Adada ýaşaýan aýal (Dowamy 2)

Bir wagtlar o-da hemmeler ýaly obada - il arasynda ýaşaýar eken. Emma ondan bäri gaty köp wagt geçip gitdi. Köp wagt...
Uruş gutaran ýylynyň tomsudy. Hemişekileri ýaly derýa joşýardy. Şol ýyl joşgun has-da güýçli geldi. Oň üstesine-de akymyň tersine üç günläp dynman şemal öwüsdi. Öňdenem bahana tapman duran derýa gün geçdigi saýy çişip, kenaryna sygman ugrady. Sygyrlaryň jeňňeldäki örüsini, kolhozyň ekin ýerlerini suw basdy. Dünni mamalaryň ýaşaýan Körler obasyna howp abandy.
Körlerde ulydan-kiçä joşguny saklamak üçin aýaga galdy. Pildir-kätmen bilen derýa ýakasyndan raýyş çekmäge girişdiler. Raýonyň beýleki kolhozlaryndanam kömege gelindi. Iki gije-gündiziň dowamynda uzynlygy sesýetimlik, beýikligi adam boýy raýyş galdyryldy. Emma derýa raýyşyň gowşak ýerinden böwüsdi-de, özüni obanyň gaýrasyndaky käle taşlady. Şol käl bilenem esli ýere - tä Küregen dagyna maňlaýy degýänçä arna ýasap gitdi. Küregeni böwüsmek weli oňa başartmadyk bolara çemeli. Derýa misli köşeşen ýaly, ýene ilerik öwrülip, esasy hanasyna goşuldy. Şeýdibem uzynlygy bir salkynlyk ýol bolan ullakan ada emele geldi. Körler obasy hem şol adada galyberdi.
Şol günüň ertesi bu obanyň adamlary gaýralygyna - demir ýolunyň boýuna geçmäge başladylar. Iki-üç günüň dowamynda adada uklary çaşyşyp, keçeleri tozup giden garaja öýden başga hiç zat galmady. Ol öý Dünni mamanyňkydy.
Dünni mama öz obasyndan başga ýere göçmek islemedi. Oňa suwuň içinde galýandygyny, derýanyň ýene sähel joşaýsa Körleri hem basjakdygyny düşündirdiler. Emma bary biderek boldy. Kempir aýdylýan zatlaryň hiç birine-de gulak gabartmady. Asyl hiç kim bilen gürleşmedem, öýündenem çykmady. Ol diňe käwagtlar öýüniň deňinden elleri düwünçekli, arkalary ýükli göçüp barýan obadaşlaryny görende gamyşy syrylan tärimiň deşiklerinden olara uzak wagtlap seredip durýardy...
Obadaşlary kempiriň derdiniň ýetikdiginden habarlydylar. Şonuň üçinem onuň üstüne köp bir dyzap durman öz ugruna goýdylar. Onsoňam ol wagt her kimiň aladasy başyndan agdykdy. Dünni mama-da ýekelikden irip, demir ýoluň boýuna özi çykar diýip çakladylar. Ine, şeýdibem Dünni mama derýa adasynyň ýeke-täk ýaşaýjysy bolyp galyberdi...

(Dowamy bar)
0 лайков 127 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
parca■
18 авг 2022, 20:03
Berekella awtor. Meňzetmeler jüpüne düşipdir. Sabyrsyzlyk bilen dowamyna garaşýan