Adada ýaşaýan aýal (Dowamy 4)
Aýlar günler bolsa şol bir geçip durdy, geçip durdy...
Täze oba göçülensoňam, adamlar köp wagtdan Körler bilen arasyny üzmedi. Kimsi jaýynyň üstüni açyp pürslerini daşaýardy, kimsi otdur-odunyny. Erikdir üzüminiň hasylyny ýygnaýan-da duş gelýärdi.
Derýa joşansoň peýda bolan arnada sal gatnadylyp başlandy. Ony oba adamlary gyssagara ýonulan pürslerden we tagta böleklerinden ýasapdylar. Onuň yzysüre (kerkili derýaçylardan satyn alnan bolsa gerek) uzynlygy bäş-alty ädimlik bolan garaýag çalnan gaýyp peýda boldy. Körleri demir ýoluň ýakasyndaky Şatlyk bilen birleşdirýän zatlar diňe şulardy.
Körlerde gatnaw dura-bara saýpallamaga başlady. Ahyrsooňunda-da bütinleý kesildi. Harabaçylyga öwrülen oba gugaryp galdy. Bir ýyl geçip-geçmänkä-de obanyň baglary zeýden saralyşyp, gurap ugradylar. Haýatlar, jaý diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Oňa derek bar ýerde hyşadyr-ýylgynlar, buýandyr toraňňylar sarç bolup galdy. Öňki obanyň ýeri tizden gürr jeňňellige öwrüldi. Gijelerine indi ol ýerde şagallar uwwuldaşýardy, baýguşlar jakyrdaýardy.
Şatlygyň adamlary özleriniň telim ýyllap ýaşan köne obalaryny tiz ýatdan çykardylar. Olarn indi bu ýere diňe odun çapmak ýa-da ot ormak üçin gelýärdiler. Käwagtlaram bütin jeňňelligi aw tüpeňleriniň gürpüldileri tutýardy. Körlerde gezmäge gelýän weli ýokdy.

Bir gün Dünni mama daň bilen täze obada peýda boldy...
(Dowamy bar)

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.