Adada ýaşaýan aýal (Dowamy 3)
Diňe özüniň galandygy üçin kempir ýekesiräp durmady. Demir ýolunyň ýakasynda Şatlyk diýip at alan täze oba göçübem barmady. Ol asyl täze oba gezelenje-de çykmaýardy. Saý-sebäp bilen Körlere gelenler bilen gepleşmeýärdi. Kempir üçin indi olar bütinleý nätanyş, del adamlar ýalydy.
Dünni mamanyň has üýtgändigi, onuň indi öňki obadaşlaryny hem tanamaýandygy baradaky habar Şatlykda ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Bu habar uludan-kiçä hemmäni ullakan ünjä goýdy. Ýöne hiç kim näme etjegini bilmeýärdi. Kempir soňky birküç aýyň içinde bütinleý üýtgäp, gözüň öňünde başga adama öwrülip barýardy. Bu hemmä-de mälimdi. Emma etjek alaçlary ýokdy.
Obany suw basmazyndan bir ýyl öň - heniz uruş gutarmanka - kempiriň ortanjy oglunyň "gara hatyny"getirip beripdiler. Köp wagt geçmänkä ondan kiçisini - Nazargeldini fronta aldylar. Iň körpesiniň gidenine bir aýam dolmanka adamsynyň "gara haty"geldi. Yzysüre-de uly oglunyňky...
Uruş gutardy. Emma Nazargeldi gaýdyp gelmedi. Onuň gara hatynamibermediler. Hiç kim Dünni mamanyň diri galan ýeke-täk ogluna garaşýan-garaşmaýandygyny bilmeýärdi.
Her gezekki "gara hatdan"soň Dünni mama keçeleri tüýdülip ugran gara öýüne girýärdi-de, ondan telim günläp çykmaýardy. Gündizlerine garaja öýden hiç-hili ses-seda eşidilmeýärdi. Gijelerine welin... Il ýatyp it uklansoň derýanyň dyngysyz şaggyldysyna kempiriň basyk huwwuldusy goşulyşýardy.
Goňşulary onuň gapysyndaky ugruna seredilmeýän, açlygyndan ýaňa uzyn günläp lägirýän geçisini, bireýýäm süýtden çykan ýeke şahly sygryny idetmäge başladylar. Dünni mamanyň weli dura-bara hiç zat bilen seri bolman ugrady. Ol kem-kemden iýip-içmekdenem kesildi. Diňe goňşulary okarada bir zatlar getirip öňüne goýanlarynda, titreýän gollary bilen birki çemçe alýardy-da, ýene ýassyga kellesini goýýardy. Berilýän soraglara-da köplenç jogap bermeýärdi.
Kesesinden seredeniňde ol özüne aýdylýan zatlary eşidýändir diýibem pikir eder ýaly däldi. Kempir diňe käwagtlar gözüni açyp, goňşy-golamlarynyň henize çenli gitmän, sessiz-üýnsüz daşyny gallap otyranlaryny görende bir zatlar diýip dodaklaryny kümşüldedýärdi. Emma onuň näme diýýändigine adatça düşünip bolanokdy. Şeýdibem Dünni mama sanalgyja aýyň içinde bütinleý özgerdi. Bütinleý dymma we müňkür adam bolaýdy.
Aýlar-günler bolsa şol bir geçip durdy, geçip durdy...
(Dowamy bar)

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.