Goşa ikilik...

Paýyňa berlenäm bolmaz üýtgedip,
Her kime, her ýerde dürli berilýär
Pikire çümdürýän sorag üýtgeşik,
Ýaşym ulalýarmy?
Ömrüm kemelýär?

Köp zat islemerin derwüş ömürden,
Ýakynlarym bolsa, daşymy gerse
Näçe bolsa bolsun, gorkman ölümden,
Allam göwne görä ýaşymy berse

Ykbal arzuwymy bitirmez eli:n,
Ýöne arzuwlarym mydam ýaşaýar
Erte güniň kepilligi ýok welin,
Erte ýyllaň umydynda ýaşaýan...

Ömrüm bir çetinden gädilip barýar
Iki, üç. Köpçülik.
Soňam Ýekelik
Nire bolar, näçe bolar, kim bilýär ?
Häzir-ä bagtymda goşa ikilik...


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 93 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.