Gulagy ýarym metr gowrak owlak

Uzyn gulakly geçi Pakistanyň metbugat neşirlerinde ýyldyz boldy. Karaçi şäherinde dünýä inen “Simba” atly geçi uzyn gulaklary bilen metbugatda uly gyzyklanma döretdi. Onuň gulaklarynyň uzynlygy 54 santimetre çenli ösdi.

Onuň eýesi Mohammad Hasan Nereho geçiniň dünýä rekordyny hem goýmagy mümkin. Hasan Nareho Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi internet saýtyny hem seljeripdir. Internet sahypasynda “iň uzyn gulakly geçi” kategoriýasy ýok eken.

– Geçi doglandan 10-12 günden soňra gulagynyň uzyn bolmagy bilen hem ýerli hem-de daşary ýurt metbugatynda orun aldy. Galybersede, ol gözellik bäsleşiginde hem ýeňiş gazandy – diýip, Mohammad Hasan Nareho gürrüň berdi.

“Simba” atly geçiniň gulagy has uzyn bolandygy üçin onuň eýesi gulagyň üstünden basmazlygy üçin gulagyny eplemeli bolýar.

Mohammad Hasan Nareho haýwan üçin ýörite daňy ýasap, geçiniň gulagyny şol ýere ýygnap goýýar.

Mohammed Hasan Nareho “Simbanyň” üsti bilen Pakistany iň gowy geçileriniň ösdürilip ýetişdirilýän ýerine öwürmek babatda maksadynyň hem bardygyny belledi.

Çeşme: >>>Şu ýere basyň<<<
3 лайков 141 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 21:20
Ýaponiýaň ýaşoklarynyň birini öldüripdirler. Pahyryň jaýy jennetden bolsun!
Ahmet
Автор 08 июл 2022, 21:21
O nä musulmanmy jaýy jennetden bolsun diýer ýaly diýäýmäň ýöne :D
.Resul.
08 июл 2022, 21:46
Televizorda görkezip durdular şol owlagy
#B.S
08 июл 2022, 22:05
Ahmedik_97
Ýaponiýaň ýaşoklarynyň birini öldüripdirler. Pahyryň jaýy jennetden bolsun!

Onki primer ministr Sindzo Abe...