Ýeriň kenarynda
ÝERIŇ KENARYNDA
Ýol gutardy, ýer gutardy, aýak çek,
Geçmişdenem yzda galdy gelejek.
Dogduk mekanyňdan berildi küşdüň,
Düýşüňde görmedik iliňe düşdüň.
Mundan aňryň buzluk, mundan aňryň suw,
Jezaň bolsa çek sen, günäň bolsa ýuw.
Ýa bu baýrakmyka, sylagmyka ýa,
Müň birinji gezek synagmyka ýa?!
Yzyna dürtülmez sogrulan ýelek,
Oýnap ýadamady bazygär pelek.
Men gülsem aglady, aglasam güldi,
Hakyt hökümeti ýadyma saldy.
Bir dogry gelmedi mydam arkadan,
Bugdaý ekdim kepek berdi arpadan.
Däne ýerne gury saman uzatdy,
Ýaňy-ýaňam ýol şeýlebir uzakdy,
Ýaňy-ýaňam ýol başynda durdyma,
Bügün-erte dönjek ýaly ýurdyma.
Ýollar ömürden öň gutaraýdymy,
Beýle bolsa bagşym gutar aýdymy.
Tamdyraňy sal gabyna sazanda,
Kör surat çekermiş gäbi azanda.
Il-güne ýat bolsa, şatlykdyr-gülki,
Bu gün goşgy ýazmak aýypdyr belki.
Jezaň iň agyry ölüm diýilýär,
Türkmen ýaşamana höküm edilýär.
Ýaşaýyş jezasy ölümden beter,
Janyn mugt berene, mugt kepen ýeter.
Başyň egseň nogta saljak tapylar,
Şa ýoluna düşseň ak ýol ýapylar.
Şa ýolundan ýöretmezler herkesi,
Namys ýesiriniň bolmaz ertesi.
Ýa-ha şugün ýesirlikden boşar ol,
Ýa dowzahda gazan içre ýaşar ol.
Hatar-hatar gazan behişdiň ýoly,
Hatar-hatar gazan türkmenden doly.
Odun daşaýanam ýakýanam türkmen,
Çykjagy aýakdan çekýänem türkmen,
Milletiň men diýen ogul-gyzyny,
Haltalap gazana dökýänem türkmen.
"Men ozalam ýaşadym-ow dowzahda,
Beýtmäň-ä" diýp, dyza çökýänem türkmen.
Düýnem ata çykyp, ýol kesen türkmen,
At basmadyk ýerden ýol ýasan türkmen,
Bu gün ýol urduryp ýoldan çykdymy,
Ile barýan köprülerini ýykdymy,
Gyrmyz donun büredimi başyna,
Tikenli sim çekdimi öz daşyna.
Çykjak, çykyp bilmese,
Girjek, girip bilmese,
Ýurtmy bu?!
Gabyrmy ýa?!
Çyňsap itiň gününde,
Emma üýrüp bolmasa,
Näme bu?!
Sabyrmy ýa?!
Duran tutulýan bolsa,
Gaçan gutulýan bolsa,
Garşydaşyn tanaman,
Oýnan utulýan bolsa.
Mertebäniň ak guşy,
Diri ütülýän bolsa,
Öz öýüňde döşüňden,
Her gün itilýän bolsa.
Ýurtdan çykyp bilseň sap atyp,
Gümrükçiň gözüne çöp atyp,
Yzyňa gaýtmada dogan!
O-da gelmese eliňden,
Tüýkür kasamy diliňden,
Aýdym bir aýtmada dogan!
Beýtmed-ä dogan!
Ýol ýitirip ýolda galan doganyň,
Bu gün depesinde täze agasy,
Asly ata - Watan bolsa,
Özi ene - Toprak bolsa,
Nädip olaň öweý bolýar çagasy?!
Şiraly NURMYRADOW
Ýol gutardy, ýer gutardy, aýak çek,
Geçmişdenem yzda galdy gelejek.
Dogduk mekanyňdan berildi küşdüň,
Düýşüňde görmedik iliňe düşdüň.
Mundan aňryň buzluk, mundan aňryň suw,
Jezaň bolsa çek sen, günäň bolsa ýuw.
Ýa bu baýrakmyka, sylagmyka ýa,
Müň birinji gezek synagmyka ýa?!
Yzyna dürtülmez sogrulan ýelek,
Oýnap ýadamady bazygär pelek.
Men gülsem aglady, aglasam güldi,
Hakyt hökümeti ýadyma saldy.
Bir dogry gelmedi mydam arkadan,
Bugdaý ekdim kepek berdi arpadan.
Däne ýerne gury saman uzatdy,
Ýaňy-ýaňam ýol şeýlebir uzakdy,
Ýaňy-ýaňam ýol başynda durdyma,
Bügün-erte dönjek ýaly ýurdyma.
Ýollar ömürden öň gutaraýdymy,
Beýle bolsa bagşym gutar aýdymy.
Tamdyraňy sal gabyna sazanda,
Kör surat çekermiş gäbi azanda.
Il-güne ýat bolsa, şatlykdyr-gülki,
Bu gün goşgy ýazmak aýypdyr belki.
Jezaň iň agyry ölüm diýilýär,
Türkmen ýaşamana höküm edilýär.
Ýaşaýyş jezasy ölümden beter,
Janyn mugt berene, mugt kepen ýeter.
Başyň egseň nogta saljak tapylar,
Şa ýoluna düşseň ak ýol ýapylar.
Şa ýolundan ýöretmezler herkesi,
Namys ýesiriniň bolmaz ertesi.
Ýa-ha şugün ýesirlikden boşar ol,
Ýa dowzahda gazan içre ýaşar ol.
Hatar-hatar gazan behişdiň ýoly,
Hatar-hatar gazan türkmenden doly.
Odun daşaýanam ýakýanam türkmen,
Çykjagy aýakdan çekýänem türkmen,
Milletiň men diýen ogul-gyzyny,
Haltalap gazana dökýänem türkmen.
"Men ozalam ýaşadym-ow dowzahda,
Beýtmäň-ä" diýp, dyza çökýänem türkmen.
Düýnem ata çykyp, ýol kesen türkmen,
At basmadyk ýerden ýol ýasan türkmen,
Bu gün ýol urduryp ýoldan çykdymy,
Ile barýan köprülerini ýykdymy,
Gyrmyz donun büredimi başyna,
Tikenli sim çekdimi öz daşyna.
Çykjak, çykyp bilmese,
Girjek, girip bilmese,
Ýurtmy bu?!
Gabyrmy ýa?!
Çyňsap itiň gününde,
Emma üýrüp bolmasa,
Näme bu?!
Sabyrmy ýa?!
Duran tutulýan bolsa,
Gaçan gutulýan bolsa,
Garşydaşyn tanaman,
Oýnan utulýan bolsa.
Mertebäniň ak guşy,
Diri ütülýän bolsa,
Öz öýüňde döşüňden,
Her gün itilýän bolsa.
Ýurtdan çykyp bilseň sap atyp,
Gümrükçiň gözüne çöp atyp,
Yzyňa gaýtmada dogan!
O-da gelmese eliňden,
Tüýkür kasamy diliňden,
Aýdym bir aýtmada dogan!
Beýtmed-ä dogan!
Ýol ýitirip ýolda galan doganyň,
Bu gün depesinde täze agasy,
Asly ata - Watan bolsa,
Özi ene - Toprak bolsa,
Nädip olaň öweý bolýar çagasy?!
Şiraly NURMYRADOW
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.