Yslam we gulçylyk

“Haýsydyr bir gul gaçsa, goralmak we howpsuzlyk hukugyny ýitirer.”
“Gul gaçsa okan namazy kabul bolmaz.”
(Muslim, Iman 123-124)

Yslam kanunlarynda gulçulyk
Şerigata görä satyn alynan, söweşde ýesir düşen we olardan bolan çagalary gul edip bolar. Aýlanyş nukdaýnazarynda gullar emläk ýalydyr. Alyp-satyp, sowgat edip, kärendesine berip ýa-da bilelikde eýeçilik edilip bilner. Gazananlary hojaýynyna degişli bolar. Gula garşy edilen haksyz hereketleriň öwezini hojaýyny alar. Gul haksyz hereket etse öwezini hojaýyny dolar ýada zelel gören adama guly geçirmeli bolar.
Yslam dinine görä, bir musulmanda köp sanly gyrnak, ýagny aýal gul bolup biler we musulman bir erkegiň bu gyrnaklara nikasyz ýakynlaşmasy halal hasaplanar. Yslam kanunlaryna görä gul ýa-da gyrnak hojaýynyna belli bir erkinlik tölegini tölän halatynda azat bolup biler. Guluň ýa-da gyrnagyň hojaýynyna töleg tölemek bilen azat edilmegine mukataba diýilýär we Gurhanyň Nur süresiniň 33-nji aýatynda bölekleýin beýan edilýär.

Kanun garşysynda
Jeza beriş amallary: Kasas (ar almak) taýpa jemgyýetinde jeza hökmünde düşünilýän we sosial deňlik şertlerinde amala aşyrylýan amal. Öldürilen adamyň aýal, erkek, gul, abraýly ýa-da adaty adamdygy göz öňüne tutulyp, ganhor tarapdan öldürilen adama deň bolan biri öldüriler. Mysal üçin: gul üçin diňe bir gul öldürilip bilner, aýal üçinem aýal. Sosial deňlikli kasas ýagdaýynda aşaky gatlakdan biri ýokarky gatlakdan birini öldürse, ýokarky gatlakdan kimdir biri aşaky gatlakdan birini öldüreni bilen jeza ýerlikli hasap edilmez, ýöne oňa derek hun (gan haky) tölenip bilner.
Gurhanda kasas adamyň sosial ýagdaýy bilen bilelikde hasaplanýar. (Bakara 178).
Hanafylaryň pikirine görä guly öldüren erkin adam hem ar almak arkaly öldürilmeli. Beýleki mezheplere görä, bu ýagdaýda kasas (ar almak) ulanylmaýar.
Zyna we töhmet jenaýaty üçin gullara we gyrnaklara erkin adamlara berilýän jezanyň ýarysy, ogurlyk we dinden çykma jenaýatlary üçin doly jeza göz öňüne tutulandyr. (Nisa 25)

Guluň şaýatlygy
Yslam hukugyna görä guluň şaýatlygy (görkezmesi) kabul edilmez.

Gurhandaky gul hakyndaky aýatlardan parçalar.

“Öýlenip bilmeýänler bolsa, Alla Öz pazly-keremi bilen gurplandyrýança, özlerini (zynadan, haramdan) päk saklasynlar! Gol astyňyzydaky (gul-gyrnaklar azat edilmekleri meselesinde siziň bilen) şertnama baglaşmak isleseler, eger olara bähbitli bolar öýtseňiz, dessine şertnama baglaşyň! Allanyň size beren emläginden olara hem beriň. Dünýä ýaşaýşynyň wagtlaýyn (pany) bähbitlerine eýe bolaly diýip, namysly ýaşamak isleýän gyrnaklaryňyzy bozuklyga mejbur etmäň! Kimdir biri olary muňa mejbur etse, onda Alla, biygtyýar ýagdaýa düşendikleri üçin, olary bagyşlar we merhemet eder.”
(Nur süresi 33-nji aýat)

Eý, iman getirenler! Ölüm (meselesinde) size kasas (ar almak) ýazyldy. Azat adama azat adam, gula gul, aýala aýal kasasy bardyr. Emma (öldüren) kişi (öldürileniň) dogany (hossary) tarapyndan bir zadyň (hunuň) dereginde bagyşlansa, onda (bu meselede gelnen) ylalaşyga laýyklykda (ylalaşylan oňyn çözgüde) tabyn bolmak (iň gowusydyr). Bu ýagdaýda (öldüren) oňa (kesgitlenen huny) gowulyk bilen tölemelidir. Bu Perwerdigäriňiz tarapyndan bir ýeňillikdir we rahmetdir. Kim mundan soň bu bellenilen çäkden aşsa, onuň üçin jebir-jepaly azap bardyr.
(Bakara süresi 178-nji aýat)

Sizden azat (gyrnak bolmadyk) mömin aýallara öýlenmäge gurby çatmaýanlar, golastlaryndaky mömin ýaş gyrnaklara öýlenip bilerler. Alla siziň imanyňyzyň (derejesini) örän gowy bilýändir. Siz (möminler) biri-biriňiz bilen (bir ymmatsyňyz). Bes, namyslaryny goraýan, zyna etmeýän, gizlin dostlar tutunmaýan ol aýallary (gyrnaklary) hossarlarynyň rugsady bilen (özüňize) nikalaň! Galyňlaryny hem köňül hoşlugy bilen olara beriň! Eger (nikadan soň) zyna etseler, olara azat aýallara degişli jezanyň ýarysy berilýändir. Bu (gyrnaklara öýlenmek) siziň araňyzdan zyna ýüz urmakdan gorkýanlar üçindir. Ýogsa sabyr etmegiňiz siziň üçin has haýyrlydyr. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
(Nisa süresi 25-nji aýat)

Eý, pygamber! Takyk, Biz haklaryny (galyňlaryny) berip alan aýallaryňy, Allanyň saňa olja edip beren gol astyňdaky gyrnaklaryňy, siziň bilen hijret eden (Mekgeden Medinä göçen) kakaň erkek we aýal doganlarynyň gyzlaryny, daýylaryň we daýzalaryň gyzlaryny saňa halal etdik. Eger pygamber nikalamak islese, özüni pygambere bagyşlan mömin zenany hem saňa halal etdik. Ol (özüni bagyşlan zenan bilen galyňyny bermezden nikalaşmak) ähli möminlere däl, diňe saňa mahsusdyr. Biz olara (möminlere) aýallary bilen we gol astyndaky gyrnaklary bilen baglanyşykly parz eden zatlarymyzy bilýändiris. (Bu zatlar geljekde) saňa kynçylyk döremezligi üçindir. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
(Ahzab süresi 50-nji aýat)

Sen ol (aşmasy) kyn depäniň nämedigini (kyýamat azabyndan halas etjek zady) bilýärsiňmi?
Ol bir guly azatlyga зykarmakdyr.
(Beled süresi 12-13-njy aýatlar)

(Eý, möminler!) Iman getirmeseler, (Alla) şärik goşýan (azat) aýallara öýlenmäň! Eger siziň göwnüňize ýarasa hem, (Alla) şärik goşýan (azat) aýaldan imanly bir gyrnak haýyrlydyr. Iman getirmeseler, (Alla) şärik goşýan (azat) erkeklere hem (gyzlaryňyzy) durmuşa çykarmaň! Eger siziň göwnüňize ýarasa hem, (Alla) şärik goşýan (azat) erkekden imanly bir gul haýyrlydyr. Olar (Alla şärik goşýanlar) oda (dowzaha) çagyrýarlar. Alla bolsa, Öz rugsady bilen, jennete we magfyrata (ýalkawa) çagyrýar. Pikir etmekleri üçin Alla ynsanlara Öz aýatlaryny beýan edýär.
(Bakara süresi 221-nji aýat)

Eger (gol astyňyzdaky) ýetim gyzlara (öýlenseňiz), olaryň haklaryny berjaý etmekden heder etseňiz, (olar bilen däl-de, size halal bolan başga) göwnüňiz islän aýallardan iki, üç ýa-da dört aýala (çenli) öýlenip (bilersiňiz)! Eger (bu ýagdaýda hem aralarynda) adalaty saklamakdan heder etseňiz, onda biri bilen ýa-da gol astyňyzda bolanlar (gyrnaklar) bilen çäkleniň! Ine, bu (adalatdan) aýrylmazlygyňyz üçin iň göwnejaý bolanydyr.
(Nisa süresi 3-nji aýat)

(Heniz nikada duran) ärli aýallara (öýlenmegiňiz) haramdyr, ýöne (söweşde ýesir düşüp), gol astyňyzda bolan gyrnaklar (muňa) degişli däldir. (Bular) Allanyň size ýazan (anyk hökümleridir). Bulardan başgalary bilen namysyňyzy gorap, zyna etmezlik (şerti bilen) emlägiňizden (galyň töläp) nikalaşmagy talap etmegiňiz size halaldyr. Olardan gören peýdaňyza derek galyňlaryny beriň, bu olaryň hakydyr. Emma (galyň) kesgitlenilenden soň, araňyzda ylalaşyp, (mukdary artdyrmagyňyzda ýa-da kemeltmegiňizde) size bir günä ýokdur. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
(Nisa süresi 24-nji aýat)

Mömin aýallara hem aýt: «Gözlerini (nämährem erkeklere seretmekden) saklasynlar we eteklerini (jynsy agzalaryny haramdan) gorasynlar, (geýimlikä) görünýän ýerlerinden galan beýleki zynatlaryny (beden agzalaryny nämähremlere) görkezmesinler. Ýaglyklary bilen gursaklarynyň üstüni ýapsynlar. Olar ýanýoldaşlaryndan, kakalaryndan, gaýnatalaryndan, öz ogullaryndan, ýanýoldaşynyň ogullaryndan, erkek doganlaryndan, erkek doganlarynyň ogullaryndan, aýal doganlarynyň ogullaryndan, (özlerine degişli hyzmarkär zenan ýa-da özleri ýaly musulman) aýallardan, şeýle hem gol astyndaky (gul-gyrnaklardan), aýallara (jynsy) duýgusy galmadyk erkek (hyzmatkärlerden), aýallaryň uýat ýerlerinden bihabar çagalardan başgalara beden agzalaryny görkezmesinler. Ýöränlerinde gizlin bezeglerini görkezjek bolup (özlerine üns çekiljek derejede) ýöremesinler. Eý, iman getirenler! Halas bolmagyňyz üçin hemmäňiz Alla toba ediň!
(Nur süresi 31-nji aýat)

Araňyzdaky sallahlary (öýeriň), şeýle-de ýagşy ahlakly gullaryňyzy (öýeriň), gyrnaklaryňyzy hem (durmuşa çykaryň). Eger olar garyp bolsalar, Alla olary Öz pazly-keremi bilen gurply eder. Allanyň pazly-keremi giňdir, ähli zady bilýändir.
(Nur süresi 32-nji aýat)

Mundan soň saňa başga zenanlar (bilen nikalaşmak), görmegeýlikleri göwnüňe ýarasa-da, (öňki) aýallaryň ýerine gyrnaklaryňdan başgalary almak halal däldir. Alla ähli zada gözegçidir.
(Ahzab süresi 52-nji aýat)

Meger namyslaryny aýallaryndan we gyrnaklaryndan başgalaryndan goraýanlar (zyna golaýlaşmaýanlar), ine, (bular ýazgarylmazlar).
(Magaryj süresi 29-30-njy aýatlar)
0 лайков 184 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
25 май 2022, 20:29
“Haýsydyr bir gul gaçsa, goralmak we howpsuzlyk hakugyny ýitirer.”
“Gul gaçsa okan namazy kabul bolmaz.”
(Muslim, Iman 123-124)

Haýsydyr bir gul gaçsa,ilki onuň sebäbini gowy öwrenmeli.Günä eýesinde bolmagy mümkün.Sebäplerine görä jeza berilse adalatly bolardy.Hetden aşa zabun eýeden ýa gaçyp gutulýaň,ýa ölüp...

Gul hem ilkini nobatda şahsyýet.Onda-da her bir adama mahsus duýgular bar.Kapyryň elinden gaçan musulman guluňam namazy kabul bolmaýarda onda?!
Hiayress
Автор 25 май 2022, 21:00
Dowsypat.,
"Kapyryň elinden gaçan musulman guluňam namazy kabul bolmaýarda onda?!"

Musulman Alladan başga kişiniň guly däl. Eger kapyryň eline düşsede ol ýa ýesir ýada bendi, bendiwan bolýar. Bendilikden ýada ýesirlik gaçanyňam günäsi bolmaýar. Bilmeýäňaý agam. :))
Dowsypat
25 май 2022, 21:17
Kapyra gul bolan musulman hem,gul ornunda gorulyami?!