Gamgyn bolmaň mähribanlar!

Gamgyn bolma! Sen garyp bolsaň, başga biri bergä çümüp oturandyr. Sende ulag ýok bolsa, başga birinde aýak ýokdur. Bir agyrydan zeýrenýän bolsaň, özge biri ýyllarboýy düşege baglanyp ýatandyr. Sen bir jigerbendiňi ýitiren bolsaň, başga ýerde bir hadysada birnäçe perzendini elden aldyranlar bardyr.
Gamgyn bolma! Sen musulmansyň. Allanyň birligine, pygamberlere, perişdelere, ahyret gününe, ýazgydyň haýrynyň, şeriniň Alla tarapyn ýüze çykýandygyna ynanýarsyň. Bu zatlara ynam etmek bilen dünýädäki iň beýik nygmata – iman nygmatyna eýesiň.
Gamgyn bolma! Günä iş etseň, dessine toba et! Ýamanlyk etseň, dessine ötünç sora! Ýalňyşsaň, derrew düzelt! Allanyň merhemeti giň, toba gapysy elmydama açykdyr. Allanyň geçirimliligi beýikdir. Ýürekden çykan tobalar kabul edilýändir.
Gamgyn bolma! Janyňy örteme, barlygyňy çaýkama, ýüregiňi ýadatma,düşegiňi birahatlyga eýeletme we aladalara çümüp, gijäňi çirim etmän geçirme! Arap şahyrlarynyň birinde şeýle setirler bar:
“Bir bela-beter üçin ýigit dargursak bolar, emma Allanyň ýanynda onuň çykalgasy bardyr.
Bogular, darygar, haçan-da halkalar dartylyberende, bir yş açylar, düwün çözüler. Bu düwünler öň asla çözülmejek ýaly görünen bolsa-da”.
2 лайков 98 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
07 авг 2021, 12:01
like