Haram aýlar

Yslam senenamasy:
1. Muharram.
2. Safar.
3. Rabi al-awwal.
4. Rabi as-sani.
5. Jemada al-ulýa.
6. Jemada as-sani.
7. Radjab.
8. Şaban.
9. Ramadan.
10. Şawwal.
11. Jul-kada.
12. Jul-hidja.

Haram aýlar (arapça. al-aşhur al hurum) - yslam senenamasynyň aýlary bolup, yslamdan öňki döwürde öldürmek, uruş alyp barmak ýa-da Käbäniň töwereginde aw awlamak gadagan edilen aýlardyr. Ol aýlar dört sany: Jul-kada, Jul-hidja, Muharram we Radjab. Haram aýlar yslamda mukaddes hasap edilýär.
Bu aýlaryň haram edilmegi Käbä haj saparyna gelýän adamlaryň howpsuzlygyny gorap saklamak we olar bilen köp söwda-satuw işlerini amala aşyryp, oňat peýda gazanmak üçindir. Eger-de uruş gutulgysyz bolaýan halynda butparaz araplar haram aýlaryny yza ýa-da öňe süýşürer ekenler, ýogsa-da ol aýlarda arkaýyn uruş alyp barypdyrlar.
Yslamyň ilkinji ýyllarynda musulmanlar hem haram aýlarda söweşmezlik kadasyna eýerýärdiler. Ýöne hijriniň (musulmanlaryň Mekgeden Medinä göçmelerinden soň başlanan hasap) ikinji ýylynda Radjab aýynyň ahyrlarynda Nahl tarapyndan gözegçilige ugradylan musulmanlar gadagançylygy bozup, Mekgelileriň kerwenine hüjüm edýärler. Söweşde musulmanlaryň elinden Amr ibn al-Hadram öldürilýär we onuň ýanyndaky iki ýoldaşy ýesir alynýar. Mekgeli butparazlar musulmanlary mukaddes kanunlary bozmaklykda günäkerleýärler, ýöne az wagt soňra Muhammet pygambere Alla tarapyn Bakara süresiniň 217-nji aýaty, ýagny haram aýlarda uruşmagy rugsat berýän aýat inýär.
Yslam hukukçylary (fakyklar) haram aýlarda ilkinji bolup urşa başlamaklygy gadagan etselerde, uruş başga aýda başlanan halatynda ony dowam etdirmegi we tamamlamagy dogry hasap edýärler.

Haram aýlar barada käbir aýatlar:
"(Siziň bu ýyl) haram aýda (söweş etmegiňiz, olaryň geçen ýyl) haram aýda (siziň bilen söweş edendikleriniň) dereginedir. (Ynsanlaryň biri -birlerine) hormatlary garşylykly (bolmalydyr). Kim size hüjüm etse, siz hem olara hüjümleri möçberinde hüjüm ediň! Alladan gorkuň we Allanyň takwalar bilen biledigini bilip goýuň!"
(Bakara süresi, 194-nji aýaty)

"Senden haram aýda söweş (edip-etmezlik) barada sorarlar. (Olara): «Ol aýda söweşmek uly günädir. Emma (ynsanlary) Allanyň ýolundan sowmak, Ony (Allany) inkär etmek we (hajylaryň) Mesjidi-Harama (zyýaratyna päsgel bolmak), onuň (Käbäniň) halkyny ol ýerden çykarmak Allanyň ýanynda has uly günädir. Pitne (söweş) adam öldürmekden hem has ýowuz (işdir)» diýip aýt. Güýçleri ýetse, olar (kapyrlar), tä sizi diniňizden ýüz öwürdýänçäler, size garşy söweşerler. Sizden kim-de-kim dininden dänse we kapyr bolup ölse, onuň dünýäde-de, ahyretde-de ähli amallary puç bolar. Olar dowzahydyrlar we ol ýerde ebedi galarlar."
(Bakara süresi 217-nji aýaty)

"Hakykatda‚ Alla asmanlary we ýeri ýaradan gününde, Allanyň ýazgysyna görä, aýlaryň sany on iki bolup‚ olaryň dördüsi (söweşmek gadagan bolan) haram aýlardyr. Ine‚ bu dogry hasapdyr. Bu aýlarda (Allanyň goýan çäginden çykyp) özüňize zulum etmäň! Alla şärik goşanlar jem bolup, siziň bilen nähili söweşýän bolsalar, (bu aýlara hormat goýup, çekinip durmaň-da) sizem jem bolup, olar bilen gazaply söweşiň! Bilip goýuň‚ Alla (ylahy çäklere hormat goýup erbetliklerden saklanan) takwalar bilen biledir."
(Toba süresi, 36-njy aýaty)

"Haram (hormatlanýan) aýlaryň ýerlerini üýtgetmek kapyrlaryň (betniýetli) hereketleridir. Şeýle etmek bilen, kapyrlar azaşýandyrlar! Allanyň bellän haram aýlaryna deň getirmek üçin şol aýlary bir ýyl halal‚ bir ýyl haram diýip kabul edýärler we Allanyň haram edenini halal (hökmünde) kabul edýärler. Olara bu erbet işleri gözel halda görkezildi. Alla kapyrlar kowumyny hergiz dogry ýola gönükdirmez."
(Toba süresiniň, 37-nji aýaty)

Düşünidiriş: Haram aýlar – boş, gurban, aşyr we rejep aýlarydyr. Yslamdan öňki döwürlerde bu aýlarda söweş etmek haram hasaplanylypdyr.
6 лайков 329 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
24 июн 2022, 11:33
Haram aýlar (arapça. al-aşhur al hurum) - yslam senenamasynyň aýlary bolup, yslamdan öňki döwürde öldürmek, uruş alyp barmak ýa-da Käbäniň töwereginde aw awlamak gadagan edilen aýlardyr.

Diýmek,haram aýlar ilkibaşda araplarda bar ekendä.Muhammet pygamber az-kem üýtgeşme girizipdir.
Ahmet
24 июн 2022, 11:40
Khanture näçe kapyr öldürdikä:)
Hiayress
Автор 24 июн 2022, 11:41
Ahmedik_97,
??
Dowsypat
24 июн 2022, 11:52
Eý-waý minus näme üçin?Nämede bolsa sagbol,eliňe güller bitsin!
Dowsypat
24 июн 2022, 11:52
Eý-waý minus näme üçin?Nämede bolsa sagbol,eliňe güller bitsin!
Тоиґе
24 июн 2022, 12:52
Ahmedik_97,
???
Ahmet
24 июн 2022, 14:26
Dowsypat.,
Dowsypat. off № 4Şu gün, 11:52
Eý-waý minus näme üçin?Nämede bolsa sagbol,eliňe güller bitsin

Sen bu saýta düşünmeýäň. Şu minusly meselä düşünjek bolup meňä aňkam aşyp gitdi...
Ahmet
24 июн 2022, 14:27
Тоиґе,
Dogru-da walla???