:(

Howwa, ýekeje köz üçin mes goňşyň gapysyny kakmaly. Ýene hüňňürdär, üstesinede siltenjirär. “Ýuwutmaly. Hanha, gultunyşyp otyrlar ahyryn”. Näler aýagyň çekmese-de gidýär.Mes goňşyň öýünde palaw bişip dur. Onyň ysy tapsyz göwräni ýekedaban bilen urulan ýaly edýär. Ol bir bölejik köz alyp, hamana düýe berlen ýaly, “Taňyrýalkasyn” diýip gaýtýar. Öýden çykyp çykmankada mes geliniň: “Gedaý ýaly ygyşyp ýörler. Iri-giji ýok, ot diýip bizar petimizi çykardylar” diýen hüňňürdisi eşdilýär. Şonda-da garyp ene syr berenok.Dymýar. Sil suwy ýaly yňdyrlyp gaýdan gözýaş göze dyzasa-da, bokurdakda tegek bolyp galýar...
Bu wakadan soň tegelek otuz ýyl geçer. Onuň adamsy gaýdyp geler, bir wagtky gultunyp otyran ogly şahyr bolyp ýetişer. Gowy günler başlanar. Şonda ol şeýle ýazar:
Ondan bäri näçe ýagyşlar ýagyp,
Siller näçe gezek hanasyn gömdi.
Enäň bogazynda galan şol agy,
Bu gün gelip ogluň bagryna dömdi. 
Meni nesilimiň çagalygy bolmandy. Hanha ýedi ýaşlyja oglanjyk süýrenip gelýär. Onuň ýüzü garaört, gözleriniň owalasy halkalanyp, oýulyp dur. Boýnundaky içi otly torbasy oglanjygy daljykdyryp barýar. Şol barmana-da ol özüni peliň üstüne goýberýär. Oturmaga-da ysgyny ýok bolarly-bir gapdalyna gyşaryp, sary ýüplük bolyp ýatyr. Künjü ekip ýören ak sakgally goja oglanyň bolyp ýatyşyndan onuň halynyň teňdigini aňýar-da, ýanyna barýar. Ýerinden dikeldip otyrtýar, suw içirtýär, jenaýat edip oňa bir ýanowuç künji berýär. Oglan iýip başlaýar, goja bolsa gözüniň ullakan owasyny ýaşdan dolduryp, balkyldap otyr.
Şol oglanjyk Baýram Jütdiýewdi. “Şol künji gojanyň özüne gerekdi, emma maňa berdi. Özü welin tümmüle ýetip bilmedi. Soň eşdip otursam, ol açlykdan giden eken. Meni ölümiň elinden alanam, belki, şol bir ýanawuç künjüdir. Uruş döwründe şeýle adamlaram bardy. Asl-a bar däl, köp bolandyr. Ýogsa biz ýeňmezdik” diýip, ol ýatlaýar.
4 лайков 109 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
02 июн 2022, 18:39
bu hakykaydanam ýüregiň gyýýar