Söýgi mukamy (powest)

(dowamy)

— Öwrenen gylyk örkleseň-de durmaz diýipdirler, oglum. Indi oňa aýdanyň peýdasy ýok. Ol özünden başga adamy adamdyr öýdenok. Bir zat diýseň: "Bar, bar, işiň bilen bol!" diýýär. Ýa-da sesinem çykaranok — diýip, Gülnar eje zeýrendi.
— Ýaňy molla Çarylaň köprüsiniň ýanyndaky syrkynlykda obamyzyň doktoryna gabat geldim. Täze gelen gyz. Sen ony tanaýarmyñ? Ol öňki "Zähmet" kolhozyndaky Berdi aganyň gyzy.
— Bir ökde doktor gelipdir-ä diýýärler. Özüm-ä göremok.
— Oňat gyz. Men ony öýlerine eltip gaýtdym.
— Öwýäsiň weli, aşyk bolan bolaýma ýöne?
— Bihuda aşyk bolanyň näme haýry bar? Durna gökde, duzak ýerde. Ol bize ýetdirjek däl.
— Häý, sen oglan, altyn sagat, ýüpek köýnek diýýärsiň weli, şondan hantama bolaýma? Göniňden geläý! — diýip, Gülnar eje osmakladyp sorady.
— Gowy zady arzuw etmeýän barmy, eje?
— Gizläbem oturma, Bibigözel hemmesini aýtdy.
— Nämäni gizläýin? Şonuň geljegini bilsem, bütin dünýä jar çekdirmäge-de taýýar. Kakam ikiňiz bolsady ekip, baý boljak bolýarsyñyz. Meniň näme bolsady ekmäge hakym ýokmy?
— Maňa köp bilýän gelin gerek däl. Ozalam şu içerde köp bilýän gyt däl. Haýsyñyzy gepletseň, hondan bärsi bolan bolup otyrsyňyz. Bitirýän goşuňyz ýok.
— Eje, maňa näme diýseň diý, ýöne şol gyza dil ýetirme.
— Şondan ýaňa tamaň tala daňlan ýaly bolaýsyn!
— Eje...
— Özüm saňa gül ýaly gyz taparyn!
— Tapsaň, özüň ýaşaber. Maňa şondan başga hiç kim gerek däl. Eger aýdanymy etmän, başga birini getiräýseňiz, meniň didarymy görmäge zar bolarsyňyz. Eşitmedim diýmäň.
— Agzyňdan al kaksyn! Diýýäniň näme! Ýeriň-gögüň diregi şolmuşmy?
— Bilýän, eýýäm kakama-da buşlansyñ. Onam öjükdirip goýberensiň. Her zat edäýiň, Şirin göwnese bor, siz bilen oňuşaryn. Islemeseňiz, menden geçäýersiňiz-dä.
Bu söz Gülnaryň göwnüne degdi.
— Gelin üçin ata-eneden geçjek bolsaň, ertire galma, häzir gidiber. Bolmanda-da sen biziň görümize gümmez salasyň ýok! Sen-ä bir tüýs döremän geçen ekeniň...
Meret iki oduň arasynda galyp, perwana ýaly pyrlansa-da, belli bir netije gazanyp bilmedi.
Salpy öýden çykyp ugraýşyna uly ýoluň gyrasy bilen takyrrak ýerleri saýlap barýardy.
"Indi biri öz ajalyna öläýse-de, tebipden görýärler. "Suda berjek-de, prokurora berjek" boluşýarlar. Her eden işiň, her alan aklygyň üçin galpyldap, janyň çykýar. Doktor köpelip ugrany bäri tebipde abraý galmady. Ýek-tük garry-gurtular bolaýmasa, indi ýanymyza gelýän ýok. Hemişeler her şäherde bir-iki sany doktor bolardy. Biziň türkmenlerimiz oňa kän bir barybam durmazdylar. Indi bolsa, haýsy oba barsaň, ýektaýyny akjardyp ýören doktordan köp zat ýok. Adamlaram gaty näzik bolupdyr: başy agyryp, baldyry syzlasa-da doktor diýip eňiberýärler. Bu çakda kakyn-silkinem azalypdyr. Doga-tumar diýip gelýänem ýok".
Şeýle pikirler bilen Salpy esli wagt ýol ýöredi. Ikindin aralar ol Orazgylyç garalaryň deňine ýetdi. "Baryp göreýin, bäri bakan bolsa, gowy zat. Eger bolmaz iş bolan bolsa, onda ähli günäni doktoryň üstüne ataýyn" diýen niýet bilen, uly ýoldan sag tarapa sowlup, kiçijik ýoldan ýöräp ugrady. Öýe ýakyn geldigiçe, ädimini ýygjamlatdy, dykgat bilen diň saldy. Agy sesleri eşidilmänsoñ, göwrümi giňedi. Olaryň işigine ýetende, Orazgylyjyň segsen bäş ýaşly kakasy onuň öñünden çykdy. Oglunyň kellesinden gan almagy maslahat beren hem şu garrydy. Ol küýkerip duran ýerinden ýeňiljek ardyndy-da:
— Geliň, işan aga, öýe giriberiň — diýdi.
Mazaly ornaşyp, öňüne çaý alansoň, Salpy ondan sorady.
— Bu Orazgylyç görnenok-la?
Garry sandyrawyk eli bilen çaýyny döküp-saçyp gaýtardy-da, esli wagt sesini çykarman oturdy. Bu ümsümlik myhmany howsala saldy, içini byjyklatdy. "Çaýyny çäýnekden käsä, käseden çäýnege guýup başagaý bolup oturan bu garry meniň soragymy eşitmedik bolaýmasyn" diýip, ol öňki soragyny ýene bir gezek gaýtalady.
— Hälki doktor gyz bara, ana, şol başlygyň lekgowoýyna münüp geldi-de, ony balnysa alyp gitdi. Şu kolhozyňka-la. Hawa. "Gaýgy etmäň, oňat bolar" diýen boldy öz-ä.
"Äl, Berdi jynlyň şol gyzam-a, geçiň öň aýagy ýaly bolup, bar ýere ýetişýär-ow" diýip pyşyrdady-da, Salpy işan ýaşula göwünlik bermäge durdy.
—Äý, howsala düşer ýaly zadam-a ýokdy weli, äkiden bolsalar, bähbit bola. Gutular enşalla.
— Ýagşy dilegde boluň, işan aga, sag-aman gutulawersin. Onuňaam etek doly maşgalasy bar. Häý, neresse, çyrçykdan açylyp bilenok öz-ä.
— Gutular enşalla — diýip, Salpy öňki sözüni gaýtalady.
—Özüme galsa-ha, balnysa goýberjek däldim. Ýöne aýal, oglan-uşaklar baş bermän duransoňlar, razy bolaýdym. "Gitse gowy bolar diýdiler. Hernä şeýle bolsun-da, öz-ä ökde doktor ekeni. Ganyny derrew saklaýdy.
— Bendäm bendäme sebäp diýenmişler. Gutular enşalla.
Ol bu ýerde uzak oturmady. Bir belanyň başdan sowlanyna begenip, ýoluny dowam etdirdi. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşanda ol Berdi agalaryň öýüne bardy. Koridorda durup ardyndy-da, çyrasy ýanyp duran içki tama girdi. Diwardaky, ýerdäki halylara, radiopriýomnige, stoluň üstündäki uly sagada syn etdi. Öý eýesiniň krowatyň üstünde hor çekip ýatanyny görüp, ýene-de bir-iki gezek ardyndy. Onuň: " Berdi! Berdi!" diýip gygyrmagy-da kömek etmedi. Bu ýerde-de üýtgeşik wakanyň ýoklugyny bilip, arkaýynlyk bilen öýüne gaýtdy.
Sestranyň etmeli işlerini aýdyp, Şirin bilen Polina Iwanowna keselhanadan çykdylar. Kir-kimirsiz mawy asmanda ýyldyzlar göz gypyşyp, aý gülüp durdy. Çyralar bir wagt öçüpdi. Oba asudalyk bilen uklap ýatyrdy. Mylaýym şemal dürli gülleriň biri-birine goşulan ýakymly ysyny bütin meýdana ýaýradýardy. Şirin uludan dem aldy.
-Hemişe şunuň ýaly salkyn howa bolsady, Polina Iwanowna.
— Ýaman bolmazdy. Ýöne...
— Näme, kolhozymyz ýüpek pagta ösdürip bilmezdi diýjek bolýarsyñyzmy?
— Diňe gowaça däl, bu ýerdäki ähli ösümliklere-de yssy kem ýaramaýan bolsa gerek.
— Bu ýylky yssy görlüp eşidilen yssy däl ahyry, Polina Iwanowna.
— Siz şu ýerde doglup yssydan arz etseňiz, biz ýaly Sibirde önüp-ösenler nätmeli? Ýigrimi ýyldan bäri siziň şu yssyňyzy başdan geçirýän. Hiç zadam bolanok. Ýogsa-da häli bir görmegeý ýigit sizi sorap geldi-le, görüşdiňizmi?
— Motosikletlimi?
— Edil özi.
— Häli Orazgylyçlardan gelýärkäm öňümden çykdy.
— Ýigit saýlamagy oňarman durmaýar ekeniňiz.
Şiriniň ýüzi gyzaryp gitdi.
— Ýok, Polina Iwanowna, ýalňyşýarsyňyz.
— Siz ony saýlamasaňyz, ol sizi saýlapdyr, parhy näme?
Derwezäniň agzyna gelenlerinde, Şirin ony gujaklap:
— Meniň söýgülim ol däl, Polina Iwanowna, başga, Aşgabatda okap ýör, basym geler. Men ony ilki bilen size görkezerin.
— Bu ýigit näme?
— Bir näsagyň yzyndan baramda bu meni motosikleti bilen öýümize getirip gitdi. Şonda tanyşdyk. Özi gaýraky mekdepde mugallym bolup işleýär. Ýogsa-da, olar ertir köne Maryny görmäge gidýärler. Belki, ikimizem gideris.
— Men bir içi düşen zamça ýaly tulkaryp duran kempir, uzak ýola giderligim ýok. Siz gidiň. Men bu ýerde — nähoşlaryň ýanyragynda bolaýyn.
— Bolýar onda, Polina Iwanowna. Gidip ýatalyň. Asla iň gowusy bize gidip çaý içeliň. Bizde-de ýatarsyňyz.
— Sag boluň, gyzym. Indiden soň çaý içişip oturmaly.
Uzyn gününi aýak üstünde geçirse-de, näme üçindir, Şirin ýadawlyk duýmaýardy. Ol öýlerine baryp, onluk çyrany ýakdy-da, kakasynyň ýatan tamyndan içi suratly kitaby alyp, öz otagyna girdi.
Nazaryň ýylgyryp duran suraty ony öňküden-de beter joşdurdy. Ol ruçkasyna ýapyşdy. Ýürek duýgulary ak kagyzyň ýüzüne keşde çekip ugrady. Ol özüniň gysgajyk, köp manyly hatyny: "Ekzamenden dynan badyňa eglenmän gel. Gözümiň ýolda, göwnümiň sendedigini unutma. Garaşýaryn! Öz söýgüliň..." diýip tamamlady.
Söýgülileriň ikisem hatlarynyň soňuna öz atlaryny ýazmaýardylar. Bularyň şertleri şeýledi.
Ol haty bukja salyp ýelmedi-de: "Ertiriň özünde şähere gidýänleriň birinden berip goýbersem, ol ekzamenini gutarmanka baryp ýeter. Bu hatym oňa medet berer" diýip oýlandy.
Şirin kuhnýa baryp ýuwnup-ardyndy-da, ýatmak bilen boldy. Uzakdan horazlaryň sesi gelip başlady.
* * *
Şol ýerden gaýdyşyna Salpy uzyn gije kolhozyň bagyny saklap, ir bilen öýüne gelipdi. Ol demli duran çaýdan bir käse içip-içmänkä, Gülnar onuň öňüne bir okara agaran getirip goýdy-da:
— Kakasy, ogluň-a käýemeseň boljak däl. Ol-a "Şol doktor gyzy alyp bermeseňiz, müjerret geçäýerin" diýip, aýagyny depip dur. Özem eýýäm wadalaşaýypmy, nämemi...
— Näme?
— Hawa, hawa, öz-ä maşyna mündürip aýlan bolara çemeli.
—Päheý, süwümsiz.
— Şol-a baldyryny akjardyp meniň öýüme girip-çykmaz diýdim. Gaty gördi. "Şol girip-çykmasa, menem şu ýerde görmersiňiz" diýýär. Ol bu samsygy jadylapdyr. Indi şonuň diýeninden çykyp bilenok.
Berdi agalaryň gurply, baý durmuşlary Salpynyň göz öňüne geldi. Öten agşamdan bäri bu hakda oýlanypdy. "Şony gelin edinäýsek kem bolmazdy" diýen netijä gelipdi. Aýalynyň zeýrenip aýdan bu gürrüňleri bolsa, muny şol pikiriň üstünde has hem pugtarak durmaga mejbur etdi.
— Geregi şol Berdi jynlyň gyzy bolsa, alar-da beräýeris, heleý.
Adamsynyň göwrümi giňlik, perwaýsyzlyk bilen bu aýdan sözleri Gülnaryň içinden ok bolup geçdi.
— Eý, toba-tagsyr, sen bir akylyňdamy ahyry! Diýýäniň näme?
— Onuň gyzynyň kem zady ýok. Ýöne razy bolsalar diý.
— Razy bolman geçsinler, şondan başga gyz gyrlypmy? Ogluň bolsa: "Şaý-sepiňiz gerek däl, men oňa altyn sagat alyp berjek" diýip ýör.
— Päheý, bihepbe.
Şol wagt daşardan Merediň çasly çykýan sesi eşidildi.
— Eje!
Gülnar barmaklarynyň ujy bilen maňlaýyna urdy-da:
— Wiý, ýadymdan çykaýypdyr, ogluň "Soltansanjary görmäge gidýäs" diýýär, pul soraýar.
Pul nämesine gerekmiş? Ýalazy meýdanda dükan barmyşmy? El ýaly çöregi ýaglyga düwüp ber. Oňar şoň bilen.
— Belki, çaýhana-zada baryp nahar edinjekdir-dä.
— Ogluň ikiňiz zady köp tapýarsyñyz — diýip hüñürdedi-de, Salpy goltuk jübüsiniň bagjyklaryny çözüp, sürpegi çykan gaýyş gapjygyny çykardy. Ýanynda aýalyndan başga adam bolmasa-da, endigi boýunça yzyna öwrülip, bäş manat pul uzatdy.
— Uzak ýere gidende bir köpräjik eçiläý-dä. Öz gazanjyny özüne sowdurman nätjek?
— Sen şeýdip onuň işini görýärsiň. Azdyrýarsyň! — diýip, Salpy oňa igendi. — Men zikge kakamok. Puluň köp bolsa, özüň beräý.
Gapjygynyň kisä girip, bagjygynyň eýýäm daňylandygyny görensoň, Gülnar eje nägile bolup daşaryk çykdy. Ýüzüni ýerden galdyrman, bäş manady garaşyp duran ogluna uzatdy.
Meret puly siltäp aldy-da, bat bilen zyňyp goýberdi:
— Men gedaý däl!
Onuň azmly sesi tamda oturan Salpa-da eşidildi. Ol dyzyna galyp, pessejik penjireden boýnuny uzatdy-da: "Päheý, bihepbe, bäş manada bir okara nohutly çorba bilen bir gadak ak nan berýärler. Iý-de hezil et-dä" diýip igendi.
Jahyl çykan ogullarynyň öýkeläp, nadyl bolup gidenine Gülnar ejäň nebsi agyrdy. "Şunuň husytlygy aýryljak däl-dä" diýip, adamsyna käýindi.
Meret motosikletini tarladyp, tozanyň içinde gözden ýitdi. "Şeýdeniňize görä sowjak, sowasym gelmese-de sowjak, karz alyp sowjak!" diýip, yzda galan enesine haýbat atýan ýaly, sag elini galgadyp gygyrdy. Onuň gykylygy motoryň sesine goşulyp, özünden başga hiç kime eşidilmän, uly ýoluň üstünde dagap gitdi.
Özüni peseldýän elgarama durmuşdan dynmak Merediň köpden bäri edip gelýän ýeke-täk arzuwydy. Bu durmuş ony dost-ýarlarynyň ýanynda gyjalata goýýardy. Etjek işini edip bilmän, mydama jibrinip ýörmäge mejbur edýärdi. Ol gijäniň bir wagtyna çenli Şirin hakda pikir edip, ahyrym: "Ony ertir alyp gideýin. Gaýdyşynymyz şäherde galyp kino görmegi teklip ederin. Onuň bilen derýanyň üstündäki restorana baryp, keýp çekerin. Şol ýerde-de durmuş hakyndaky meseläni çözerin" diýen netijä gelipdi. Ol eýdip-beýdip ejesinden üç-dört ýüz manat ýonmakçydy. Şirine özüniň jomartlygyny görkezmekçidi. Onuň bu hyýaly hem ýaňky gykylygy ýaly, yzynda tozana bulaşyp galdy.
Ol mekdebiň deňine gelende, okuwçylar maşynyň üstünde hyryn-dykyn bolşup otyrdylar. Eglenmäge pursat bolmansoň, olara "ugraň" diýen yşarat etdi-de, özi öňlerine düşüp ugrady.
Nireden, nädip aýlansalar-da, ilki Şirinleriň, soňra keselhananyň ýanyndan geçmeli boljakdyklaryny Meret örän gowy bilýärdi. Şoňa görä-de, ol ýaýdanýardy, görmäbilse ýagşydyr diýip dileg edýärdi. Mümkin boldugyça bularyň duşundan çaltrak geçmek isleýärdi.
Nämäniň oýaranyny bilmese-de, Şirin öz çakyndan ir oýandy. Turup uly tamlaryny açyp gördi, daşaryk çykdy, emma kakasyny tapmady. El-ýüzüni ýuwup sekiniň üstündäki çäýnek-käsäni ýygnady. Ol: "Çäýnek boşam bolsa, gyzgyny bar. Kakam ýaňyrak gidipdir" diýen netijä geldi.
Şirin kuhnýa girip, primusyny otlajak bolup durka, sestralaryň biri geldi.
— Näme üýtgeşiklik bar? Orazgylyjyň ýagdaýy agyrmy?
— Hawa, doktor, daňa ýakyn onuň gyzgyny artyp başlady.
— Polina Iwanowna aýtdyňyzmy?
— Olam häzir barýar.
Bar zady duran-duran ýerinde taşlap, Şirin uly ýoldan alňasap barýardy.
Bu ýerde-de Merediň dilegi kabul bolmady. Ol islese, islemese, gyzlaryň duşuna ýetip durmaly boldy.
— Salam, Şirin.
— Salam, Meretdurdy.
— Geliň, münüň. Gideliň.
— Men size ýalançy bolmaly boldum, Meretdurdy. Iş çykdy.
— Garaşaýyn bolmasa.
— Köp garaşmaly bolarsyňyz. Men entek taýýaram däl.
Kisesiniň bütinleý boşdugy ýadyna düşensoñ, Meretdurdy onçakly dyzabam durmady.
— Özüňiz görüň-dä.
— Sag boluň, Meretdurdy, ýoluňyz ak bolsun. Men indiki gezek gidäýerin.
Motosiklet tarlap ugrady. Onuň yzysüre üsti çagalardan dolup duran bäş tonnalyk maşyn hem bularyň duşundan dazlap geçdi.
* * *
Salpy gelende, Şirin öýlerinde ýokdy. Onuň kakasyna nahar taýýarlap, hol öýlänki gidişidi. Gyzynyň işine belet bolany üçin, Berdi aga-da onuň ýoklugyna darygyp durmady.
Koridorda galoşyny çykaryp gelýän Salpyny görende bolsa, gyzynyň öýde ýoklugyna begenmänem durmady. Salpy sag elini çepinden yzrakda tutup, Berdi aga bilen içgin görüşdi. Öýe girip, saglyk-amanlyk soraşdylar. Berdi aga içip oturan uly çäýnegini myhmanyň öňünde goýdy.
Salpy özüni has hem agras görkezmek üçin işanlara mahsus bolan oturyş bilen: çep aýagynyň üstünde oturyp, sag aýagynyň başam barmagyny ýere diredi-de, ökjesini sagrysyna ýaplabrak oturdy.
Çaý içilip, nahar iýlip bolansoň, Salpy saýrap ugrady:
— Seýilem bir seýil, sergezdançylygam seýil diýipdirler.
— Dogry aýdýarsyňyz, işan aga.
— Oñat görüşýändigimizi, allahu älem, sizem bilýän bolsaňyz gerek.
— Bilýäs, işan aga.
— Hawa, Berdi baý ( bu ony öz ýanyndan hormatlan boldugydy) biz siz bilen ozalam-a garyndaş welin, indi hasam ýakyn boluşmaga geldik.
— Gowy edipsiñiz, işan aga.
— Daş gulakdan eşidýäs weli, biziň dogmamyz bilen siziň gyzyňyzyň hyşy-wyşy gürrüňlerem bar bolara çemeli.
— Hany göreli, Annamyrat ( bu Salpynyň çyn adydy) uly bar, kiçi bar, näme diýýärler.
— Onda biz haçanrak habar tutsakkak?
— Siz azara galyp ýörmäň, özümiz habar ederis.
— Hawa, Berdi, siz bizi, bizem sizi tanaman duramyzok. Biri-birimiziň gadyrymyzy bilerçe bolandyrys.
— Dogry aýdýarsyňyz, agyr ýaraly bolamda, siz meni oduň içinden alyp çykdyñyz. Ol eden ýagşylygyňyz ýadymdan çykýan däldir.
— Şonuň üçinem biz sizden hoş habara garaşýarys, Berdi baý.
— Garaşaýyň, işan aga.
— Onda, rugsat berseňiz, bizem indi gaýdaýsak näderkä?
— Gözel göwnüňiz, işan aga.
Myhmany ugradyp, sekiň üstünde oturandan Berdi aganyň ýüregi jigläp gitdi: — "...biz sizden hoş habara garaşýarys... garaşaýyň..." Men eýýäm söz beräýipdirin-le!..
Bu gün hem hemişekisi ýaly garaňky gatlyşandan ýorganyň aşagyna girse-de, Berdi aganyň ukusy tutmady. "Salpynyň gudaçylyk hakyndaky habaryny nädip Şirine ýetirmeli?" Bu pikirler onuň ýüregini byjykladýardy, ony rahat uklamaga goýmaýardy. Ol ajy tütünden özüne delalat gözleýärdi, yzly-yzyna çilim çekýärdi.
Orazgylyjyň ýagdaýy agyr bolansoň, Şirin keselhanada köpräk eglendi. Ol öýe gelende, Berdi aga tamyň içini goýy tüsseden dolduryp, iki ýana gezmeläp ýördi. Ol kakasynyň durmuşynda henize çenli seýrek bolýan bu ýagdaýy görüp, azajyk geňirgendi-de:
— Kaka, siz henizem ýataňyzokmy? — diýip sorady.
— Gurbagalar gurlaşyp duransoňlar, bir hili ukym gaçaýdy. Ol gyran degmişler näme beýle şatlanýarkalar? — diýip hüňürdedi-de, ähli gaharyny olardan çykarjak bolýan ýaly, donuny ýasgynjak alyp, daşaryk çykdy.
Şirin, näme-de bolsa, kakasyny gozalaňa salýan bir zadyň bardygyny aňdy. "Onuň ukysyny gaçyrýan, ony derdesere goýýan bir zat bar " diýip oýlandy-da, onuň yzyndan gitmekçi boldy. Emma: "Özümiň seresapsyzlygym bilen onuň göwnüne degmäýin" diýen pikir ony saklanmaga mejbur etdi.
Berdi aga daşardan gelip, ýene-de öýüň içinde iki ýana gezmelemäge başlady. Ol gerdeninde agyr ýük bar ýaly, küýkeribräk, basan ýeri aşak çökäýjek ýaly, ýaýdanybrak ýöreýärdi.
Şirin naharhanada hysyrdanyp duran ýerinden onuň hereketlerine syn edip uly derdesere galdy.
— Kaka, işiňizde ýaramazçylyk barmy? Näme beýle pikir edýärsiň? — diýip, ol onuň ýanyna geldi.
Berdi aga gyzyny köşeşdirmäge çalşyp, ýalandan ýylgyran boldy:
— Ýok-la, gyzym, ýaramazçylyk näme işlesin?
— Kaka, ozalam ýüregiňiziň ugry ýok. Gahar etseňiz, ol hasam erbet bolar.
— Men hiç zada gahar edemok, gyzym. Menden ýaňa arkaýyn bol.
Şundan soň ataly-gyzyň arasynda gürrüň uzaga çekmän gutardy.
* * *
Ekskursiýadan ýadap, halys bolup gelýän Meret Şirini görmek umydy bilen keselhananyň duşuna ýetende motosikletiniň çaltlygyny mese-mälim haýallatdy. Ýöne welin, ondan peýda bolmady, Şirin hiç ýerde görünmedi.
Meret keselhana ýa olaryň öýlerine sowulmaga çekindi-de göni geçip gaýtdy. Ol okuwçylara gadymy ýadygärlikler hakynda gyzykly gürrüň berdi. Onuň gürrüňini Şirinem eşidäýen bolsa gowy bolardy, onda Merediňem göwni göterilerdi, has-da göçgünliräk gürlärdi. Ol onda häzirkisi ýaly ýadamazdam, lapykeçlik bilen ata-enesine käýinmezdem-de, göni öýlerine giderdi. Emma häzir onuň öýlerine gidesi gelmedi. Hälki ejesiniň uýala-gorka uzadan bäş manady henizem onuň göz öňünden gitmedi. Ol: "Olar meni çagajyk hasap edýärler, meniň aýdanymy diňlemedik, meni äsgermedik bolýarlar. Bolýar, äsgermeseňiz, äsgermäň" diýip hüňürdedi.
Ylaýta-da kakasynyň onuň maslahatyny diňlemän: "Bar, ejeň unaş bişiripdir, git-de garnyňy doýur!" diýmegi onuň gaharyny getiripdi. Ol bu sözlerini häli, Soltansanjar hakynda okuwçylara gürrüň berip durka-da, häzirem, bütin ýol boýam ýadyndan çykaryp bilmedi.
Meret mekdebiň howlusyna girip, direktor Abdy Çaryýewiň öýüniň işiginde motosikletini öçürdi-de, üsti-başyny kakmaga durdy. Abdy Merediň ýaşlykdaky dostudy. Bular peduçilişäni bile gutaryp, instituta-da bile giripdiler. Meret ikiýyllyk mugallymçylyk institutyny gutaryp gaýdanda, Abdy pedinstitutyň üçünji kursyna geçipdi. Olar hiç wagt tersleşmändiler, göwünlerindäki syrlaryny biri-birinden gizlemezdiler. Emma Meret, näme üçindir, Şirin barada Abda şu çaka çenli hiç hili gürrüň bermändi.
Abdy bu mahal tut agajynyň aşagyndaky tagta sekiniň üstünde egni tor maýkaly çaý içip otyrdy. Ol Merede motosikleti nirede goýsa gowy boljagyny aýtdy-da, ony öz ýanyna çagyrdy.
Dostlar gijäniň bir çenli gürrüň edişip, göwün solpudan çykdylar. Merediň göçüp gelmek baradaky pikirini Abdy makullamajak boldy. Uzak wagtky çekişmelerden soň, ol ahyrym şeýle diýdi:
— Mazaly oýlan."Ýedi ölçe-de, bir kes" diýipdirler. Başgalara-da maslahat salyp gör. Oňuşmajagyň çynyň bolsa, jaý taparys. Haçan isleseň, göç-de geläý.
Meret göwnüni bire baglandygyny, juda bolmanda häzirlikçe ol ýerden gaýtmalydygyny, nähili ýollar bilen bolsa-da, kakasynyň tebipçiligine garşy göreşjekdigini aýtdy.
— Tebipçilik, ýene şuňa meňzeş yza galaklyklaryň garşysyna göreşmeklik ýeke bir adamyň işi däl — diýip, Abdy oňa garşy çykdy. Köpçülik bolup göreşmeli. Goý, Şirin janly mysallar bilen bu temada leksiýa okap bersin, bizem diwar gazetler çykaralyň, oýun goýalyň, yza galak adamlary tankytlaýan gülküli goşgular okalyň. Bu işe obanyň ähli aktiwinem çekeris. Ine, diňe şu ýol bilen biz olary ýeňip bileris.
— Meniň tebibiň ogludygymdan Şiriniň habaram ýokdur.
— Ony aýtmak aňsat-la.
— Ýok, entek bilmese gowy. Wagty gelende oňa özüm aýdaryn.
Giň sekiniň üstünde gyşaryp, gürrüň edişip ýatyşlaryna olar ahyry uka gitdiler.
Ertesi günortanlar geýim -gejimlerini, kitap-depderlerini alyp gaýtmak üçin Meret öýlerine geldi. Ejesi oglunyň hyýalyny bilenden hamsygyp ugrady, ony yrmaga çalyşdy:
— Bizi ile ryswa edersiň. Ýeke ogullary bilen oňuşyp bilenok diýip gürrüň ederler. Meretdurdy jan, oglum, şeýtanyň pikirine gitme. Gysygrak diýäýmeseň, kakaň seni gowy görýär. Ol eýýäm Berdi jynlylara söz aýdyp geldi. Gudaçylygymyz ugra barar işalla...
"...söz aýdyp geldi" habaryny eşidip, Merediň ýüzi çapata döndi, gözleri peträp, hanasyndan çykaýjak boldy. "Kim size gudaçylyga gidiñ diýdi? Siz meni masgara edýärsiñiz? — diýip, gygyrdy-da almaly zatlarynam ýadyndan çykaryp, ýeldirgän ýaly, dazylap daşaryk çykdy. Ähli aryny motosikletinden aljak bolýan ýaly, bat bilen onuň pedalyna depdi. Ejesi aňk-taňk bolup öýden çykýança, ol eýýäm arany ep-esli açypdy.
" Meniň umyt ýyldyzym öçäýmäbilse ýagşydyr... Şirin, Şirin, meniň bu ýerde günäm ýok, sen meni ýazgarma. Meni köne adatyň gurbany hasaplama!" diýip, ol göýä Şirin bilen pete-pet durup gürrüň edýän ýaly ýalbarmaga başlady. Soňra söýgüden rişdesini üzdürýän aýylganç pikirler ony horlap ugrady: "Kakamyň tebipdigini, özümiň köne dessur bilen öýlenjek bolýanymy eşitse, Şirin meniň ýüzüme tüýkürer..."
Utanç hem gazap duýgusy bilen joşan Meret mekdebiň duşundan dazylap geçenden soň, özüniň sowulmaly ýerinden uzaklaşandygyny duýup galdy.
Dostunyň hiç zatsyz boş gelmegi, onda-da lapy keç, gamgyn gelmegi Abdyny geňirgendirdi. Ol: "Kakasy muňa hiç zat bermän kowandyr" diýip oýlandy-da, oňa sorag bermekden saklandy. Emma Meret saklanyp bilmedi. Ol özüni kemsidýän, masgaralaýan gudaçylyk barada zeýrenip gürrüň berdi, häzir özüniň Şirinlere gitjekdigini aýtdy:
— Bu wagt onuň gözüne görünmeseň gowy. Gahary gelip durka morta bir zat aýdaram, onsoň ony köşeşdiribem bolmaz. Goý, aradan salym geçsin, soň ugruny tapyp, özüm oňa düşündirerin — diýip, Abdy ýoldaşynyň gaharyny ýatyrmaga çalyşdy.
Abdynyň gürrüňleri göwnüne jaý bolsa-da, Merediň jany aram tapmady...

dowamy bar...

Bekge Pürliýew. 1981.ý.


2 лайков 181 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Babahanowa_g
03 июн 2022, 14:38
Dowamyny goyarsynyz gerek???
Senyorita.
Автор 03 июн 2022, 16:08
Babahanowa_g,
Hökman.