Adada ýaşaýan aýal

Mellegimiziň aýak ujundaky hyşalykda, indi köp ýyllar bäri, nämedigi hem belli bolmadyk, haýsydyr bir nahaljagaz ösüp oturdy. Ol ösmesine ösübem baranokdy, gurabam diňe her ýyl alabaharda daş-töweregini gabsap alan guran hyşa gulpaklarydyr ýylgyn şahalarynyň arasyndan onuň çalaja gök çylgymly inçejik baldagy görünýärdi.
Nahaljyk gün gyzyp, tebigat oýanýan wagtlary, edil beýleki ot-çöpler bilen birlikde birnäçe pyntyjaklar edinýärdi. Soňabaka ol pyntyjaklarda erigiňkämi ýa-da garalynyňka çalym edýän näzijek ýaprajyklar peýda bolup ugraýardy.
Şu ýerde birki ýyllykda gaty geň ýagdaýda aradan çykan garryja aýalyň bagtsyz ykbaly ýadyma düşdi.
Onuň adyna Dünni mama diýerdiler. Dünni däli ýa-da däli mama diýýänlerem bardy. Agdatça welin ol il içinde "Adada ýaşaýan aýal" diýlip ýatlanylýardy.
Munuň sypaýyçylyk üçin aýdylýan bolmagam ähtimal. Belki-de bu onuň hakykatdan hem adada ýaşaýanlygy üçindir.
Aýdyşlary ýaly, Dünni mama derýa adasynda ýaşaýardy. Onuň bu ýerden gaýtmaýanlygy hiçkimi gyzyklandyrybam baranokdy. Ýöne bu hakda il içinde herhili çaklamalar, toslamalar döräpdi. Olaryň köpüsi esassyzlygy sebäpli döreýişleri ýaly-da öz-özlerinden ýatyşýardy.
Obadaky ýek-tuk garry-gurtular bolaýmasa, Dünni mamanyň çyn adynyda bilýän ýokdy. Il içinde 'D" sesi bilen başlanýan atlaryň birnäçesi köp wagtlap agyzdan-agza geçýärdi. Iň soňunda-da hiç haýsysy hem ýerlemän, edil guma guýlan suw ýaly kem-kemden ýitişýärdi. Köpler Dünni mamanyň çyn ady Dünýägözel bolandyr öýdüp çaklaýardy. Käwagtlar Dürli, Dursun ýaly atlar-da ýatlanylýardy.
Dünni mamanyň ýaşy babatda-da umumy pikire gelinmeýärdi. Onuň ýaşyny biläýmeli käbir garrylaram "Biz bardyrys, şolam-a bardyr" diýýärdiler. Garaz, onuň ýaşy ýüzden aňyrda çaklanylýardy.
Arasynda welin bu zatlar köp bir ýatlanybam ýörülmeýärdi. Diňe agşamlaryna ýatmajak bolýan çagalary onuň ady bilen gorkuzardylar...
Dünni mama, aýdyşlary ýaly gaty gorkunçdy. Käwagtlar jeňňele baran awçylar, sygyr çopanlary hasasyna söýenip ýören garry kempiri görerdiler. Onuň daş keşbi öň görmedik adamy birbada üýşendirmän, tisgindirmän baranokdy...
Garaşman barýarkaň, çöp-çalamlygyň içinden hökgerip duran uzyn, hor göwre peýda bolýardy... Köp wagtlap gymyldaman duransoň, köýneginiňem ot-çöpe meňzeşligi üçin ony buýandyr ýekenligiň içinden daşdan saýgarybam bolmaýardy. Şol sebäpli hem ony gaty golaýa baransoňlar görüp galýardylar...

(Dowamy bar)
2 лайков 211 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
17 авг 2022, 17:58
Dowamyna garasyan
Ceper yazylypdyr oran. Awtory senmi
parca■
17 авг 2022, 18:51
Ýeketak(ru) özi ýashaýamy adada ?!
Ayjahan
Автор 17 авг 2022, 19:17
Xyivenia_babayeva.,
Howwa
Ayjahan
Автор 17 авг 2022, 19:18
parca,
Howwa yekeje ozi yasxaya inniki bolumlerde gorersiniz.
My life
17 авг 2022, 23:23
Gyzyklyja mowzuk.