Söýgi mukamy (powest)
(dowamy)
* * *
Kakasy gelýänçä, nahar bişirip, çaý gaýnadyp, daşaryny suwlaşdyryp goýsa-da, Şirin Nazar hakyndaky pikirden daşlaşyp bilmeýärdi. Näme üçindir, onsuz geçiren on aýyndan indiki galan ýigrimi güni has uzak bolup görünýärdi. Ol: "Gün dogýar-da, ýaşanok, garañky düşensoň, daň atanok" diýip pyşyrdady. Şonuň bilen birlikde-de, "kakam bilen sözleşmäge entek wagt bar" diýip, öz-özüni köşeşdirdi.
Ol daşaryk çykan badyna, tagtadan edilen giň sekiniň üstünde kakasynyň süýnüp ýatanyny gördi-de, oňa tarap ylgady.
— Kaka, ýene-de ýüregiň agyrýarmy?
Näsag adam iki eliniň üstünde goýup ýatan kellesini çalaja galdyryp:
— Bir hili, ugrum ýok, gyzym — diýip seslendi.
Doktor gyz kakasynyň elinden tutup, damarynyň urşuny barlady-da, çalasynlyk bilen öýlerine kürsäp urdy.
Berdi aga ýaşy bir çene ýeten, köp gowgalary başdan geçiren adamdy. Onuň ýaşlygyny ýatlap guwanara zady ýokdy. Ol ýetimligiň, açlyk-ýalaňaçlygyň, görgi-derdeseriň ählisini başdan geçiripdi, barly adamlaryň gapysynda çeken agyr zähmeti, ýerliksiz çalnan şarpyklar, igençli sözler, minnetli berlen çörekler ony göýdükdiripdi. Gyşyň aýazy, tomsuň jöwzasy näzik tende öz tagmasyny galdyryp, ýygy-ýygydan kesellemäge mejbur edýärdi.
Tä sowet döwleti gurlup, ýer-suwdan paý alýança, ol özbaşdak durmuşyň nämedigini bilmedi. Diňe şondan soň onuň üçin hakyky durmuş başlandy. Batraçkomyň başlyklygyna bellenenden soň, ol özüniň öňki hojaýynlary bilen iş salyşmaly, olar bilen çaknyşmaly boldy. Onuň yzarlanan, hatda bir-iki gezek agyr ýaralanyp, keselhanada ýatan wagtlary-da bolupdy. Bu zatlar ony göreşden sowman, gaýta hyjuwlandyrypdy.
Ukol edip bolansoň, Şirin kakasyny iki gat ýassygyň üstünde ýatyryp, onuň brezent ädigini çykardy, kündük bilen taňňyr getirip, aýaklaryny ýuwdy. Emaý bilen ýelpelenýän gazet ýaşulynyň uzyn mäş bürünç sakgalyny herekete getirdi. Ol gözlerini süzüp, melul bolup ýatan ýerinden:
— Boldy, gyzym, ýadansyň, dynjyñy al. Indi men oñat — diýdi.
— Oňat bolman näme? Ýöne entegem azajyk ýat, onsoň men saňa çaý getirip bererin — diýip, Şirin ýene gazetini galgadyp ugrady.
Kölegeler uzap, gün uzakdaky gara bagyň aňyrsynda gizlendi. Berdi aga goşa ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden mellegindäki miweli agaçlary gözden geçirdi. Aşagynda oturan üzüm dalbaryna, dagdanyň şelpesi ýaly hatarlanyşyp duran kiçeňräjik hoşalara syn edip, ýeňillik bilen dem aldy. Şirin oňa basyrylgy duran çäýnekden bir käse çaý guýup berdi.
— Şu yssy saňa ýaranok. Günde azrak gez diýip aýdýanam welin, gulak asaňok, kaka.
— Meniň işim tamda oturmaly iş däl, gyzym. Ferma bolsaň, öri meýdanlaryna-da, ot ýatyrylýan ýerlerine-de gitmeli bolýar. Hany, ol ýerde saňa garaşyp duran kölege barmy?
— Daňdanyň ümüş-tamşyndan tä garaňky düşýänçä aýlanyp ýörmek hökmanmy?
— Şonda-da ýetişip bolanok. Işe tükenme barmy näme?
— Iş tükenmese-de, saglyk tükenýär, kaka. Indi bu geleňsizligi bes etseň gowy.
— Ýykyljak tamy ýeke kerpiç saklamaz, gyzym. Meniň garrylygym, keselbentligim üçin fermalygym günäkär däl.
— Sen düşünjeli, kolhozyň düýbüni tutan adamlaryň biri. Hökümetiň adam hakynda edýän aladasyny örän gowy düşünýärsiň. Şonuň üçinem ikimiz jedelleşip oturmaly. Gowusy, bu wezipeden aýryl-da, aňsadrak işe geç. Muny men gyzyň hökmünde däl-de, seni bejerýän wraç hökmünde aýdýaryn. Eger gulak asmasaň...
— Hany, dursana, ýoldaş, doktor, birden beýdip gazaba münübermezler ahyry — diýip, ýaşuly wäşilige salyp, gyzynyň sözüni böldi. — Men seniň pikir edişiň ýaly, günüň astynda eräp barýan adam däl. Gün, yssy maňa kär edip bilmez. Men ondan kösenemok. Meni käbir nalajedeýin, lellim adamlar köseýär. Şolar janymy ýakýar. Şuny et diýäýmeseň, özlerinden bilip etjek gümanlary ýok.
Şirin kakasynyň ýagjymak, takyr kellesinden togalanyp gelýän derleri ýaglyk bilen süpürdi-de, nägile bir äheňde:
— Gahar etseň, erbet bolýanyňy özüňem bilýärsiň weli, ýene maňa gulak asmadyk bolýarsyň — diýdi.
Dogrudan-da, Berdi aganyň gahar ederligi, bir zada gatyrak begenerligi ýa-da gynanarlygy ýokdy. Özünden gidýärdi. Esli wagt elden-aýakdan galyp, heläk bolýardy. Aýaly aradan çykan ýyly onuň tutgaýy ýygy-ýygydan tutup başlady. "Bu-da gyzyny ýetim goýup gidäýmese ýagşydyr" diýip, goňşulary gürrüň edýärdiler. Onuň özi hem uzak ýaşaryn öýtmeýärdi. Ol diňe "Şirini il hataryna goşup bilsem" diýen arzuw bilen ýaşaýardy. Aýaly-da: "Meni gabrymda arkaýyn ýatyrjak bolsaň, Şirin jany hor etmegin. Onuň garaja gözleri ýaş dökmesin. Ol meni küýsemesin. Öýlenjegem bolsaň ynsaplyrak adama öýlen, gyzymy ynjytmasyn." diýip, wesýet edipdi. Şondan bäri Berdi aga jany-teni bilen gyzynyň göwnüni götermäge çalyşýardy. Ol bu gezek hem:
— Ýeri, ýeri, gaşyňy çytma, aýrylmaly bolsa aýrylaýaryn.
Kakasynyň: "Men keselli, bu iş maňa agyr bolýar" diýip hiç wagt aýtmajakdygyny Şirin örän oňat bilse-de, onuň gaharyny getirmezlik üçin, gaty-gaýrym zat diýmedi. Gaýta ony ugruna sürüp:
— Şeýt, kaka. Sen inwalid ahyry. Aňsadrak işe geçäý — diýen boldy.
Garrynyň garaňky gatlyşandan uka gidýändigine belet bolany üçin, gyzy ony basymrak naharlamak bilen boldy.
— Kaka, kolhoza kino gelipdir. Göräýsek nädýär? — diýip, nahardan soň Şirin ondan sorady.
— Gidäýsegem bolýar welin, hor çekip, adamlaryň gaharyny getiräýermikäm diýýärin.
— Oňat kino diýýärler. Uklamarsyň.
— Meni süýräp ýörmede, gyzym, göresiň gelse, özüň gidäý.
Gyzy gap-çanaklary ýygnaşdyryp, geýnip çykýança ol eýýäm hor çekip ýatyrdy.
Käýerde öçügsije çyralaryň bardygyna garamazdan, köçeler gaaňkydy. Kino görkeziljek ýerden — kolhozyň kontoryndan bularyň öýleri uzakda däldi, bary-ýogy ýedi ýüz metrden gowrak ýoldy.
Tomusky klubda diňe on-ýigrimi okuwçy, bäş-alty kolhozçy bardy. Biletde oturyljak orunlary belli bolmansoň, her kim halan ýerinde oturýardy. Olar Şiriniň gelenini görüp, oňa göz astyndan seredişip: "Doktor, doktor geldi" diýip pyşyrdaşdylar. "Berdi agaň bu gyzy ýaşajykka görmegeý däl ýalydy weli, ind-ä ondan gözüňi aýrasyň gelenok" diýip, gapynyň ýanynda gelenleri synlap duran iki sany ýaş ýigidiň biri seslendi.
— Aşgabatdan bir-ä muña arman-irmän hat ýazýar — diýip, kiçijik poçtalýon hem gürrüňe goşuldy.
— Kim ol?
— Men näbileýin. Adyny, adresini ýazmasa nätjek.
— Onda sen onuň aşgabatlydygyny nädip bilýärsiň?
— Bilmän näme? Moskwadan, Harkowdan, Sibirden niredrn ýazsalaram bilerin! Poçtaň ştampy bar ahyry. Şoňa seredäýmeli.
Kinomehanik — kelte boýly, garaýagyz ýigit, adam ýygnamak üçin reproduktorlary iň soňky hetdine çenli gataldyp, türkmen aýdymlaryny aýtdyrýardy. Joşgunly ýaňlanan aýdymyň sesi ondan-mundan hümerlenişip gelýän adamlaryň üstünden aşyp, bütin oba ýaýraýardy. Çaklaňrajyk klubyň içi märekeden doluberende, kino başlandy. Meret hemmeden gijä galyp geleni üçin, töwereginde kimleriň oturanyny saýgaryp bilmedi. Ol bu ýerik esasan kino görmek üçin däl-de, Şirini görmek üçin, onuň bilen ýalan-ýaşryk sözleşmek — ýakyndan tanyşmak üçin gelipdi. Muhat aganyň keselini bahanalap, Meret olaryň öýlerine barypdy. Emma çyralarynyň ýanmaýandygyny, Berdi aganyň bolsa süýji ukuda hor çekip ýatanyny görüp: "Belki, Şirin kino gidendir" diýen umyt bilen bu ýere gaýdypdy. Ol ekrana düşýän ýagtydan peýdalanyp töweregine ýaltaklaýardy, gözlerini bürjeşdirip, ony gözleýärdi.
"Gawunyň gowusyny şagal iýer. Belki bir näkes onuň erkini ele alandyr-da, eýýäm toý etjek gününem belländir. Belki, ol şu ýerde, ähli adamlara göz edip, onuň akja gollaryny sypalap oturandyr..." Birden şu pikirler onuň kellesine geldi-de, ony hopukdyryp ugrady. Dört eplenen akja ýaglygyny kisesinden çykaryp, maňlaýynyň derini süpürdi-de, öňdäki hatara, soňra ondan öňdäki hatarlara geçdi. Üçünji gezek geçenden soň, töweregine ýaltaklap otyrka, gapdalynda oturanyň Şirindigini görüp, depe saçy üýşüp gitdi.
Mehanik kiçijik çyrasy bilen klubyň içini ýagtyldyp, kinonyň lentasyny çalşyrmaga duranda, Meret goňşusynyň gokaýyna süýşüp:
— Kino geldiňizmi, Şirin? — diýip ýyljyraklady.
—Hawa.
— Muhat aga sizden örän hoşal bolupdyr.
— Ýörite öýlerine baryp, meniň adymdan minnetdarlyk bildir — diýdi.
— Minnetdarlyk bildiresi zat ýok. Sag-aman gutulan bolsalar bolýar.
Ýene-de klubyň içi garaňkyrap, kino görkezilip ugrady. Meret gökdäki dileginiň ýerde gowşandygyna ganat baglap uçup bilmedi. Ol her gezek lenta çalşyrylanda, onuň bilen örän edepli we salyhatly bolup sözleşmäge çalyşýardy. Başaryp bildiginden gürrüñi söýgi temasyna syrykdyrmaga çalyşýardy.
Kino gutaryp, adamlar öýli-öýlerine darganlarynda, kiçijik poçtalýon bularyň ýanaşyk ýöräp barýanlaryny görüp, kellesini ýaýkady-da, tozan turzup, olaryň duşundan ylgap geçdi.
— Hoş wagtyňyz, Meretdurdy — diýip, Şirin öýleriniň deňine gelende, oňa elini uzatdy. Ýaş ýigit onuň elini sypdyrman:
— Indiki bazar güni 8-nji, 9-njy klas okuwçylaryny ekskursiýa alyp gitjek. Isleseňiz üstüňizden geleli. Sizem köne Maryny köpden bäri gören dälsiňiz — diýdi.
Sähelçe gysylmakdan ýaňa biri-birine ýelmeşjek bolup duran barmaklaryny onuň elinden sypdyrdy-da, Şirin oňa sypaýylyk bilen jogap berdi.
— Garşy däl, isleseňiz geläýiň.
Umyt derýasynda gulaçlap ýüzýän Meret öýlerine nädip ýetenini duýman galdy.
Çagalary ekskursiýa äkitmäge ozal doly taýýarlyk gören bolsa-da, Şiriniň gitjegini bilip, oňa özüniň köp bilýändigini, leksiýa okamaga ukybynyň bardygyny görkezmek üçin, Meret öňki okanlarynyň daşyndan hem onlarça materiallar okap çykdy. Otuz bäş kilometr uzaklykda bolan raýon merkezina baryp, uzyn gününi kitaphanada geçirdi. Özüniň ozal bilmeýän zatlaryny bildi. Indi ol köne Marynyň taryhy, onda ýaşan görnükli adamlar hakynda näçe diýseň gürläp biljekdi. Ol özünden arkaýyndy. Emma: "Şirine bil baglap bolarmyka? Ol sözünde tapylarmyka? Ýa-da" Işim bar" bahanasy bilen ähli azaplarymy reýgan edäýermikä?" diýen pikirler azajyk-da bolsa, ony ynjalykdan gaçyrýardy.
Gaýdyşyn özüniň şu pikirini barlap görmek üçin ol motosikletini göni kolhozyň keselhanasyna tarap sürdi. Üsti-başynyň çalymtyk kirşenini kakyşdyryp gapydan girende, oňa gabat gelen köpden bäri şu ýerde feldşer bolup işleýän, garry aýal Polina Iwanowna boldy.
— Size kim gerek, ýagşy ýigit?
— Mümkin bolsa, Şirin Berdiýewnany göräýjekdim.
— Şirin Berdiýewna bir nähoşuň yzyndan gitdi. Gyssagly işiňiz bolsa, aýdaýyň, biz ony tapjak bolarys.
— Sag boluň, azara galmaň. Men daşarda garaşaýaryn.
— Iş wagty bireýýäm gutardy. Ol indi bu ýere gelmese gerek.
— Bolýar onda, şu ýerden öýlerine degip geçäýerin.
Motoryň sesi jaýlaryň içine ýaň berip,kem-kemden uzaklaşyp gitdi. Olaryň gapysyndaky gulpy görüp, bagtsyzlygyndan käýinip, Meret öz öýlerine tarap ýoluny dowam etdi. Ýolda uçuşyp ýören mör-möjejikler onuň tozandan goranýan äýnegine bat bilen gelip degýärdiler. Şemalyň yzyndan bolmagy has-da beter lapyny keç edýärdi. Maşynyny sähelçe haýalladaýsa, öz tozany özüni hopukdyrýardy, üsti-başyny kirşene bezeýärdi.
Köprüden geçip, çep tarapyna aýlanan badyna, derýanyň kenaryndaky syrkynly meýdanyň içinden geçýän uly ýoluñ üstünden eli sumkaly, ýüzüni aşak salyp gelýän Şirini görüp, Meret derrew motoryny öçürdi-de, alçaklyk bilen:
— Salam, Şirin Berdiýewna! — diýip gygyrdy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde kisesinden ýaglygyny çykaryp, elini süpürdi-de, görüşmäge taýýarlandy.
— Salam, Meretdurdy.
Ýaş ýigit gyzyň elini dogum bilen silteläp, onuň gabadyna geçip durdy.
— Ýadapsyňyz öýdýän. Münüň maşyna, derrew eltip gaýdaýyn.
— Sag boluň, yzyňyza dolanmaň.
— Dolanman näme? Men köne dessura ynanýan adam däl.
— Siz ynanmasaňyzam, ynanýanlar gyt däl. Kolhozyň "Şatlyk" uçastogynda Salpy diýen bir bolgusyz tebip döräpdir welin, bütin adamlaryň işini görýär — diýip, Şirin janygyp sözledi. — Biler bolsaňyz, arada siziň mekdebiňizden meniň ýanyma bir oglanjygy getirdiler. Öwez Amanmyrat, üçünji klasda okaýar. Eli pişekli, aýagy ysmaz bolupdyr. Onuň indi ömürlik maýyp bolup galmagy mümkin. Siz muňa näme diýersiňiz? Ne direktor ne mugallym, ne onuň hossarlary, oňa edýäniň näme diýmändirler. Ony suda bermändirler...
Doktor gürrüňdeşiniň hem agaryp, hem gyzaryp, pagyş-para bolup durşuny görüp, has hem dözümli gepledi. Ol Meret mugallym bolany üçin, bu zatlara passiw gatnaşýanlygy üçin şeýle gyzarýandyr öýtdi. Ol öz ýanyndan: "Tankydym täsir edýär öýdýän. Bu baryp ýoldaşlaryna aýdar. Ähli mugallym aýaga galar. Tebip-palçylaryň garşysyna göreşe başlarys. Adamlary maýyp-müjrüp bolmakdan halas ederis" diýip oýlandy-da, ony joşdurmak üçin öňki gürrüňini dowam etdirdi:
— Ine, ýaňyja işimi gutaryp, öýe gaýtjak bolup durkam, yzymdan baryp gaýtdylar. Görsem bir adam öljek bolup ýatyr. Nämemiş, Salpy işan onuň kellesinden gan alanmyş... Murty syrylan, sakgaly köne torbaň seçegi ýaly bolup duran ol jadygöý adamy men öz gözüm bilen gördüm. Ýene siz maňa: "Ýadapsyñyz öýdýän" diýýärsiňiz. Käşgä meni işledip ýadatsadyñyz. Zeýrensem, namart boldugym diýerdim...
Ýüzüni sallap duran Meret dodaklaryny titredip, zordan gepledi.
— Besdir, Şirin, artykmaç zähmet çekmäň, bu zatlar maňa düşnükli. Şol jadygöý diýýäniňizi indiden beýläk adamlary kösemez ýaly etjek bolaryn...
— Nädip?
— Ol hakda soň sözleşeris. Häzir bolsa, maşyna münüň, men sizi eltip gaýdaýyn.
— Sag boluň, ara onçakly uzak däl, pyýada-da bararyn.
— Ýok, ýok! Pyýada gitmek bolmaz.
Meret motosikletini duran ýerinden yzyna dolap, assaja ýöräp barýan Şiriniň gabadynda saklady:
— Geliň, münüň, häzir öýüñizde bolarsyňyz.
Yzky eýerde pugta ýapyşyp oturan Şirin Merediň kebzesine ýelmeşip duran köýneginiň ýel berlen böwen ýaly kem-kemden çişip ugraşyna syn etdi-de: "Oňat ýigit. Iliň aladasyny edip, öz ýadawlygyny ýadyndan çykarýar" diýip oýlandy.
Ozalky sabyrsyzlyk bilen garaşan ekskursiýasy indi Merediň ýüregini byjykladyp, keýpini gaçyryp ugrady. "Bu ýaňky zatlary biz bilen gitjek mugallymlaryň-da, okuwçylaryň-da ýanynda aýdar. Meniň üstüm açylar. Ähli arzuwlarym puç bolar..." diýip oýlandy.
Öz kakasy hakynda edilýän ýigrenç gürrüňleri Meret ozal daş gulakdan eşidip käýinýärdi. "Kakam bilen egri oturyp, dogry gepleşmesem, boljak däl" diýip, bat alyp barýardy-da, hiç zat aýdyp bilmän pyssaryp galýardy. Emma bu gezek ol gazap atyna münüpdi. Ony kakasyna goýan hormaty-da, dogan-garyndaş-da, hiç kim, hiç zat köşeşdirip biljek däldi. Ol: "Baran badyma: — kaka, ýa menden geç, ýa " käriňden". Ikiden birini saýlap al — diýerin. Eger ol hykgy-çokgy etjek bolsa, goşumy saýlar-da gaýdybererin. Mekdepden jaý bererler" diýip, içini gepletdi.
Tötänden bolan bu duşuşyk Meredi ilki begendirse-de, soň ony çykgynsyz ýagdaýa saldy. Ol häzir özleriniň ýüzbe-ýüz durup gürrüň etmeýänlerine şükür etdi.
Eger Şirin onuň egnine kakyp: "Duruň, duruň!" diýmedik bolsa, ol henizem maşynynyň hoduny gowşatjak däldi, öz pikirine gümra bolup, olaryň duşundan geçip gitjekdi.
— Sag boluň, Meretdurdy. Men sizi azara goýdum öýdýän.
Şiriniň ekskursiýa hakynda hiç zat aýtman gitmegi Meredi begendirdi. "Menem oňa ýatlatmaýyn. Häzirlikçe, gitmese—gowy. Ol meniň Salpynyň ogludygymy biläýse, söýmeden-ä geçen, gaýta ýigrenip başlar. Tä mazaly öwrenişip özümi aldyrýançam, oňa hiç zat aýtmaýyn. Onýança, kakam hem bu kärini goýar" diýen pikir bilen öýlerine tarap at goýdy.
Ol bu gezek hemmişekisi ýaly gapylaryndan eýläk-beýläk okkesdirme-de geçmedi, şähdi açyklyk bilen: "Al, eje, men seniň halaýan konfetiñi getirdim" diýip, ejesine lak hem atmady. Ol diňe içi konfetli tüýnükli ýaglygy gara öýüň gapysyndan oklap goýberdi. Şol wagt kakasynyň "Allahy-ekber, allahy-ekber" diýen sesini eşidip, zähresi ýaryldy. "Oklan ýaglygym namazlygynyň üstüne gaçaýmadyk bolsa ýagşydyr. Şeýle bolsa, ol meni uraýmaga-da çekinip durmaz" diýip, howatyr etdi.
Kellesini hyryn-dykyn dolduryp duran gazaply pikirler şol minutyň özünde garasar ýaly uçup gitdi. Emma Şirine bolan söýgüsi ony erkine goýmady. Oňa gyjalat berdi, ýene-de gazaba mündürdi.
Öýle namazyny okap, tama baranda oglunyň sortduryp oturanyny gören Salpy işan kellesini ýaýkady.
—Ýeri how, näme ýüzüňi bazardan gaýdan öküziň ýüzi ýaly edip otyrsyň? Saňa näme bolýar?
— Hiç zat bolanok.
— Sebäpsiz ýerden çöp başy gymyldamaýar.
Salpy oglunyň gabadyna geçip, ýeke dyz oturdy-da, mesisini sypap ugrady. Meret ähli gaýratyny toplap, söze başlady.
— Sebäbi ýogam däl, kaka. Kim çagyrsa, mähetdel etmän gidýärsiň-de, başarsaň, başarmasaň, em eden bolýarsyň. Adam ölýämi, maýyp bolýamy — onuň saňa parhy ýok...
— Ýeri, sem bol! — diýip, Salpy ýerinden gobsundy-da, hemle urdy: — Kim ol ölen? Kim ol maýyp bolan?
— Ony özüň gowrak bilýänsiň. Ony ähli adamlaram, sudam, prokuroram bilýär.
Gonjuna gor guýlan Salpy gözlerini petredip, öňe omzady. "Men gaýdamsoň Orazgylyç öläýdimikä?" diýip oýlandy-da, derrew şerraýlyk edip başlady:
— Ölenem bolsa, ony doktor öldürendir. Meni tutdurmak, gapdyrmak üçin bilgeşländen öldürendir...
— Sen öz tebipligiň, doga-tumaryň bilen biziň durmuşymyzy dagadýarsyň... Meni işden kowýarlar, seni suda berýärler... Ile çykarlygymyz galmady, wejera bolduk...
—Adamlaryň abyr-zabyryndan gorkup dünýäde ýaşap bolmaz, ogul. Meni türmä itekleýän kim? Şol Berdi jynlyň gyzjagazy dälmi? Ony soň tanadym. Eger häli meniň çalaran sakgalyma hormat goýman, jikgildäp duran wagty tanan bolsam, çekgesine çalmakdan hem gaýtmazdym.
—Kaka!
— Ejeň unaş edipdir, git-de garnyňy doýur. Özüňem: "Güýçli doktorlar barka çalasowat tebibiň ýanyna barmaň" diýip, samahyllap ýörme. Men olar ýaly doktoryň ellisindenem köp bilýändirin!
Merediň: "Men bar zatdan doýup geldim. Indi beýle ýaşasym gelenok" diýip gygyrasy geldi. Ýaňy bir zeýrenip, täsirli sözler aýdyp ugranda, kakasynyň "Ejeň unaş edipdir, git-de garnyňy doýur" diýmegi, ony has-da beter kemsitdi. Ol gaharyndan ýaňa nätjegini bilmän:
— Kaka, men oglan-oglanjyk däl! — diýip, hemleliräk gepledi.
— Näme, sen indi mendenem uly bolduňmy? Belki, seni obamyzyň ýaşulusy ederis?
Kakasynyň ardynjyrap, agraslyk bilen aýdan bu sözleri oña aýdara zat goýmady.
"Ýa munuň arkalanýan adamsy barmyka? " Şol Berdi jynlyň gyzy dälmi?.." diýip, Şirini äsgermezlik edýär. Eger onuň yzyna düşýänimi biläýse, ol meni tüýt-müýt eder" diýen pikirler bilen Meret tamdan daşaryk çykdy.
Gapynyň ýapyklygyna, töwerekde hiç kimiň ýoklugyna gözi ýetensoň, Salpy dyzanaklap, ata-babasyndan miras galan mähnet demir sandygyň ýanyna bardy-da, dyzyna ýetip duran ezýaka köýneginiň kisesinden iki sany açar çykaryp (sandygyň içki we daşky gulpy bardy), ony açmaga durdy. Sandygyň içinde otuz ýyllap ýatan kürteden başlap, ýañyja dokalan ketenä çenli näme diýseň bardy. Emma bular esasy zatlar däldi. Bu ýerdäki esasy zat puldy. Aýlar, ýyllar boýy ýygnan pullarydy.
Demir sandyk örän berkdi. Emma Salpynyň demir penjesi oňa görä-de ähtibarlydy. Oňa düşen zady deňze oklanan daş bilen deňäýmeseň, başga deňäre zat ýokdy. Hut şonuň netijesinde-de bu pullar, bu zatlar ýygnanypdy.
Sandygyň içindäki zatlaryň köpüsini Salpy diňe ilki salan wagty görüpdi. Başga wagt ony barmaklary bilen elläp bilýärdi. Onuň gapagyny doly açaýsa, içindäki zatlar uçup gidäýjek ýalydy. Şoňa görä-de, ol sandygyň agzyny diňe el sygarlyk galdyryp, gerek zadyny sermeläp tapýardy.
Salpynyň hiç kime bergisi ýokdy, gaty zerura galyp, goňşulary karz soraýsalar-da, ol öñi bilen: "Haçan getirjek?" diýerdi. Soňra yzyna dolanyp, goltuk jübüsiniň eriş bagjyklaryny çözerdi-de, gaýyş gapjygyndan çykaryp, ýaltanman, iki-üç gezek sanap bererdi.
—Ogluňy garratma hyýalyň bolmasa, gelinlik gözlemegiň ugruna çykaly, sandygy aç, şaý-sepleri, halat-serpaýlary tükelläp göreli — diýip, Gülnar eje birnäçe gezek ýatlatsa-da, adamsynyň bir gulagyndan girip, ikinjisinden çykýardy.
Salpy ogluny öýermäge garşy däldi. Ol üç ýyl mundan öň, ogly on sekiz ýaşa ýetip-ýetmänkä, gelin edinmegiň kül-külüne düşüpdi. Köp adamlardan sorag-ideg hem edipdi. Ony tanaýanlar-a bahana tapyp, boýun gaçyrýardylar. Käbir tanaman razylyk berýänleri bolsa-da, olar Salpynyň göwnünden turmaýardylar. Ol gelin diýen söze — işçi güýji, gazanç çeşmesi diýip düşünýärdi. Şoňa görä-de, ony öňi bilen, guda boljak adamlarynyň baýlygy, gyzlarynyň hünäri, işeňňirligi gyzyklandyrýardy. Aýalynyň guda bolarlyk ýer tapylmanka "sandygyňy aç, zatlary tükelläli" diýmegi bolsa, onuň gaharyny getirýärdi.
...Sandykdan täzeje mele don çykaryp, keçäniň üstüne zyňyp goýberdi-de, ony ýene öňküsi ýaly gulplap goýdy.
Agşam namazyny Berdilerde okamagy ýüregine düwen Salpy mele donuny, sargylt goňur telpegini geýip, ala guşagyny guşandy-da, ýola düşdi. Näçe bildirmezlige çalyşsa-da, Merediň gürrüñi ony gozgalaňa salypdy. "Eger Orazgylyç öläýen bolsa, doktorlaryň meni suda bermekleri mümkin. Sudda köp zatlaryň üsti açylar. Meni türmä salarlar, sürgün ederler..." diýip howpurgady.
Ol nirä gitjegini, haçan geljegini öýdäkileriň hiç birine aýtman gitdi. Munuň bu gylygy bilen Gülnar eje-de öwrenişipdi.
Kakasynyň gara görnümden barýandygyny gören Meret:
— Senem muňa hiç zat aýdyp bileňok — diýip, ejesine igenip başlady. —Ýakasyndan tutup türmä salarlar welin, onsoň aýdarsyñ. Emma giç bolar. Suw seňrikden agansoň, puşeýmandan ne peýda diýipdirler. Häzirem wagty. Sen oňa aýt: goý, ol bu kärinden el çeksin, adamlary çürkemesin!..
dowamy bar.
Bekge Pürliýew. 1981.ý.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.