Bularyň bary düýş ýaly geçip gitdi

Salam, ertiriňiz haýyrly bolsun. Käwagt düşünýän bularyň bary düýş ýaly geçip gitdi ýa men çyndanam düýş görýänmi?!
Kiçiräkgäm Aşgabatda "Salam" magaziniň ýanyndaky çagalar bagyna gatnardym. Bolsa-bolsa 3-4 ýaşymdadyryn. Şol ýerde iň gowy joram bardy. Kän ýadymada düşenok welin ady Sona'dy öýtýän. Sonanyň saçy kiçiräk ýokardan bir bogulgy melemtik bir eýjejik gyzdy. Onuň ökjeli köwşi bardy. Ol döwürler hemme çaganyňam ökjeli köwüş geýesi gelýärdi. Meniňem geýesim gelýärdi, sebäbi ökjeli köwşüň tyrk tyrk edip ses çykaryşyna guwanan bolýardym ol wagtam näme çagadym. Bir gezek Sona ikimiz köwşümizi çalşdyk men kiçilik arzuwym garaja ökjeli köwşi "tyrk tyrk" edip geýen boldum olam meniň basanoşkamy geýdi. Bu köp wagt almady Sona derrew indi beräý diýdi. Ökjeli köwüş ol wagtlar gytdy bolsa gerek. Ejem bilen magazine gidemizde gözüm diňe ökjeli köwüş gözleýärdi... Ýöne diňe ala-mula zebra ýaly basanoşka bardy... Bir gün ejem doganym men bolup bazara gidipdik şonda akja owadanja doganym ikimize ökjeli köwüş alyp beripdi. Men şeýlebir begenipdim tas uçaýjak bolýardym. Öýe çenli "tyrk tyrk" edip geýip giden boldum...
Bularyň bary iň şatlykly ýatlamalar. Käwagt pikir etýän "bularyň bary düýş ýaly geçip gitdile?" Hany Sona? Onam göresim gelýär... Ol ulalyp gidendirle men ýaly...
2 лайков 171 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
20 авг 2022, 02:43
cagalyk yyllarym...