...
Uruş ýatdy, Aý aýlanyp ýyl geçdi,
Patasyn aldylar onyň ýarynyň.
Aýallar ses etdi saçlaryn ýaýyp,
Ýarylyň siz, gara ýerler ýarylyň.
Geljek geldi, gitjek gitdi sowuldy.
Gaýyn ata gelni çagyrdy öýüne,
Iki ölünýän gün işigin kakdy,
Pyşyrdady taňrym: “Namysa goýma”
Boýun almalydy ogluň ölenni,
Gelniň öňünde-de açmaly ýolun.
Diýdi: “Ir gitdiň-de, wah iner ogul,
Ataň çal başyna atdyň ykbalyň”
Ýylanyň agzyna gelen guş ýaly,
Hanha, ol biçäre çugutduryp otyr.
Aňýar-bu çakylyk ýöne ýere däl,
Häzir bir söz aýdar, bagtyny ýatyr.
“Razy gelin senden taňyr ýalkasyn,
Alnyň-bagtyň açyk bolsyn dünýäde.
Ýöne gol ýaýradyp bilmediň oglum,
Aý, howwada.. Onam özüň bilýäň-dä....
Ynha, indem gitseň, ak ýollar diläp,
Ähli pes zatlara sowluň diýerin.
Otursaňam şu çal kelle dik bolsa,
Ogul ýerin tutan oglum diýerin”.
Gelin ýüzünligne ýazylyp gitdi,
Misli bir ak jeren duş gelen-güllä.
Eginler silkinip, horkulda ýazdy,
Diňdirip bolmady ony bir günläp.
Şu ojakda görülen ýagşy günleri,
Tasdan gark edipdi gözýaşyň sili.
Ýürek sarsgyn alyp, endiräp durdy,
Kyrk sekiz-de ýeriň yranşy ýaly.
Besdir, muň yzyny ýazmaýyn indi,
Ýazaýyn diýsemem, ýazyp biljek däl.
Ýaryna garaşyp, garran gelinni,
Ýazgarmandym, ÝOK, ýazgaryp biljek däl
Bayram Jütdiyew
Patasyn aldylar onyň ýarynyň.
Aýallar ses etdi saçlaryn ýaýyp,
Ýarylyň siz, gara ýerler ýarylyň.
Geljek geldi, gitjek gitdi sowuldy.
Gaýyn ata gelni çagyrdy öýüne,
Iki ölünýän gün işigin kakdy,
Pyşyrdady taňrym: “Namysa goýma”
Boýun almalydy ogluň ölenni,
Gelniň öňünde-de açmaly ýolun.
Diýdi: “Ir gitdiň-de, wah iner ogul,
Ataň çal başyna atdyň ykbalyň”
Ýylanyň agzyna gelen guş ýaly,
Hanha, ol biçäre çugutduryp otyr.
Aňýar-bu çakylyk ýöne ýere däl,
Häzir bir söz aýdar, bagtyny ýatyr.
“Razy gelin senden taňyr ýalkasyn,
Alnyň-bagtyň açyk bolsyn dünýäde.
Ýöne gol ýaýradyp bilmediň oglum,
Aý, howwada.. Onam özüň bilýäň-dä....
Ynha, indem gitseň, ak ýollar diläp,
Ähli pes zatlara sowluň diýerin.
Otursaňam şu çal kelle dik bolsa,
Ogul ýerin tutan oglum diýerin”.
Gelin ýüzünligne ýazylyp gitdi,
Misli bir ak jeren duş gelen-güllä.
Eginler silkinip, horkulda ýazdy,
Diňdirip bolmady ony bir günläp.
Şu ojakda görülen ýagşy günleri,
Tasdan gark edipdi gözýaşyň sili.
Ýürek sarsgyn alyp, endiräp durdy,
Kyrk sekiz-de ýeriň yranşy ýaly.
Besdir, muň yzyny ýazmaýyn indi,
Ýazaýyn diýsemem, ýazyp biljek däl.
Ýaryna garaşyp, garran gelinni,
Ýazgarmandym, ÝOK, ýazgaryp biljek däl
Bayram Jütdiyew
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.