Gaty gyzykly hekaýa hökman okap görüň.
Tamamlanmadyk söýgi
Rasym bir gün agşam okuwdan geleninden soň, öz adyna gelen bir bukjany gördi. Içnde gülli bir kagyz we şu ýazgy:
“Rasym beg, haçandan bäri söýüp ýören bir ýaş gyz. Gaty owadandygymy çekinmän aýdyp bilerin. Dünýädäki iň uly arzuwym, siziň meni söýmegiňiz we maňa öýlenmegiňizdir. Ýöne ýaşlarymyzyň heniz kiçi bolany üçin, bir-ki ýyl garaşmaly bolarmykak diýýän. Häzirlikçe size özimi tanatmak islemeýärin.
Hatlaryňyzy ....... şu salga ugradyň. Meniň gaty gabanjaň kakam bar, şonuň üçin hepdede bir-ki gezek öýden çykyp bilýärin. Şonuň çin belki bir gün aýaküstinden görüşip bileris. Özimi şu wagtdan söýgiliňiz hem gelinligiňiz hasaplaýandygym üçin, görişmegi aýyp hasaplamaýaryn. Öýde ýeke özim bolanym üçin, gaty içim gysýar. Hatlaryňyz meniň üçin teselli bolar”. On alty ýaşyna ýeten her bir okuwçy ýaly, Rasymyňam iň uly arzuwy söýüp, söýilmekdi. Bu haty alanyndan soň içine bir o:t düşdi. Tanamaýan bu gyzyny däli ýaly söýüp başlady. O gije kino gitjekdi, emma bu pikirinden el çekip, öz otagyna geçip, bu ýaş gyza uzak hat ýazdy. Haty poçta gutusyna atanda bolsa birden on ýaş ulalan ýaly boldy. Adynyň Bediadygyny aýdan bu ýaş gyz, Rasymyň hatlaryna yzgiderli jogap berýärdi. Birden Rasymyň haty bir-ki gün gijä galaýdygy dagy, hatynda galmagal baryny turuzýardy. “Sizi neneňsi söýýänini we siziň hatlaryňyzdan başga tesselisi bolmadygyny aýdýan ýaş gyzyň gözlerini ýolda goýmak bolarmy?!.. hemem hatlaryňyzy gaty gysga ýazýarsyňyz. Ýene-de bir haýyş: hatlaryňyzy düşnikliräk edip ýazyp bilersiňizmi?!..” Rasym her gün irgözinden otagyna geçip, söýgülisine özini hasam halatmak üçin, kitaplar ýaly uzyn hat ýazýardy.
Şol bir wagtyň özinde-de, Bedia bilesigeliji gyzdy. Kä wagt şeýle soraglar berýärdi: “Durmuş guranymyzda Italiýa gidelimi ýa Şwesiýa?! Bu iki ýurduň haýsy has gowy?! O ýerlere gitmek üçin haýsy deňizlerden geçmeli?” ýa bolmasa “Sen Abdylhalyk Hamyt begiň Eşberini okadyňmy? Nirelerini has gowy gören bolsaň ýaz menem okaýyn..”
Ýaş okuwçy, gelinliginiň ýanynda kiçelmejek bolup, geografiýa we edebiýat kitaplaryny gyzyl dörjük edýärdi. Onuň isleýän zatlaryny toplamak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýardy.
Bedia bir hatynda şeýle diýdi: “Siziň bilen hökman görişmeli diýen karara geldim. Düýn mekdepden gaýdýan ýoluňyzda garaşdym. Emma bir owadan gyzyň söýgülisidigiňizi unudyp, juda ebti agyk geýinipdiňiz. Üsti-başyňyz, köwşüňiz palçykdy. Ýa-da biri bilen uruşaýdyňyzmy? Meni görip öz sypatyňyzdan utanarsyňyz diýip, ýanyňyza gelmedim.”
Rasym haty okap gynandy, utandy. Şol günden özine adatdan daşary üns berip başlady. Bedia bir gezegem ony okuwdan çykyp öýe gitmändigini, agşama çenli köçede gezmesine käýindi. Eýsem Bedia Rasym üçin öýde aglaýarka ol başga gyzlaryň yzynda ser-sepil bolup bilmezmi... Rasym dünýäde Bediasyndan başga gyzy söýmejigini, hatynda ant-içip awy ýalap ýazdy. Başga gyzlary söýnegä däl, göziniň gytagy bilen seretmez ýaly hala geldi. Bir gün agşam Rasymyň ejesi Nadime adamsy Ahmet agany gam-gussamy, gaharmy we nämeler belli bolmadyk bir bakyş bilen garşylady. “Wah, çal, başymyza ne günler düşjek biziň. Oglumyza Bedia atly bir sataşman geçen sataşypdyr. Bu gün öýi syryp-süpirýärkäm hatlaryna duşdum. Bir çykalga tap-a”—diýdi. Ahmet agaň ýüzinde welin aladadan nam-nyşan ýokdy, gaýta gülýärdi. Soňam: “Gorkma, hanym”—diýdi. “Ogluňa söýgi hatlaryny ýazan mendim. Ogluňdaky ýaltalyk, öziň bilýäň gün geldikçe artdy. Ne mekdepdäki mugallymlar ne biz idili ýazmagam öwredip bilmedik. Ahyrynda men bir çäre tapdym. Rasymyň gyza ýazan hatlarynyň kömegi bilen okuwunda ökdelejeginii we bu ýyl synaglardan geçjegini aýnada gören ýaly bilýän. Dogrusy özimem öňki ýazuwy hat baryny ýaza-ýaza öwrenipdim"
REŞAT NURI GÜNTEKIN
Terjime eden: Nureddin KESEARKAÇLY

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.