Adada ýaşaýan aýal (Dowamy 5)
Bir gün Dünni mama daň bilen täze obada peýda boldy. Kempir sygyr satmaga çykan aýallardan sorap-idäp Ýakup poçtalýonuň öýüni tapdy. Emma ol birbada öýe giribermedi. Asyl girmäge hyýalam etmän ýylgyn taýagyndan ýasalan hasasyna daýanyp, tamdyryň ýanynda küýkerilip duruberdi.
Dünni mama ýanyna gelen öý eýesiniň salamyna birhaýuklap jogap gaýtarmady. Edilen mürähede hem gulak asmady. Oňa derek az salym böwrüni diňläp durdy-da, gap-gara gödensiz ýumrugyny ýazdy. Kempiriň titreýän barmaklarynda tüýdülere ýakynlan birnäçe kagyz bölejikleri ýatyrdy. Dünni mama olara mölerilip seredip durşuna lagyrdawuk, agyly sesi bilen dillendi.
- Sapar ýetimiňki bar. - Ol adamsynyň adyny şeýle tutdy: - Gurbangeldiniňkem bar. Hojageldiniňkem bar, Nazargeldiniňki ýok.
Poçtalýonlygy bireýýäm goýup, indi kalhozuň buhgalteriýasynda işleýän öý eýesi birbada gürrüňiň näme barasynda barýandygyna hem düşünmedi. Eginlerini ýygryp daş-töweregine seretdi. Başga näme diýjegini bilmän, göýä hiç zat eşitmedik ýaly, şol bir bolşuny üýtgetmedi. Jogap gaýtarjagam bolmady. Diňe az salym üýşerilip durdy-da, ýene şol bir aýdanlaryny gaýtalap başlady.
Ýakup poçtalýon diňe şondan soň kempiriň gysymyna seretdi. Onda Dünni mamanyň adamsynyň we iki oglunyň "gara hatlary" ýatyrdy. Tanyş kagyzlar. Öý eýesiniň endam-jany jümşüldäp gitdi. Bu kagyzlary bir ýyl çemesi öň, bir-biriniň yzyndan onuň özi eltip beripdi.
Öý eýesi özüni edil ogurlykda tutulan ýaly duýdy. Asyl näme jogap gaýtarjagyny hem bilmedi. Birdenem ojagyň başynda özlerine seredip duran aýalyna "bäri gel" diýen manyda elini bulap goýberdi. Özi bolsa mal ýatagyna gysdyrylgy oragyny eline aldy-da, ýeriniň içine girip gitdi.
Dünni mama şondan soň tä günortana çenli oturdy. Ol öýe girmeklerini soran aýallaryň töwellalarynada gulak asmady. Tamdyra ýaplanyp oturşynda şol bir zady - Ýakup poçtalýondan Nazargeldisiniň "gara hatyny" bermegini sorady.
Kempir ertesi ýene-de ir bilen peýda boldy. Şol öňküje ýerinde tamdyra ýaplanyp, bu gezek weli tä gün ýaşýança oturdy. Ol diňe garaňky mazaly gatylyşyp, jeňňelde şagallar uwlap başlansoň öýüne - derýa adasyna ugrady.
Birigün kempiri ýene ir bilen şol öňki ýerinde gördüler. Ol ýene-de uzynly gün otyrdy. Soňra ýene-de...:( ýene-de...:( Şondan soň Dünni mamanyň obadaşlary has hem howsala düşüp başladylar. Bu betwagt aýala nähili hem bolsa kömek etmelidi. Ony ilki bilen täze oba göçürip getirmeklik maslahat bilindi...

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.