Söýgi mukamy (powest)
(dowamy)
Gün süýr depä galyp, kölegeler gysgalypdy. Brigadir meýdan düşelgesiniň günbatar tarapyndaky tuduň şahasyndan asylgy rels bölegini demir taýak bilen ýençgiläp ugrady. Onuň Merede çirkin ýaly bolup eşidilen sesi örän uzaklara ýaýraýardy. "Kolhozçylar gelmänkä gazeti diwardan asaýyn" diýip oýlandy-da, ol ýene eýwanyň astyna baryp, tirseklerini stola diredi.
Maşynyň kabinasynda oturmak kyndy. Benziniň ysy aňkap durdy, motoryň gyzgyny ýürege düşýärdi. Açyk aýnadan kürsäp urýan ýalynly epgegiň-de öwerligi ýokdy. Şirin eline gazet alyp, yssydan ýaňa çapata dönen gyzgylt ýüzüni ýelpemäge durdy.
— Bu mahal ýola çykan özüň bolma — diýip, şofýor söze başlady: — Biz-ä zerurlykdan barýarys. Bir topar mör-möjek döräpdir-de, gowaçalary heläkläp barýar. Ýaşasyn hökümet, nähili derman, nähili gural, nähili maşyn diýseň, berip dur. Gerek diýseň, samolýotam beräýýär. Ana, görýärmiň, gowaçalaryň üstüne derman pürküp ýör. Hany, bir müň bäş ýüz gektary el bilen dermanlajak bolup gör. Sütüniň süýnäýmezmikä?
Şofýoryň gürrüňini umuman makullasa-da, onuň: "Biz-ä zerurlykdan barýarys" diýen sözi Şiriniň maňzyna batmady. Gatyrganjak boldy. "Biz näme, oýnamaga barýarysmy?" diýip oýlandy.
Maşyn egrem-bugram ýollardan tozan turzup näçe eňse-de, pellehana uzakdy. Oňa ýetmek üçin ep-esli sabyr-takat gerekdi.Şofýor köp gürrüňleriň başyny agyrdyp, ahyrym dymdy. Susluk aralaşdy. Her kim özüniň pikir ýumagyny çöşläp başlady. Ýap-ýaňyja keselhanada bolup geçen waka Şiriniň ynjalygyny gaçyrýardy. Meňzi saralan oglanjygyň şalkyldap ýatan ysgynsyz aýagy onuň göz öňünden aýrylmaýardy. Ony köşeşmäge goýmaýardy. Ol öz gahar-gazabyny saklap bilmän, şofýordan Salpy işanyň kimdigini sorady.
Garaşylmadyk pursatda çasly çykan ses şofýory tisgindirdi. Ol ýoldan gözüni aýyrman jogap berdi:
— Hemişeki iki oba indi bir kolhoz. Işan haýsy, garaçy haýsy, tanar ýaly bolmady.
— Öz-ä "güýçli" tebip bolmaly.
— Şol gaýraky obada bir tebip barmyş-a diýýärler. Ähtimal, şol siziň diýýäniňizem bolsa bolar. Näme, onluk işiñiz barmydy?
— Ýok-la, ýöne soraýdym.
Ýene susluk aralaşdy. Töweregiň hemişe görlüp ýören bir meňzeş peýzažyna syn etmek hem kabinada oturmakdan ýeňil däldi. Tazy ýaly, gulaklaryny sallaşyp duran gowaçalaryň hem göwün göteriji görki ýokdy. Ýygy-ýygydan geçýän maşynlaryň yzyndan, tamdyryň tüssesi ýaly burugsap, asmana galýan tozanlaryň derdinden olaryň ýüzi has-da tutuk görünýärdi.
Uzakda agaçlyklaryň arasyndan üsti çerepisaly ak tam seleňläp göründi. Onuň deňine ýetenlerinde, Şirin şofýora minnetdarlyk bildirip, maşyndan düşdi. Murty jaýtaryp duran garaýagyz şofýor onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi-de, özüniň ýene bir sagada galman bu ýerden geçjekdigini mälim edip, ýola düşdi.
Meýdan düşelgesiniň on ädim gaýra ýanyndan geçýän salmanyň gyrasyny syryp barýarka, Şirin gowaçalaryň arasyndan çykyp gelýän brigadir bilen pete-pet geldi. Üstüne äpet gom abanyp gelýän ýaly, näme üçindir, brigadiriň sesi basyldy. Gysgajyk salamlaşykdan soň, olar kolhozçylaryň dynç alýan jaýlaryna bardylar. Ähli gapylar, ähli äpişgeler açykdy. Salkyn şemal Şiriniň janyna şypa berdi. Şeýle bolsa-da, onuň ýüzünde şatlyk alamaty görünmedi. "Ýene hapaçylyk. Görýän welin, size gep ýokjak däl öýdýän" diýip, ol gapdalyndaka igendi. Brigadiriň girre gahary geldi:
— Buz üstünde tozan araýan diý-de gutar-da!
— Ýene hötjetligiňize tutup ugradyňyzmy!
— Ýene jerime ediň!
— Gerek bolsa jerime-de ederis, jogapkärçilige-de çekeris.
— Şeýdiň, şeýdiň bolmanda-da men sizden eýgilige garaşamok.
— Bu keçeleriň üstündäki tozana, çöp-çalamlara serediň. Hiý, kakylyp-silkilene meňzeýärmi?
— Biz kolhozçy. Balagymyzyň epini pozuljak gümany ýok.
Kiçijik çemodanjygyny tamyň bir çetinde goýup, ak ýektaýyny geýdi-de, Şirin ýazylgy duran uly keçäni düýrlemäge, soňra bolsa, onuň bir ujundan tutup süýremäge başlady. "Häzir kolhozçylar geljek ahyry. Dara-direlikde munuň edýän işine seretsene!" diýip hüňürdese-de, brigadir oňa kömek bermeli boldy. Keçäni daşaryk çykaryp, üýşüp duran ýylgynlaryň üstünde goýdular. Ikinji, üçünji keçeleri hem şol ýere getirdiler. Şirin pessaý, emma buýruk beriji äheňde gepledi:
— Tamlaryň içini suwlap süpürensoňlar, bulary kakyşdyryp salsynlar. Häzir bolsa gaýnag suwuňyzy görkeziň.
Ozalam içagyrydan lapykeç bolup duran brigadir gaharyndan ýaňa bir hili çyglybrak, her sözüni aýratyn hetjikläp, güňleç gygyrdy. Iki elini birden uzadyp, onuň gyrasyndaky hatarlanyşyp oturan kyrk-elli sany tüňçedir, taňkany görkezdi:
— Men olary jara dökmek üçin gaýnatdyramok!
Doktor öňküsi ýaly pessaý, emma talap edijilik bilen ondan sowadylan suwuň nirededigini sorady. Brigadir ýene iki elini birden uzadyp, bekli duran suwly salmany görkezdi.
— Ata-babalarymyz şondan içip oňupdyr, bizem oňarys.
Göwrümini näçe giň tutmaga çalyşsa-da, Şirin bu gezek saklanyp bilmedi. Ol eline pil alyp, böwedi ýykmak bilen boldy. Brigadir piliň sapyndan ýapyşyp:
— Ozal muny nägünlük bilen getirdik? Men adamlara näme içireýin? — diýip gygyrdy.
— Näme içirseň, şony içir, ýöne kesel içirme!
Garşylyk görkezmäge ýer galmasa-da, Ataýew özüni tutanýerli görkezmek üçin eňek bermedi. Şirin oňa ähmiýet bermän, böwediň gumlaryny dazladyp zyňmaga başlady. Diwar gazeti görnükli ýerden asaýyn diýip daşaryk çykan Meret ak ýektaýly gyzyň hars urup işleýänini, ýanyndaky duranyň bolsa, dabany bişen ýaly, iki ýana zowzuldaýanyny görüp, bularyň ýanyna geldi.
— Ahow, görsene munuň edýän işini! — diýip, brigadir hossar tapynan ýaly, zeýrenmäge başlady: — Biz-ä görgiň ýamanyny görüp, suw getirýäs, bu bolsa...
Özüni şir saýyp ýören brigadiri baş egdiren bu gyz, näme üçindir, Merede mähriban göründi. Ol muny ozal hem bir-iki gezek görüpdi. Emma beýle dogumlydyr öýtmändi. Häzir bolsa onuň başyna oran şar gara saçlary-da, gür gara gaşlary-da, günüň şöhlesini yzyna gaýtaryp duran ýuka dodaklary-da has enaýy, has eýjejik bolup göründi. Ýöne welin, häzir bu gözelligiň hözirini görüp boljak däldi. Dawany çözüşmäge kömek etmelidi. Ol işläp duran gyzyň ýanyna baryp, ýaýdanybrak gepledi:
— Getiriň... böwedi men ýykyp bereýin.
Onuň çekinjeňlik bilen üzlem-saplam edip aýdan sözleri brigadire şarpyk bolup degdi. Ol şaňňy sesini gaýgyrman, gopgun turzup ugrady:
— Näme!.. Senem muňa kömek etjekmi? Senem bizi suwsuz goýjak bolýarmyň? Men raýkoma bararyn! Men sizi suda bererin!
Şirin elem-tas bolup barýan Ataýewiň yzyndan seredip, ajy ýylgyrdy. Meret özüni birhili tagaşyksyz duýdy. Ol hiç kimiň göwnüne degmekçi däldi. Alajyny tapyp bilse, ylalaşdyryp goýberjekdi. Brigadiriň tasanjyrap, uly zenzele turzup gitmegine onuň gahary geldi. "Ol pagtadan başga hiç zady bilenok" diýip seslendi.
Bu söz Şiriniň göwnünden turdy. Ol göýä pikirini heniz aýdyp gutarmadyk ýaly, onuň gürrüňini dowam etdirdi:
— Şonuň üçinem kesel döreýär. Munuň brigadasyndan üç adamyň içi agyryp ýatyr.
Brigadir aý ýaly egrelip barşyna, eýwandaky donuny ýasgynjak aldy-da, gowaçalaryň içine siňdi. Bu ýagdaýy synlap duran Meret myssa ýylgyrdy-da:
— Onuň özem şol keselden halas däl — diýdi.
* * *
Howa gitdigiçe gyzýardy. Göwnüňe bolmasa, gün öňküsinden has aşak düşüp, bir duran ýerinden butnaman, otly naýzalaryny depäňden sanjyp duran ýalydy.
Yssydan heder etmeýän ýokdy, agaçlar ýas tutýan dek ýüzlerini sortdurýardylar, başlaryny iki ýana yraşyp dady-perýat edýärdiler. Itleriň dilleri agyzlaryna sygman, ýere degäýjek bolýardy. Olar üýrmäni ýatdan çykaryp,salkynrak sümelge gözleýärdiler, suwly salmalara kürsäp urýardylar.
Kämahal öwüsýän şemaldan-da hiç hili delalat ýokdy. Ol äpet körügiň agzyndan çykýan gyzgyn howry ýadyňa salýardy, ýüzüňi ýalap geçýärdi. Emma tebigatyň bu gazaby obadaky işleriň hiç birine päsgel berip bilmeýärdi. Suw tutulýardy, gowaça bejerilýärdi, ot ýatyrylýardy... Dogry guşluk çaýy adatdakysyndan birneme uzaga çekýärdi, adamlar jöwzany kölegede dynç alyp geçirýärdiler.
Şirin öýlerine gelip, geýimlerini çalşyrdy. Keteni köýnek onuň ýüzüni öňküsinden birhili agrak, peşeneliräk edip görkezdi. Ol gollaryny çyzgap, kakasynyň nahar edinip, ýygnaman giden gap-çanaklaryny kuhnýa alyp gitdi. Olary päkizeläp, ýerli-ýerinde goýdy-da, umywalnigy suwdan dolduryp, ýuwunmaga durdy.
— Salam, Şirin — diýip, kelte boýly, şar gara ýüzli, dodaklary çöwrülip duran ýaşajyk poçtalýon gapyny kakman içerik girdi. Şirin polotensesini weşalkadan asdy-da, onuň üstüne abanyp durdy.
— Her günde näçe salam bolar?
— "Saglykmy" diýäýerler. Salam aşa düşürýän zat däl ahyry.
— Her bir zadyň çaky bar.
— Bolýar, salamymy alýaryn gaýdyp, men ony beripdim adamsyň öýdüp...
Şirin onuň çanjaryp duran çürüje gulagyndan ýapyşdy:
— Bolmanda men haýwanmy, akmak!
Poçtalýon jykyr-jykyr edip güldi-de, Şiriniň eline ýapyşdy. Onuň ozal hem ýere degjek bolup duran mähnet sumkasy leňňer atdy. Ol kellesini aşak egip, Şiriniň elinden sypdy-da:
— Sen bujagaz mymyjak eliň bilen meniň gulagymy agyrdasyň ýok! — diýip bälçiredi.
— Ýeri, ýeri, kilçikligiňi bes et-de, gazetleri ber.
Üç-dört sany gazet bilen bir žurnaly alyp, Şirin yzyna dolandy.
— Bu entek hemmesi däl — diýip, poçtalýon ýylgyrdy.
— Hat barmy? Hany tiz bol!
Bukjany eýesine gowşuran badyna, ol çalarajyk eglip egni bilen gapyny açdy-da:
— Saňa kimiň hat ýazýandygyny kakaňa aýdaýynmy? — diýip, gygyrdy.
Bu wagt alkymyndan top atsaň hem Şiriniň duýmazlygy mümkindi. Onuň bütin ünsi,bar pikiri şu hatdady. Şoňa görä-de, poçtalýonyň ýerliksiz degişmesi derýa oklanan kesek ýaly, dereksiz çümüp gitdi.
Elindäki gazetleri stoluň üstüne taşlap, Şirin bukja ýapyşdy. Onuň içinde iki tarapy ýazylan bir tagta kagyz bilen kiçiräk surat bardy. Ol eli kitaply ýylgyryp duran bugdaý reňkli ýigidiň şekilini öwran-öwran öpdi-de, gözlerini pugta ýumup, bagryna basdy. Uludan dem aldy. Nebsewürlik bilen oňa seretmäge durdy. Näçe seretse-de, mähri ganmady. Onuň didaryndan doýup bilmedi. Güler ýüzüne, gyýa garap duran gara gözlerine irmän-arman seretdi. "Näme ýylgyrýarsyň? Ekzamenden oňat geçdiňmi? Meniň ezizim!" diýip pyşyrdady.
Birden koridoryň gapysy jygyldap açyldy. Şirin Nazaryň hatyny penjiräniň üstündäki küti kitabyň arasynda goýup, gaýra çekildi. Şol wagt goltugy ýaş çagaly, saçlary pezzeribräk duran, orta ýaşly bir aýal galoşyny gapynyň daş ýüzünde çykaryp, içerik girdi. Ol bosaganyň gapdalynda çommalyp oturdy-da, arkasyny diwara ýaplap, gabagyny galdyrman sözläp başlady:
— Bu gyzyň kakasy täze kesel tapyndy: tutgaýy tutýar. Kebzesini owkalap, ötle damaryndan hem tutdurýas welin, bolanok. Ýöne iki ýana urnup ýatyr. Gözüň gyýar ýaly däl... Şoňa kömek etmeseňiz-ä boljak däl. Sag-aman gutulaýsa, eden ýagşylygyňyzy ýerde goýmaz işalla...
Ýaşmagyň añyrsyndan onuň ysgynsyz sesini Şirin zordan eşitdi.
— Ol ýakmaz bir zat iýen däldir-dä?!
— Men näbileýin, iýse iýendir. Özüňiz gaýrat ediň-dä...
Ol aýal hasadan boýalyp edilen ala öýmesiniň içindäki ýumurtgalary emaý bilen öňe süýşürdi. Öýde adamyň ýoklugyny görse-de, ýaşmagyny aýyrman sözledi:
— Döwläýmesin, şulary ýygnaýyň.
Şiriniň ýüzi gyzardy.
— Munyňyz näme? Gerek däl, äkidiň.
— Ýok, ýogeý, beýle diýmäweriň. Men muny yzyna äkitmäge getiren däldirin. Alyň, alyň!
Jedelleşip durmaga wagt ýokdy. Hassanyň ýanyna tizräk ýetmek, oňa kömek bermek gerekdi. Şirin öýmäň içindäki bäş-on sany ýumurtgany okara dökdi-de, öýmäni yzyna gaýtaryp berdi. Çagajygyň eline konfet tutdurdy. Myhman aýal ýaglygynyň ujuna düwlen puly görüp, gaşlaryny çytdy, gaharlanjak boldy:
— Bu näme, gyz?
— Saçakly geleni saçaksyz ugratmagy türkmenler aýyp görýändirler, daýza. Ýörüň, ýol görkeziň.
Öýden çykyp ugradylar. Küpürsäp ýatan melemtil kirşen käýerde bularyň topuklaryna baryp ýetdi. Aýakgabyň reňkini saýgarar ýaly bolmady. Şirin başardygyça gazganaklardan sowlup geçmäge çalyşdy. Emma yssy bilen kirşenden gutulma ýokdy.
"Iki ýana urunýan bolsa, belki, sary getirendir, wagtynda agyry ýetmänsoň, ödi ýarylandyr. Indi oňa näme kömek edip bolarka? Ýa-da köriçegesinde iriň ýygnaýdymyka? ". Tä hassanyň ýanyna barýançalar, Şirin bu pikirlerden el çekip bilmedi.
Ol aýal kese töweregi bişen kerpiç bilen jäheklenen pessejik tamyň gapysyny çep eli bilen itekläp goýberdi-de, yzyna çekilip myhmana ýol berdi. Olar koridordan çep tarapa açylan pessejik gapydan girdiler. Jaýyň kerpiç düşelen poly koridoryňka garanda has pesde bolany üçin, Şiriniň göwresi silkinip gitdi. Özüniň seresapsyzlygyndan utanyp, onuň derçigip duran ýüzi dym-gyzyl boldy. Tamyň bir çetinde, iki eli bilen içini tutup bükülip oturan hassany görüp, ol özüni dürsedi. Haýal etmän ak ýektaýyny geýip, oňa ýüzlendi:
— Adyňyz näme?
— Muhat — diýip, näsag naýynjar seslendi.
Bu at oňa tanyş göründi. Emma bada-bat hakydasyna getirip bilmedi. Birden onuň jontaryp duran süýem barmagyny görende, onuň ýadyna düşdi. Bir ýyl mundan öň, Şiriniň ýaňy işe başlan wagty Muhadyň barmagyna okuma çykypdy. Ol doktora barmazyndan öň kolhozyň ussahanasyna sowlup, taply duran paltalaryň birini alýar-da, uly töňňäniň üstünde goýup, barmagyny çapyp goýberýär.
— Hiý, bir ýara çykany üçin barmagy kesäýmek bolarmy? — diýip käýýänlerinde onuň " Okuma uzaga çekýär. Onuň bir gijeki azabyny çekenden barmaksyz galanyň gowy" diýip, perwaýsyzlyk bilen beren jogaby ýaş wraçy haýran galdyrypdy.
Bu waka ýadyna düşüp çalaja ýylgyrdy-da, Şirin ony keçäniň üstünde arkan ýatyryp, barmaklary bilen garnyny basyşdyrdy. Keselini kesgitläp, oňa maslahat berdi.
— Içiňiz häzir gowy bolar welin, iýýän zadyňyza pikir bereweriň. Zaýa bolan nahary iýmäň, çig suw içmäň.
— Wah, şundan gutulyp bilsem, näme diýseňiz etjek-le...
Margansowka erginli ýarym bedrä ýakyn suwy kynlyk bilen içensoň, onuň agzyndan gelýän sarymtyk jerhet öňündäki taňňyry dola-bara etdi.
Şondan soň onuň jany aram tapan bolara çemeli.
— Eliň-gözüň dert görmesin, bajy, dünýäm giňän ýaly bolaýdy.
— Ýöne, "bajy" , "bajy" diýip otyrsyň-la, bu Berdi aganyň gyzy ahyry — diýip, aýaly söze goşuldy.
— Päheý, weli... bu şonuň gyzy diýsene asyl. Boldy, boldy... tüweleme, tüweleme, örän oňat gyzy bar ekeni. Hany, jigim, otur şu ýerde — diýip, halyçanyň üstünden oňa orun görkezdi.
— Sag boluň, geçip oturjak däl, öýe barmaly. Kakam garaşyp oturandyr.
— Beýtmäň, jigim, biziňem garyp göwnümiz bardyr. Oturyň hiç bolmanda bir dilim gawun iýip gidiň! Onýança motor ýa-da araba taparys. Sizi beýle goýberip bolmaz.
Ol erjellik bilen Şirini oturdyp, keçäniň üstündäki suwly taňňyry äkidip barýan aýalyna ýüzlendi:
— Bibigözel, naharyňy tizräk getir-de, Meretdurdylara adam iber. Öýde bolsa, motoryny münüp derrew gelsin.
Ýakyndan tanşyp, içki duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik tapmadygam bolsa, araky duşuşyk Merede güýçli täsir etdi. Ol ony görmek, onuň bilen sözleşmek arzuwyndady. Emma oňaýly pursat tapyp bilmeýärdi. "Motoryny münüp derrew gelsin" diýen habar onuň göwün guşuna ganat berdi. Ol ejesiniň getirip goýan bir okara çalyny başyna çekdi-de, iň gowy görýän gögümtil ýüpek köýnegini, sür telpegini geýip, daşary çykdy.
Aradan salym geçmänkä, motosikletiň sesi goňşularynyň gapysynda ýaňlandy. Meret içerik girip, ilki öý eýesi, soňra myhman bilen elleşdi. Şiriniň süňksiz ýaly eýjejik barmaklaryny gysanda, onuň ýüregi ersip gitdi. Ol hiç bir elleşikden beýle lezzet almandy. Käşgä şu eli ömürbaky sypdyrman tutup bolsady, onda ol özüni dünýäde iň bagtly adam hasaplardy.
— Geldiňmi, Meretdurdy? Ine taýynja nahar bar, alyp otur — diýip, öý eýesi seslendi.
Gözlerini süzübräk, aşak seredip oturan bu gözel gyzyň ýanynda öz adynyň Meret däl-de, Meretdurdy diýlip hormatlanyp tutulýandygyna ýaş ýigit monça boldy. Ol muny tanyşlygyň başlangyjy hasap etdi. Ugrajak bolanlarynda ol kisesinden ýaglygyny çykaryp, Şiriniň oturjak ýerini süüpürdi-de:
— Ýolda birneme silker welin, käýemersiňiz-le? — diýip lak atdy.
— Bu ýollary indi görmeli däldir-le, arkaýyn sürüberiň — diýip, kimdir biriniň zoňtar sesi eşidildi. Şondan soň motor iňläp ugrady.
Öýleriniň duşuna gelenlerinde, Şirin mylakatlylyk bilen:
— Sag boluň, Meretdurdy, men size azar berdim — diýdi.
— Käşgä şunuň ýaly azary köpräk bersediňiz.
— Hoş wagtyňyz, Meretdurdy!
Şirin suwly bedre göterýän ýaly, kiçijik çemodanyny galgatman, pessaý basyp, öýlerine girip gitdi. Onuň yzyndan henizem aňkaryp duran Meret:
— "Hoş wagtyňyz, Meretdurdy". Be, şunuň ýaly näzik gyzlaryň agzy bilen aýdylsa, meniňem adym erbet däl ekenow!..— diýip, pyşyrdady-da, yzynda inçejik tyga galdyryp, gözden gaýyp boldy.
Guş bolup uçmaga Merediň ganaty ýokdy. Motosiklet onuň göwnünden ýüz, ýok, müň esse yza galýardy. " Hoş wagtyňyz, Meretdurdy!.." Dünýäniň ähli mukamlaryny , ähli şirin owazlaryny bir ýere jemleseň-de, oňa bu sesiň lezzetini berjek däldi. Şu ses, diňe şu ses onuň bagtyny hüwdüleýärdi. Ony uçurýan, ony göçürýän hem şoldy. Ol motosikletini tarladyp, okkesdirme geçýän ýaly, öýleriniň daşyna üç-dört gezek aýlandy. Ejesi allaniçigsi bolup, daşaryk çykmadyk bolsa, ol henizem aýlanjakdy.
— Weý, oglan, saňa ne döw urdy? Bolup ýörşüň näteňet?
— Ýok, eje jan, meni döw uranok, perişdeler göterdiler...
— Ylahym şeýle bolsun-da...
Öýe giren batlaryna ejesi geň galyp sorady:
— Hany basymrak aýt, huma büdrediňmi, altyn tapdyňmy?
Meret gatyrganjak boldy:
— Kakam ikiňiziň puldan başga derdiňiz ýok. Hamala dünýäde şondan başga zat ýok ýaly...
— Beýdip süýjüdip durma-da aýdaýsana, oglan.
— Ony soň aýdaryn, eje. "Herekete bereket" diýipdirler. Häzir hereket etmek gerek.
— Hereket diýdiň, bereket diýdiň, düşünýän däldirin men-ä.
— Düşünersiň, eje, dura-bara düşünersiň.
* * *
Bekge Pürliýew. 1981.ý.
Dowamy bar...

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.