaryna bakan ýüwürdim.Seretsem, hersine bir adam ýükläbermeli eginlerini gaýşardyşyp,edil amerikan filmlerindäki "bodygardlar" ýaly bolup,jaýyñ her burçunda Akpamygyñ bir agasy dur."Sen hakykatdanam köşgi goralyp oturan şagyzyna aşyk bolupsyñ,Aşok!"diýip,lapykeç halda öýe dolandym.
Ýaşaýan otagymyñ ol burçundan bu burçuna maksatsyz gatnap durşuma "Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde" diýip,bizden öñküleriñ edil şunuñ ýaly ýagdaýlarda kösenmezligimiz üçin aýdyp giden jümlesine eýermegi ýüregime düwdüm.Soñam Mapba jañ edip,bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüñ berip, kömek soradym.
Ertesi agşam azany aýdylanyndan soñ her elime iki suw gaby gazly suw aldym-da, Akpamyklaryñ howlusyny kakdym.Akpamygyñ eginlek agasynyñ hyrsyz ýüzi garşyma dikildi.Ol ýüzüni turşan hamyryñkydan parhsyz edeni bilenem çäklenmän, ýumrugyny çenedi:
-Sen şu meñ gyz jigimi duşuşyga çagyran kelesañ dälmi?Janyñdan irdiñmi?
Men aljyrap durşuma,ahmalyma galyp bir zatjyk goýberen bolaýmaýyn diýip jalbarymy barladym.
-Ne...neme,a...agam o...o zat...
-Nemäñem bilemok,o zadyñam,basymrak garañy saýla şu ýerden.
Pert-pert geplemesem,guran duzagymyñ amala aşmagy mümkin däldi.
- Agam,men başga Akpamyga jañ etjekdim.Ýalñyşyp señ uýaña düşüpdirin.Bagyşlañ.Menem sizi bagyşlaýyn.
Akpamagyñ agasynyñ gözünden ot çykdy.Men derrew aklyma aýlandym.
-Wiý,bagyşlar ýaly zat edeñzok...ýok,ýagny,siziñ hiç hili ýazygyñyz
ýok!Bar günä mende.
-Indi näme diýip geldiñ?
-Hem-ä ötünç soraýyn hemem ýaraşyk baglaşjagymyzyñ şanyna şujagaz sowgady beräýeýin diýip geldim.
Elimdäki gazly suwy uzatdym.Akpamygyñ agasynyñ hyrsyz ýüzi az-kem açylyşdy.Meni howludan içeri saldy.Gazly suwlary beýleki agalaryna-da paýlap berenimden soñ,oturyp gümür-ýamyr etdik.
-Nememi,bu...agam siz näme üçin bärsini garawullaýañyz?
-Gyz jigimizi bihepbelerden goraýas.
-Hä,hany,onsoñ beýleki üçüñiz nirede?
-Olar bilen gezekleşýäs.Häzir olar ukuda ýatandyr.
Men dostlukly garaýşymy subut etmek üçin agzyma gelenini samrap ugradym.
-Oñarýañyz,oñarýañyz,agam,kömek gerek bolsa aýdyñ. Akpamyk indi meñem bajymdyr.
Ýarym sagatdan artygrak wagt,geçen bolsa gerek,gazly suwuñ içine atan uky dermanym öz täsirini görkezdi.Akpamygyñ daýaw,eginlek agalary hersi bir gapdala ýykylyp,ýer gopsa oýanmajakdan bolup ýatyberdiler.
"Indi-hä maýy bolandyr".Pişik basyşyny edip Akpamyklaryñ öýüne girdim.Otaglaryñ hersinde gyzyñ bir agasy ýatan eken.Iñ añyrky otagda başyny ýorgan bilen büräp ýatan göwrä gözüm düşüp,ýüregim jigläp gitdi.
"Akpamyk!"
Gyzyñ başy bilen ýorgany örtünendigine garamazdan ýoldan geçip barýan traktory ýada salýan horlama sesiniñ eşdilmegi meni geñ galdyrdy.
"Şeýle näzlije gyzdan şuñ ýaly gödek horlama çykar diýseler kim ynanar"
Meniñ Akpamygyñ ýüzüni näler göresim gelse-de,agalarynyñ oýanmagyndan howatyr edip bu niýetimden el çekdim.Gyzy oýandyrmazlyk üçin ony bürenen ýorgany bilen bilelikde halta saldym.Soñam gelşim ýaly tizlikde öýden çykdym.
Mapby maña howlunyñ agzynda garaşyp durdy.
-Ahyry çykdyñ-aý,dost.
Men onuñ tabşyran ýumşumy ýerine ýetirmänligini görüp, ör-gökden geldim.
-Hany,maşyn gürleşjekdiñ-le.
-Gürleşdim welin,ol dost oglanyñ ejesiniñ aýal doganynyñ gelnejesiniñ kiçi gyzyny hassahana ýetişdirmeli bolupdyr...
-Tüket!Indi nä ýüzüñe geldiñ bärik?
-Saña göterşäýeýin diýdim öýe çenli.Gezekleşsek derrew elteris-läý.Ýogsa-da dost,bu ses näme-äý?
-Akpamyk hor çekip ýatyr.
-Aý,ol ses-ä aýy hor çekip ýatana meñzeýär.
Akpamykly haltanyñ agramyny ony egnime atanymdan soñ hasam ýiti duýup ugradym.On-on bäş ädimi zordan ýöräp,Mapba geçirdim.
-Dost,men Akpamygy taşlanymdan soñ ol gynanmakdan ýaña köp şokolad iýip semräpdir öýdýän - diýip,Mapby haltañ aşagynda ýegşerilip barşyna maña habar gatdy.
-Hakykatdanam,şeýle semizmikän-äý? Açyp ýüzüni bir görsem...
Halta elimi ýetirenimem şoldy welin, Mapby saklady.
-Häzir haltany açsañ,oýanyp elimizden sypmagy ahmal,ýa agalarynyñ oýanyp yzymyzdan ýetmegi ahmal.Şoñ üçin haýdaly.Ine,öýüñe bararsyñ welin,synla-da otur.
-Bor-da.
-Özem ukusyna gaty agyr gyz eken-äý.Ýerinden gozgasañam oýanmaýar diýleni.Olam hiç welin,sesimize-de oýanmady.
Mapby bilen ümmüldeşip,arasynda hyk-çoklap,arasynda togtap,dem-dynjymyzy alyp,haltany zoraýakdan öýe getirdik.Akpamygy haltadan çykaryp, ýorgany bilen bile öz otagyma saldym.Ýorganyñ bir çetinden gyzyñ eli çykdy.Garaýagyz,lopbuş,üstesine-de aşa gylly el añrymy bärime getirdi.
"Muñ ýaly gyllak el bolýarmy-aý gyzda?!"
diýip,oýlanyp oturkam,häliden bäri dowam edýän hor sesi kesildi.Ýorganyñ içindäki göwre gozganyp ugrady.
"Oýanan bolsa gerek".
-"Seni alyp gaçjak" diýipdim dälmi? Sözünde durýan oglandyryn men.Bujagaz zatlar dagy mesele däldir.Sen indi meniñ gelnim bolarsyñ,bally buzgaýmagym! Hany güljemalyñdan bir ganaýyn - diýägetdin ýorgany bir gyra serpdim.
Ýorganyñ astyndan çykan hyýrsyz,betnyşan ýüzi görüp,tok tutana döndüm.
"Hiýh,Akpamygyñ agasy!"

3-nji bölümiñ soñy.

@Massimus & @Mümkin.
4 лайков 216 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
23 май 2022, 20:53
@Massimus & @Mümkin.

Şu ýere meňem adymy goşsana. Kemsinýän-dä. :)
Mümkin
Автор 23 май 2022, 20:58
Çynyñmy?
Telwas
23 май 2022, 21:00
Mümkin,
Seň diýşiň ýaly menem gepçi, ýöne ýalançy däl.
Seň bilen gürleşesim gelýär. Şahsyň işleýärmi ýa işlänokmy?
#B.S
23 май 2022, 21:11
Nirvana,
Onda ikimiz goşma hekaýa ýazaly psihologik fantastika žanrynda ;)))

Internet ýaman peseý mende zordan teswir ýazýan.

Şahsy haty işletmek üçin, hat ýazjak agzanyň profiline girmeli şahsy haty basmaly. Sahypa acylmasa brauzerden .ru ny .site düzetmeli.
Mümkin
Автор 23 май 2022, 21:12
Nirvana,
Indi gudaçylyk gürrüñi bolmasa gürleşemok :))
Şahsym barada aýtsam,señ ýazanyñ gelýär,meñki gidenok.Tüýs gepçilere laýyk funksiýadyr görseñ :))
Telwas
23 май 2022, 21:15
Khanture,
Şeýdeli. Tema tap, başynam başla, yzyny men alyp çykaryn. :)
Bentner
23 май 2022, 21:16
Mümkin
Şahsym barada aýtsam,señ ýazanyñ gelýär,meñki gidenok.Tüýs gepçilere laýyk funksiýadyr görseñ :))

?
Telwas
23 май 2022, 21:17
Mümkin,

Mende gudaçylyk gürrüňi ýok-da. Hä düşnükli. Bor-la onda zyýany ýok.
#B.S
23 май 2022, 21:18
Nirvana,
Boşurak wagtym başlaýmasam. 1-nji iýundan boşaýan nesip bolsa...
Telwas
23 май 2022, 21:19
Khanture,
Menem 1-nji iýul töweregi boşaryn nesip bolsa.
S❤
23 май 2022, 21:29
Menonnada basda ejesimika oytduma
ajy
23 май 2022, 22:22
:D Aşogyñ yuzu gozi görerýaly bolan däldirow
ajy
23 май 2022, 22:23
Akpamygyñ 7 agasy barka, näme üçin Akpamyga telefon beryaler?)
Harmony
23 май 2022, 22:53
Kiçi agasymyka ol, kiçiräjikmikä ol 7nji bodigard. Raz uj Aşok ony hop edip göterip çykan bolsa. Kaçok bir etmäň ony. Horajyk garaja oglan gözöňüme geldi. Üstesine urlup, züwdenekläp ýörşi bilen.
Nazar
23 май 2022, 23:19
Nace bolum bu Belki
Mümkin
Автор 24 май 2022, 04:44
FanB,
Bilmedim näçe bölûm etjegimi
Öwreniji
24 май 2022, 07:24
Biraz agyr, semiz göwre diýipsiňiz şoňa görä hyhlap, çohlap iki bolup eşek arabada alyp gaýdaýmaly ekeni, biraz, adaty ýagdaýdan çykýar. iki bolup zordan göterýän bolsa, seniň sypatlandyryşyň ýerine düşjek ekeni.
Mümkin
Автор 24 май 2022, 11:10
Remezan,
Belki
NEMOO
25 май 2022, 00:04
Sen birinji malatsy
Kakageldi
21 июн 2022, 06:52
Elimdäki gazly suwy uzatdym.Akpamygyñ agasynyñ hyrsyz ýüzi az-kem açylyşdy.Meni howludan içeri saldy.Gazly suwlary beýleki agalaryna-da paýlap berenimden soñ,oturyp gümür-ýamyr etdik.


Beyleki agalarynada suw paylap beripdir

-Hä,hany,onsoñ beýleki üçüñiz nirede?
-Olar bilen gezekleşýäs.Häzir olar ukuda ýatandyr.


Yanky suw paylan agalaryny sorayar, bir agasam olan yatandygyny aytyar

Ýarym sagatdan artygrak wagt,geçen bolsa gerek,gazly suwuñ içine atan uky dermanym öz täsirini görkezdi.Akpamygyñ daýaw,eginlek agalary hersi bir gapdala ýykylyp,ýer gopsa oýanmajakdan bolup ýatyberdiler.


Akpamygyn bir agasy beyleki ucusinin yatandygyny aytyar, a bu yerde olara uky dermanly suwun tasiri yetyar.
Olar yatyrmy ya oýady?

Olara paýlanda yanyndaky agasyna "bu plana, bu plana" diyyarmi ya beyleki agalaryna ozi paylap cykyamy?

YZYGIDERLILIK YOK, Logika yok
Kakageldi
21 июн 2022, 06:57
Akpamygyñ daýaw,eginlek agalary hersi bir gapdala ýykylyp,ýer gopsa oýanmajakdan bolup ýatyberdiler.
"Indi-hä maýy bolandyr".Pişik basyşyny edip Akpamyklaryñ öýüne girdim.Otaglaryñ hersinde gyzyñ bir agasy ýatan eken.


Ol agalary Aşogyň ýanynda hersi bir gapdala yykylyp yatyalarmy yada OLAR OTAGDA AŞOK GELMEZDEN ÖŇ ÝATYRLARMY?

Kaşa edipsiňiz
Kakageldi
21 июн 2022, 07:03
.
Gyzy oýandyrmazlyk üçin ony bürenen ýorgany bilen bilelikde halta saldym.Soñam gelşim ýaly tizlikde öýden çykdym.

4nji bolumde ol gyzyn dayaw gyzdygy aydylyar bu yerde bolsa oydaki kicirak palasy halta salyan yaly
Kakageldi
21 июн 2022, 07:09
-Gürleşdim welin,ol dost oglanyñ ejesiniñ aýal doganynyñ gelnejesiniñ kiçi gyzyny hassahana ýetişdirmeli bolupdyr...

Ol dost oglan diyilyan şafyorun ejesinin ayal doganynyn gelnejesi, şol şafyor bolmaly dost oglan diyilyanin ejesininem gelinejesi bolyar.
Uzaldyp oturman "ayal doganynyň" sozini ayyraymaly ekenin