ölen öli / hekaya
Obanyň pagtaçylyga baryp urýan çet gyrasynda Berdi uzyn amanadynyy tabşyrdy. Onuň daş-töweregi tut çybygydyr gamyş kepbeden çalamydar germew edilen howlusyna oba adamlarynyň hiç biri boýnuny-da uzatman ýörensoň, dogrusy, ölüm habary-da birki günläp eşidilmese-de eşidilmezdi.
Berdi uzyn hakdaky üýtgeşik habary ilkinji bolup getiren onuň gabat garşysyndaky goňşulary Ahmet dükançynyň dört ýaşlaryndaky gyzjagazy Soltangül boldy. Munuň hut şeýle bolmagynyňam öz sebäbi bardy. Berdi uzyn aýaly Maral kempir bilen bütin mellegine günebakar ekerdi. Onsoň, ýylyň ähli paslynda garrap, halys eňki agan är-aýal ikisi oba dükanynyň öňünde ýanaşyk oturardylar-da, uzakly günläp çigit satardylar. Berdi uzynyň egninde-hä gyşyn-ýazyn solup-solup, tüýdülip ugran penjegi, mydama gulaklary goýberilen sary gulakjyny bolardy. Maral kempir hem ýylyň ýekeje gününde-de kirden hem könelikden ýaňa reňki-petiniň-de neneňdigi saýgartmaz bolan başatgyjyny başyndan aýyrmazdy. Haçan görseň hem, çep eli bilen başatgyjynyň bir synyny agzyna tutar oturardy. Çigit alýanlar-a Berdi uzyn-a guýup bererdi, Maral kempir bolsa pul ýygnardy. Özem hüňürdäp, her kime bir gargynyp galardy. Onuň iňirdilerine endik edinen obadaşlar kempire hiç zat diýmezdiler. Çigitlerini alansoň, hersi öz ýoluna giderdi.
Är-aýalyň ýaňy aýak biten çaga ýaly ýörjen-ýörjen bolup ýörüşlerini synlaýan oba adamlary soňky döwürlerde olaryň günsaýyn haýallaýandyklaryny duýýardylar. Şeýle-de boldy. Mundan ýarym ýyl öň-ä Maral kempir dünýeden ötdi. Şondan soň çigidi Berdi uzynyň bir özi satardy. Ine, bu günem...
Soltangül çigit almak üçin dükanyň öňünde Berdi uzyna kän garaşdy. Ahyr çaga kanagaty gutaryp, ol howlukmaçlyk bilen ylgaşlap, Berdi uzynyň öýüne gaýtdy. Janly-jemendäniň aýak basmaýan bu howlusyna käteler joralary bilen bilesigelijilikli nazarlaryny aýlap, jyklaşýan ýerlerine gelip, örülen ýüpleriň gyrlyp gidenligi zerarly, çaýşaryşyp duran tut çybyklaryna maňlaýyny ýanaşdyrdy. Soňam seresaplyk bilen howlynyň içine göz aýlady. Berdi uzyn kirden ýaňa ýalpyldap duran çigit haltasyna bagryny berip, ýüzin düşüp ýatyrdy. Bir goşawuç ýaly çigit haltanyň agzyndan dökülip, töwerege pytrapdyr.
Bu ýagdaý düşünýän adam üçin üns çekerlem bolsa, Soltangülüň çaga beýnisine hiç hili täsirini ýetirmedi. Ol Berdi uzyn ýöne ýatandyr öýtdi. Birbada pessaýja seslendi:
—Berdi aga! Çigit ber-dä!..
Şeý diýip, Soltangül öz sesinden utanjyrady-da, dilini çykaryp goýberdi. Soňam bolup durşuny biriniň göräýmeginden ätiýaç edýän dek, töweregine garanjaklady. Dodaklaryny ýalady. Dilini ýygnap, dodaklarynyň ölüni aýasy bilen süpürişdirensoň, ýene nazaryny howlynyň ortarasynda, günüň aşagynda düňderilip ýatan Berdi uzyna gönükdirdi. Bu gezek birneme gatyrak gygyrdy:
—Berdi aga! Çigit ber-dä!—Soltangül şeý diýip, bir salym dymdy-da, ýene dowam etdi.—Çigitleňňem dökülip ýaty-yr, Berdi aga-a!..
Berdi uzyndan ses-üýn bolmady. Howlynyň içinde ondan-oňa gybyrdaşyp ýören, perlerine kir siňen towuklar dökülen çigitlere ýakynlaşdylar. Gyzyl kekeç horaz Berdi uzynyň üstüne münüp, ganatlaryny pasyrdatdy. Towuklar bolsa çigitli haltanyň daşyna geçdiler.
Bu ýagdaý Soltangüli diýseň gynandyrdy. Ol towuklaryň çigitleri çokup gutarjagyna şeýle bir gynandy welin, sesini has gataldyp gygyranynam duýmady:
—Berdi aga-a! Towuklaryň çigit çokýala-arr!..
Berdi uzyndan ýene hiç hili jogap-gaýtargy bolmansoň, Soltangül yzyna ýelkildedi. Atylyp öz öýlerine bardy-da, kir ýuwup oturan ejesiniň egninden silkeledi:
—Eje, aý, eje! Bar, kowsana basymrak! Towuklar-a çigitläp gutarjak bolýalar. Berdi aga bolsa olary kowanagom. Ýatyr, ýatyr... Bar, sen kowaý-ow!
—O nämäniň çigidi?—diýip, Soltangülüň ejesi Aýgül gözlerini tegeledi.—Görüp dursuň-a, işim köp. Towuk kowup ýörmäge wagt barmy näme mende?!
—Onda Berdi aganyň özüne aýdaý, kowsun-da towuklary!—diýip, Soltangülem bes etmedi.—Ol ýöne ýatyr-ýatyr... Horaz üstüne çykýaram welin, kowanok. Çigidi gutarar-da towuklar!
Soltangülüň soňky sözleri Aýgülüň inini jümşüldetdi.
—Hih!—diýip, ol içini çekdi.—“Horaz üstüne münse-de, turanok” diýýäňmi?—diýibem, howsala bilen sorady.—Nirede ýatyr ol?
—Öz howlusynda-a!—diýip, Soltangül janykdy.—Çigit satmaga kakamyň magazininiň ýanyna barmady welin, men onuň howlusyna jyklap gördüm. Ol bolsa ýatyr, ýatyr. Çigidinem döküpdir. Çigitleri bolsa towuklar çokup başlady.
—Waý, alny gara, işini bitirip ýörmükä indi olam?—diýip, Aýgül özbaşyna pyşyrdady-da, ýerinden howlukmaç galyp, elini ýuwdy. Soňam gapdaldaky goňşularyna ugrady.—Arzy mama bir aýdaýyn.—Şundan soň ol Soltangüli hem howlukdyrdy.—Bar, basymjak git-de, maňa aýdan zatlaryňy kakaňa-da aýt. Adamlara habar bersin!
—A sen towuklary kowarmyň onda?!—diýip, Soltangül öz aladasyny ýadyndan çykarmady.—Çigit äberersiň gerek soň?!
—Äbererin, äbererin!—diýip, Aýgül howlukmaç gidip barşyna dillendi.
Garaz, şeýdip, Berdi uzynyň amanadyny tabşyrandygy baradaky habar obadaşlara eşitdirildi.
Il-gün diýeniň bir gowy zat. Derrew oňa-muňa habar ýetirişip, Berdi uzynyňka ýygnanmak bilen boldular. Elbetde, bütin oba üýşmese-de, golaý-goltumdaky goňşy-golamlaryň aýal-erkegi geldi.
Howly agryljak ysdan dymyljap durdy. Nijeme ýyl bäri tapan zatlaryny atyp oturansoňlar, howluda zir-zibilden kiçijik depe döräpdir. Üstesine-de, aýaly Maral ýogalaly bäri, öýüň içine-de sübse degmändir. Ortarada ýazylan zadyň düşekdigi-de, palçykdan dörän gemredigidi-de tanydar ýaly däldi.
“Aýal her näme-de bolsa, aýal bolýa-da” diýip, bu ýagdaýa syn edip durşuna, Berdi uzynlaryň iň ýakyn goňşulary bolan Arzy mama pikir öwürdi. “Näme-de bolsa, Maral pahyr-a içersine sübse-hä çalan bolardy. Düşeklerini ýuwup-arassalamasa-da, üstüniň çöp-çalamyn-a aýrardy”.
Nije ýyllapgyşyn-ýazyn egninden aýrylmadyk, kirden ýaňa gemre baglap giden penjegini aýryp, Berdi uzyn pahyry içerde süýndürdiler.
—Adamy ses etmän jaýlamag-a bolmyýamyş—diýip, Arzy mamanyň adamsy Gurban aga köpe baş bolup gepledi.
Märeke ses-selemsiz duran aýallara tarap nazar aýlap goýberdi. Aýallaryň bary birbada köwüşleriniň burunlaryna seredişip, dymyşyp dursalar-da, özleriniň içerik girip, ses etmelidiklerini bilýärdiler. Sebäbi Berdi uzyn pahyr üçin özlerinden başga ses etjegiň-de, alada etjegiň-de ýokdugyny bilýärdiler.
Içeriniň ysy howlynyňkydanam beterdi. Üstesine-de, Berdi uzyn pahyryň özün-ä bilenoklar welin, eşiginiň ýuwlanynam gören ýokdy. Eýýäm nije ýyllar bäri onuň şol bir eşikleridi. Aýaly Maral pahyram ömrüniň soňky ýyllaryny ýekeje köýnekdir başatgyçda ötürdi. Soňky günler-ä onuň asyl kir ýuwmaga-da mydary galmady. Il-günüňem gapysyndan-a olar ýüz tutup baranokdy. Baraýanda-da hiç kimiň ýüregi batyrynyp, olaryň kirini ýuwmaga ini aljak däldi.
Är-aýal bolup, ýa-ha uzakly gün oba dükanynyň agzyndan oturyp, çigit satardylar, ýa-da öýlerinden çykman oturardylar. Kätelerem ondan-mundan ýygnan çüýşelerini torjagaza salyp, satmaga giderdiler. Özlerem halys tapdan galypdy. Aýaklanmadyk köşek ýaly zordan ýöreýärdiler.
Obadaşlar olara öz ýanlaryndan kinaýa bilen “gumrular” hem diýerdiler. Garry är-aýalyň bileje tirkeşip ötdükleri “Gumrularymyz-a bir ýana şaýlandylar” diýşip ýylgyryşardylar.
Dogrusy, olaryň aýry ýörenine kän duşulmazdy. Diňe kä wagt Maral kempir july çykan başatgyjy bilen ýüzüniň iki garagyndan başga ýerini ýapyp, köçede durardy. Şonda ötüp-geçýänler oňa şeý diýerdiler:
—Näme, Maral daýza, Berdi aga taşlap gidäýdimi seni?!
—Ýog-eý, Hudaý saklawersin-eý!—diýip, Maral kempir oýunlyga salnyp diýlen gepi çyny bilen kabul ederdi.—Berdi agaň bir meni taşlamawersin! Öň oňa ne günlük bilen ýetdim men!—Soňam ol elini silkip goýbererdi-de, geleňsiz geplärdi.—Ah-eý, taşlap gidende nä, menden gowyny tapar öýdýäňmi şo?!
Kirden ýaňa eşikleriniň reňki saýgartmaýan garrynyň ebtine nazar aýlap, ötegçi ýylgyraýardy.
Bulara hemmeden beter Arzy mama has beletdi. Ol wagtlar Arzy mama-da ýaş gelindi. Gaýynlary bardy. Goňşy öýdäki gelniň ömür gözi ýaşlydy. Başy başatgyçlydy. Ýüzi gamgyndy. Günleriň bir güni gaýynlary toýa giden çagy şol gussaly görünýän gelin Arzynyň ýanyna geldi.
—Iki sany gözmonjugy ýaly çagamy taşlap, şu haram uzyna gaçyp gaýtdym—diýip, Maral şonda zar-zar aglapdy. Zol-zol gussaly dem alýardy.—Öň-ä bu uzyn “Soň çagalaryňam äkideris” diýibem söz berdi. Adamym ýogalandygy zerarly, ýarawsyz eje hem heniz çagalykdan saýlanmadyk jigilem bilen gaýgy-gussada otyrkam, onuň ýyly sözlerine gözümi-başymy aýladypdyryn. Biwagt gelen söýgi meni guduz ite dönderipdi şo wagt. Hakyt çagajyklarymy näsag ejeme taşladym-da gaýdyberdim... Indi bolsa “Kesekiniň çagasy gerek däl” diýip dur adamym. Gijelerine ýatyp bilemok. Oguljygym bilen gyzjagazym gözümiň alnyndan aýrylanok! Gaçyp yzyma gideýin diýsemem, indi eltilmejegimi bilýän. Menden ejemem, ähli kowum-garyndaşlaram ýüz öwrendir, habar alýan ýok.
Şol wagtlar Maral şeýle bir görmegeýdi welin, ýaşy otuza baran-da bolsa, ýüzi bäbägiň teni ýaly näzikdi. Gara gaşlary ak ýüzüne gelşik berip durdy.
Maral ýagdaýyny Arza gürrüň berip, aglamak aglapdy. Arzy bolsa goňşy gelniň nalasyny toýdan gelenden soň, gaýynyna gürrüň berdi.
—Gözi çyksyn şo Maralyň!—diýip, Arzynyň gaýynenesi goňşy gelne rehim edip durmady.—Otursa bolmyýamy adamsynyň ojagyny saklap! Ogul ýerinde ogly, gyz ýerinde gyzy bar. Meslik edip, gül ýaly çagalardan ýüz öwrüp gaýdan bolsa, gözi çyksyn şonuň! Azgynlyk adamy gowulygyň üstünden eltmez! Ýeri, äre barmak isläpdir, taň edipdir, ejesine-garyndaşlara duýduryp, barjagyň aňyrsyna-bärsine göz ýetirse bolmaýamyşmy?! Hana, gül ýalylygyna neşäniň ugrunda hars urup ýören bir bihepbä gaçdy geldi. Ol bihepbe öňem Maral ýaly gelinleriň ençemesiniň öýüni başyna ýumran bihepbedir. Diýenini diňlemän, ejesi-kakasynyňam içini çüýredip, ýere sokan bihepbedir!—Şu zatlary bir öwrede aýdyp çykansoň, gaýynenesi Arza-da berk sargady.—Gaýdyp şol, Maral diýen azgyny öýe-de getiräýme, onuň ýanyna-da baraýma!
Arzy soň-soňlar görüp otursa, il-günem edil toý-ýas bahanasy ýüze çykaýmasa, Berdi uzyndyr Maralyň gapysyndan kän bir garap durmaýan eken.
Gaýynlary ýogalyp, özi ene bolansoň, Arzy mama Marallara käýarym baryp başlady. Duldegşir goňşy bolup durka, barmanam bolanokdy. Käte olaryň biri ýaraman çagyrýardy, kätelerem karz alan pullaryny bermänsoňar, Arzy mamanyň özi baryp ýatlatmaly bolýardy. Beren puluňdan geçäýer ýalam däldi. Olaryň dileginiň soňy gelenokdy.
Özüni il-günüň gaty bir halap barmaýanyny duýan Berdi uzyn öýüniň daşyna tapan çöp-çalamyndan, kepbemidir gamyşdan howly aýlady. Ýagdaý tapsa-da, şondan çykmazlyga çalyşýardy.
Öňler gara gaýyş ädigini ýalpyldadyp, gyrmyzy donunyň synlaryny guşagyna gysdyryp, badyhowa gezýän ak silkme telpekli Berdi uzyn garradygyça çökdi. Ondan perzendem önmedi. Neşe keseli bolsa onuň öýüni ýykdy.
Güýç-kuwwaty dyňzap, ýyldyza toýnak salýan döwürleri Berdi uzyna Arzy mamanyň adamsy Gurban aga-da:
—Maralyň çagalaryny getirmeseňem, ýetim-ýesir çaga al-da, sakla. Soňky gün gapyňy açmaga adam-a gerekdir ynsana!—diýip, köp töwella edipdi.
Ýöne Berdi uzyn hiç bir pendem diňlemändi.
—Gününmizi görüp bilmedik wagtymyz gözümiz çykaýsyn!—diýip, çagadan gürrüň gozgalsa, gedem jogap berýärdi.—Çaga gerek däl! Adamy garradýan çaganyň keşigi!
...Ýöne çaga keşigini çekmese-de, Berdi uzynam garrady...
...Şu geçen zatlary hakydasynda aýlan Arzy mama başatgyjy bilen agzy-burnuny ýapyp, aýallara baş bolup, içerik girdi. Beýlekilerem onuň yzy bilen sümüldiler.
Içeriniň dymyljyk ysy aňryňy bärik getirýärdi. Aýallaryň bary başatgyçlarynyň synlary bilen agyz-burunlaryny ýapdylar. Içerik girselerem girdiler welin, hiç kim aglamaga meýil bildirmedi.
—Waý-eý, ys aldy-la, bir ses edeliň-de, çykaweräliň basymrak—diýip, Aýgül çydaman pyşyrdady.—Arzy mama, özüň gaýrat edäýsene, ýene sen köpi görensiň!
—Köpi görsemem, men-ä heniz beýle tüwmaýak öleni göremok—diýip, Arzy mama hüňürdedi. Soňam birbada nämeden başlajagyny bilmän “Heý, weý-eý, jan doganlar-eý” diýip, uwwuldan boldy. Özem içinden: “Yzyňda galanyň bolan bolsa, iň bolman “Atam” diýib-ä gygyrardy!” diýip, pikir öwürdi. “Häý, öz-özüni betbagt eden bende diýsä!”.
Arzy mama özi baş bolup, bu ýagdaýdan baş alyp çykaýmasa, gapdalyndaky ýaş-ýeleňlerden-ä hiç zat çykmajagyny özem duýýardy. Şonuň üçinem ol şu salymyň içinde serinde aýlap çykan pikirlerini diline getirip, däp boýunça agyny dowam etdi:
—Adam bolup gitmek üçin adam ýaşamal-eý... Sen bolsaň, şony oňarmadyň-eý, bendäň çagasy-y! Ne ili diňlediň, ne özüň adam bolduň! Indi öýüň yzyňda gugaryp galjag-eý... Gapyňdan girip-çykjagyň ýog-eý...
Arzy mamanyň agysyna aýallaram baş yraşyp, ses goşan boldular. Onuň sözlerine pyňkyraýjak bolanlaram boldy. Ýöne olaram başatgyçlaryny dişleri bilen berk gysyp çydam etdiler.
Biraz gygyransoň, Arzy mamanyň agzy gurady. Ol sesini goýup, töweregindäkilere hüňürdedi:
—Hany, sizem bir zat diýiň-dä indi!
Aýgül “Ýok!” diýen terzde ellerini daldalatdy. Onýança-da gapydan erkek kişileriň biri kellesini uzatdy-da, däp boýunça gepledi:
—Hany, bes edäýiň indi! Agy bilen ölini direldip bolmaz! Öleniň yzynda ölüp bolasy ýok!
Şu sözler diýlerine mähetdel, aýallar gyrgy gören serçeler kimin güsürdeşip ördüler. Göz açyp-ýumasy salymda-da daşaryk atylyp çykdylar.
—Şuň yzynda ölmeli bir bolmawersin!—diýip, ýaş gelinleriň biri diýlen söze jany ýanyp pyşyrdady.
Arzy mama oňa gözlerini alardyp seretdi. Aýallar daşaryk çykanlaryndan soň, üstlerinden dagyň bölegi aýrylan dek ýeňil dem aldylar.
“Zanny düzüw bolmadyk adam gidende-de adam baryna ezýet berer eken-ow!” diýip, Arzy mama içinden birsyhly pikir öwürýärdi. “Içersi dagy diri adamyň içersine meňzeş däl. Ysdan ýaňa tas gyzylödegim agzyma gelipdi”.
—Dogan diýibem gygyrdyňyzmy, Arzy!—diýip, Gurban aga aýalynyň ýanyna gelip, onuň pikirlerini böldi. Pyşyrdap gepledi.—Hossar agysyny eşitmese, merhumyň ýüregi ynjalmazmyş diýýäler!
“Dogan” sözüne bir mynasypmy ol!” diýip, Arzy mama içinden gahar bilen pikir öwürdi. “Doganly boljak bolsa, kowum-garyndaşy bilen ähli gapyny ýapyp çykmazdy. Şu oba göçüp geleli bärem, şuny sorap-idäp gelen adama-da göz düşmedi. Üstesine-de, bärde-de özüniň kimligini bildir-dä ol. Bir wagtlar dagy: “Meniň deňimde oýnamaň, goh edýäňiz!” diýip, çagalarymy dagy nähili daşlaýady ol. Bir gezek Bally janyň dagy tas gözüni çykarypd-a ol! Bu günem men oňa dogan çykmalymyşymmy!”.
Içinden näme pikir öwürse-de, Arzy mama adamsyna sesini çykarmady. Gözlerini gahar bilen agdaryp, esli wagt seredti durdy. Soňam “Hawa” diýen terzde göwünli-göwünsiz baş atyp oňdy.
Garaz, şeýdip, Berdi uzyny äkidip dyndylar. Ýöne ony gaýdyp ýat eden bolmady. Türkmeniň däbi boýunça “belli gün” diýip, ojak otlap, tüsse çykaranam bolmady. Onuň ölümine ýürekden gynananam diňe Soltangül boldy. Ol ýas ýerinden gaýdyp gelen ejesiniň üstüni sorag bilen gömdi:
—Çigit getirdiňmi? Towuklary kowduňmy? Towuklar gutaran ekenmi çigitleri?
—Bu wagt çigit bolmaz, gyzym!—diýip, Aýgül başatgyjyny aýryp durşuna Soltangülden hiç zady gizlemedi.—Berdi aga ölüpdir. Indi ol hiç wagt çigit bermez!
—Näme üçin?—diýip, Soltangül gynançly gepldi.—Ölende näme, çigit berip bolanokmy?
—Hany, köp gepleme!—diýip, gyzynyň sowallary ýüregine düşen Aýgül birneme gaharlandy.—Ölen adam çigit bermez! Öleni ho-ol, daş ýerik äkidip gelýäler.
—Berdi aga daş ýerik çigidinem alyp gidipmi?—diýip, Soltangül soragyny gutarmady.—Eje, Berdi aganyň öýünde çigit satýanyň aýal hilem bard-a?! Ho-ol, kakamyň magazininiň ýanynda Berdi aga bilen bileje oturardy. Olam ýokmy?
—Ol Berdi aganyň aýal hili däl, Soltanjan!—diýip, Aýgül ümbilmeziň sözüne ýylgyrjak ýaly etdi. Soňam oňa janygyp düşündirmäge durdy.—Ol Berdi aganyň aýaly, Maral daýza. Ol hem öldi. Ho-ol, gar ýagan güni kakaň dagy onam äkidip gelipd-ä daş ýerik. Ýadyna düşenokmy?!
Soltangül gözlerini tegeläp, başyny ýaýkady-da, birbada dymdy. Soň bolsa uludan dem alyp, gynanjyny mälim etdi:
—Indi bize kim çigit bererkä?!..
Berdi uzyndan galan germew çöplerem hiç kim ellemedi, towuklaram. Gaýtam her kim onuň howlusyna tarap hatda seretmän ötmäge çalyşýardy. Seredýänlerem juda sowuk duýgyny başdan geçirýärdiler. Howludaky towuklar-a ara salym düşmän, ýitirim boldy. Ony şagalyň alanam belli bolmady, ogry-jümriniň alanam. Howlynyň daşyndaky germew çöplerem mal-garalar basgylap, ýykyp gutardylar.
Berdi uzynyň mellegi ýaş çatynjalaryň-da ençemesine hödürlenip çykyldy. Ýöne netije bolmady. Ol ýerik hiç kimiň ýüregi çekmedi. Şeýle bolansoň, Berdi uzynyň mellegi traktor bilen sürlüp, kolhozyňň pagtaçylygyna goşulyp goýberildi.
Mellegiň pagtazarlyga berkidilýän güni Gurban aga-da üýşüşip duran adamlaryň ýanyna sowlupdy. Şonda ýaşulularyň biri töweregindäkilere ata-babadan aýdylyp gelinýän tymsaly aýdyp berýärdi:
—..Ine, şonda biri: “Ölen öli kim bolýar, ölmedik öli kim bolýar?” diýip soranmyş. Ýaşuly bolsa: “Yzynda nesil galyp, gapysy ýapylmaýan adamlar-a ölmedik ölüdir, oglum, dünýeden zürýatsyz ötüp, ojagy ýykylyp, ýurdy tozýanlar bolsa ölen ölüdir” diýenmiş...
Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.