Gamgyn bolma!

Sen garyp bolsaň, başga biri bergä çümüp oturandyr. Sende ulag ýok bolsa, başga birinde aýak ýokdur. Bir agyrydan zeýrenýän bolsaň, özge biri ýyllarboýy düşege baglanyp ýatandyr. Sen bir jigerbendiňi ýitiren bolsaň, başga ýerde bir hadysada birnäçe perzendini elden aldyranlar bardyr.
Gamgyn bolma! Sen musulmansyň. Allanyň birligine, pygamberlere, perişdelere, ahyret gününe, ýazgydyň haýrynyň, şeriniň Alla tarapyn ýüze çykýandygyna ynanýarsyň. Bu zatlara ynam etmek bilen dünýädäki iň beýik nygmata – iman nygmatyna eýesiň.
Gamgyn bolma! Günä iş etseň, dessine toba et! Ýamanlyk etseň, dessine ötünç sora! Ýalňyşsaň, derrew düzelt! Allanyň merhemeti giň, toba gapysy elmydama açykdyr. Allanyň geçirimliligi beýikdir. Ýürekden çykan tobalar kabul edilýändir.
Gamgyn bolma! Janyňy örteme, barlygyňy çaýkama, ýüregiňi ýadatma, düşegiňi birahatlyga eýeletme we aladalara çümüp, gijäňi çirim etmän geçirme!
11 лайков 173 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
...
02 июн 2022, 17:29
??Söz yok
Maksat
02 июн 2022, 18:06
Dogry, şükür edip ýaşabermeli. Esasy jan saglyk bolsa.
Ejegyz.
02 июн 2022, 18:07
+++
Aksary
02 июн 2022, 18:48
Ýylandym şu sözlere.ömrüñ bolsun
Pocahontas
02 июн 2022, 19:04
"Galdyn bolma" kitapdanmy?
Pocahontas
02 июн 2022, 19:23
*Gamgyn
Hiayress
02 июн 2022, 19:53
"Sen garyp bolsaň, başga biri bergä çümüp oturandyr. Sende ulag ýok bolsa, başga birinde aýak ýokdur. Bir agyrydan zeýrenýän bolsaň, özge biri ýyllarboýy düşege baglanyp ýatandyr. Sen bir jigerbendiňi ýitiren bolsaň, başga ýerde bir hadysada birnäçe perzendini elden aldyranlar bardyr."

"Gamgyn bolma! Sen musulmansyň. Allanyň birligine, pygamberlere, perişdelere, ahyret gününe, ýazgydyň haýrynyň, şeriniň Alla tarapyn ýüze çykýandygyna ynanýarsyň."


"Gamgyn bolma! Şu erbetliklerikleriň ählisinem Alla edýär. Seniň ulugym ýok diýip gamgyn bolmazlygyň üçin müňlerçe ynsanyň aýagyny alýar we olara garanda nähili bagtlydygyňy iş ýüzünde günde dokazat edýär" diýen ýaly bolupdyr. :))
Biohimik
02 июн 2022, 20:04
Aid al Karnagi arap yazyjysy
Margarita
02 июн 2022, 20:04
Sag bol, ýetireniňe doganjygym. Aladalydym, ýüregim giňäp gitdi.
Bentner
Автор 02 июн 2022, 20:25
Pocahontas,
Hawa Gamgyn bolma kitapdan
Bentner
Автор 02 июн 2022, 20:27
Hiayress,
Yslamyň 5 parzynyň biri "Hayryň we şeriň Alladandygyna" ynanmak.
Yslamdan daşda oytyan sen?
Bentner
Автор 02 июн 2022, 20:28
Margarita,
shlyapa