"Ýekeje haýyşym: ölmejek boluň!"
"At üstünde eşek gördüm,
Namys ýüzün aşak gördüm."
(Täze nakyl)
Men size hiç haçan sögmerin paýyş,
Men sizden hiç zady etmerin haýyş,
Men sizden hiç haçan hiç zat dilemen,
Köçäňizden ýöräp baýdak bulaman,
Ne dilärin sizden bir döwüm çörek,
Ne dilärin sizden bir käse arak,
Ne-de sogan ysgamana yzyndan,
Derýa topugymdan, deňiz dyzymdan.
Saýraň!
Haýyş etmen gapylarňyzy,
Haýbatly, haşamly gapylarňyzy
Kakmana hiç haçan uzamaz elim,
Çünki meň elimden has uzyn dilim.
Duz ýerne ulanyp maňlaýmyň şorun,
Men sizi bimaza etmejek borun.
Akja penjäňizden akdyryp ýagy,
Palaw iýýäkäňiz Gully han ýaly,
Işigňizden Artyk bolup barmaryn,
Keýpiňizem, işdäňizem bozmaryn.
Depeläp bimahal ýorgan-düşegňiz,
Girew alyp ýörmen oglan-uşagňyz.
Ýaragy dolduryp gara gülleden,
Siziň ýoluňyzam garawullaman.
Azajyk garaşyň, ýygnaýançam güýç,
Topulardan irräk, bukulardan giç.
Häzirlikçe gözün baglap neslimiň,
Dowam ediberiň şagal mesligin.
"Ýerden tapsaň sanap al" diýp nakyl bar.
Sanamasaň, soň tumşugňa kakylýar.
Ýerden-ä däl, garyp iliň elinden
Gaňryplar alýaňyz, çekip dilinden.
Ýaman ýüwrük, ýagşy eli hasaly.
Alan bilmez, beren biler hasaby.
Men sizden hiç haçan hiç zat dilemen.
Sizden haraý isläp, telpek bulaman.
Düşüniň, men size haýbat atamok,
Bir ünjim bar: gijelerne ýatamok.
Behişt gülün çirtip, gunçasyn ýoluň,
Ýekeje haýyşym: ölmejek boluň!
Şiraly NURMYRADOW
Namys ýüzün aşak gördüm."
(Täze nakyl)
Men size hiç haçan sögmerin paýyş,
Men sizden hiç zady etmerin haýyş,
Men sizden hiç haçan hiç zat dilemen,
Köçäňizden ýöräp baýdak bulaman,
Ne dilärin sizden bir döwüm çörek,
Ne dilärin sizden bir käse arak,
Ne-de sogan ysgamana yzyndan,
Derýa topugymdan, deňiz dyzymdan.
Saýraň!
Haýyş etmen gapylarňyzy,
Haýbatly, haşamly gapylarňyzy
Kakmana hiç haçan uzamaz elim,
Çünki meň elimden has uzyn dilim.
Duz ýerne ulanyp maňlaýmyň şorun,
Men sizi bimaza etmejek borun.
Akja penjäňizden akdyryp ýagy,
Palaw iýýäkäňiz Gully han ýaly,
Işigňizden Artyk bolup barmaryn,
Keýpiňizem, işdäňizem bozmaryn.
Depeläp bimahal ýorgan-düşegňiz,
Girew alyp ýörmen oglan-uşagňyz.
Ýaragy dolduryp gara gülleden,
Siziň ýoluňyzam garawullaman.
Azajyk garaşyň, ýygnaýançam güýç,
Topulardan irräk, bukulardan giç.
Häzirlikçe gözün baglap neslimiň,
Dowam ediberiň şagal mesligin.
"Ýerden tapsaň sanap al" diýp nakyl bar.
Sanamasaň, soň tumşugňa kakylýar.
Ýerden-ä däl, garyp iliň elinden
Gaňryplar alýaňyz, çekip dilinden.
Ýaman ýüwrük, ýagşy eli hasaly.
Alan bilmez, beren biler hasaby.
Men sizden hiç haçan hiç zat dilemen.
Sizden haraý isläp, telpek bulaman.
Düşüniň, men size haýbat atamok,
Bir ünjim bar: gijelerne ýatamok.
Behişt gülün çirtip, gunçasyn ýoluň,
Ýekeje haýyşym: ölmejek boluň!
Şiraly NURMYRADOW
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.