...

"Öz zadynyň üstünde oturyp ölen oglanjyk hakynda poema"

Agyr kerwen gaýdyp gelýär argyşdan,
Öňde menziller kän ýetilsin aman.
Haýdaýarlar gaçýan ýaly gargyşdan,
“Duruň, Şondan ýeke ädim butnamaň!”

Ok sürülen tüpeňler gezeldi ine,
Saklandy ýollary kesilen kerwen.
Ýaşuly sakgalyny penjeläp aýtdy:
“Ýetimiň hakydyr.
Ýok, bermen,
Bermen”

“Bilseň, diňe gedaý diläp alýandyr...
Düýeleri çöker.
Hany kes sesiň!”
“Çökerilmez!” 
Kerwenbaşy sarsmady,
“Çekil,
Içiň dolar ajy tüsseden”.

Tüpeň bilen deň gelýärmi oýunlar?
Adamlar çekildi.
Ýürekde arman.
...On üç ýaşly oglan ýaş bürgüt deýin
Otyr öz çuwalnyň üstünden turman.

Ejesiniň dokan argyş çuwalny
Ol häzir haýbata,
Gepe berjek däl.
Oňa ýetim jigileri garaşýar,
Olaryň rysgyny topa berjek däl.

Dört tüpeň,
Dört sanam agzy ganly gurt...
Oglan hiç,
Dünýänem tüpeňläp biljek,
Diýýärler: “Tur!”
Oglan aýdýar: “Gitmerin,
Ölsem öz zadymyň üstünde öljek!”

Hol beýleden ýoldaşlary gygyrýar,
Oglan bir seretýär,
Ýaýkaýar kelle.
Heý şeýle mertligi atyp bolarmy?
“Näme bolman?”
Jogap gaýtarýar gülle.

Bugdaý nanyn iýen namartlar
şol gün
Gägirişip,
Gömülgen dek gömülýär.
Ejesiniň argyş çuwalyn gorap-
Ölen oglanjykdan it dek ýeňilýär...

Bayram Jütdiyew
3 лайков 91 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
02 июн 2022, 15:00
Sagbol paýlaşanyňa