Adada ýaşaýan aýal (Dowamy 1)
Dünni mamanyň ilkibada özüne çekýän zady, onuň hanalaryna çöküşen gözleridi. Gubarlaşyp et inen gözler ýitilik bile şoň ýaly-da açyk müňkürlik, ýigrenç alamatlary bilen bakýardy. Kalbyňa nähilidir gowşaklyk salýan wehim döredýän göreçler uzak wagtlap bir nokada dikilip durýardy. Iň soňunda-da gahar uçganaklary bilen agyp-dönýärdi, alarylýardy. Käwagt bolsa olaryň öňüni hiç-haçan ugruna seredilmeýän çöp-çöpdür gum siňen perişan saçlar tutýardy. Şonda Dünni mama has hem gorkunç sypata girýärdi.
Köp ýyllar bäri ýuwulmadyk we daralmadyk, tüýs keçäniň peti ýaly bolup giden çal saçlaryň aşagyndan oragyň ýeňsesi ýaly egrelip, dişleri düşen agzyň üstünden inen gödensiz bürün görünýärdi. Ol Dünni mamanyň elmydama gagşap duran aşaky eňegine degäýjek-degäýjek bolup durýardy.
Beýle ullakan hem betnyşan burnuň iki gapdalyndan bolsa bireýýam eti gaçyşyp halparan, çuň ýygyrtlar bilen örtülen duluklar sallanyşýardy. Göwnüňe bolmasa, duluklaryň biri beýlekisinden ulurak, uzynrak ýaly bolup duýulýardy. Şonuň üçin hem Dünni mamanyň ýüzi tutuşlygyna güýç bilen bir gapdala süýndirilipdir diýen pikir isleseň-islemeseň kelläňe dolýardy.
Ony hemme şol bir geýimde - pagtasy çykyşyp duran donunda görerdiler. Şol geýlen gününden bäri gaýdyp çykarylmanlygy üçin onuň reňkini saýgarmagam gaty çetindi.
Gonçalary kesilen gödensiz ullakan ädikler (ähtimal uruş ýyllaryndan galan bolsa gerek) Dünni mama üçin aýakgap bolup hyzmat edýärdi. Emma ýaz çykyp ýeriň doňy çözüleninden tä indiki doňakçylyga çenli ony aýakýalaň-başaçyklygyna görerdiler.
Başgalar üçin bu geň hem-de täsin bolsa-da, Dünni mamanyň bu zatlar parhyna-da däldi. Ol asyl hiç kim bilen gürleşmeýärdem. Galyberse-de, onuň bilen gürleşere bu ýerde hiç kimem ýokdy. Derýa adasynyň ortarasynda tärimleri çüýrän, tüýnügi bir gapdala süýşüp giden ýalňyzja gara öýde kempiriň ýekeje özi ýaşaýardy.
Bir wagtlar o-da hemmeler ýaly obada - il arasynda ýaşaýar eken. Emma ondan bäri gaty köp wagt geçip gitdi. Köp wagt...
(Dowamy bar)

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.