Mes gelin

Ol bu gün ot satýar gyzan bazarda
Desse,
Desse,
Onuň çar ýany desse.
Onuň gözýetimi,
Onuň dünýäsi,
Şojagaz desseleň boýundan pesde.

Elinde bedire suwlaýar haýdap,
Hödürleýär:-Alyň, terje ot alyň.
Göz öňüme gelýär uruş ýyllary
Şol Abadan,
Gyşyk basýan mes gelin.

Çyrpynýan mes gelin
Egmeli gelin.
Goly bilezikli,
Egmeli gelin.
Özlerini tohumlyk saýan ýezitler
Orlaşardy: “Sypap-söýmeli gelin”

Deňňene gurlardy onuň öýünde,
Al şerap urulardy onuň öýünde.
Ah, nätjek, söwer ýar “Abadan!” diýip
Gum garbap ýatyrdy Oder boýunda...

Mes Abadan bolsa gülýär jak-jaklap,
Ykdyrman bir gylyn şar gara saçyň.
Onuň düwmesiniň jyňňyrdysyna,
Ýasly obam ençe tutypdy için.

Kyn günde eselen bugdaýly namart
Kalbyny daglapdy bugdaýsyz merdiň.
Ýaş başymdan ene ýeriň gursakda,
Mertligem,
Pesligem göterşin gördüm

Indi ot satýar ol bugdaýa derek,
Arkan-arkan taşlap gyňajyň çowun
Ol unudan bolýar,
Bilmedik bolýar,
Meniň ýüregimde şol köne düwün.

Goý Abadan gaçsyn öz geçmişinden
Men öz geçmişimden gaçyp bilmerin
Unutmaryn ir ýetişen tümmüli,
Unutmaryn Ýasydepäň güllerin.

Abadanam unutmaryn hiç haçan
Ol hem şol ýyllardan galan nyşandyr.
Ot satsyn,
Gül satsyn,
Sülmürän bolsyn-
Barybir, mes gelin,
Şol Abadandyr.


Bayram Jütdiyew
6 лайков 155 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
02 июн 2022, 16:15
Gowy ýazylan, mes gelinler, Abadanlar häzirem bar aramyzda
Pegas
02 июн 2022, 17:04
Mes gelin hakda Nobatguly agaňam bir ajap goşgusy bar.
Hiayress
02 июн 2022, 17:06
MES GELIN

Ilki ärin aýlap urdy başyndan,
Aýlap urdy maşgalasyn, mesgenin.
— Men şahyr bolmaly!
Ajaýyp şahyr!
Aýgytly karara geldi mes gelin!
Aýlap urdy şerim bilen haýany,
Aýlap urdy namys bile messebin.
Tammanyndan tug edinip,
paýtagta,
Poeziýa ýöriş kyldy mes gelin!
A poeziýa pukaraja metjitdi,
Ýaşaýardy hikmetinden Allanyň.
...Metjide girilýär köwşüň çykaryp,
Köýgim, alyp geleweri tammanyň!..

Nobatguly REJEBOW