-
Tanyşlyk, dostlaşyk soýgi, goşgy, goşgylar, eserler, kitaplar, hekaýalar, ertekiler, klipler, aýdymlar, ýyldyzlar, soygi goshgy, programmalar, türk kino, vpn, turkmen vpn, ishleyan vpn, mugt vpn kod, gruppalar, turkmen kinolar, turkmen kitap, pdf kitap, t">
UNY GUTARANDYR
Bir oglan mollada okaýan eken. Oglanyň ejesi örän owadan eken. Her gezek okamaga gelende molla ýaňky oglana:
— Gel, owadan heleýiň ogly - diýip, ýüzlener eken.
Bir gün oglan ejesine:
— Men indi okuwa gitjek däl - diýýär.
Onda ejesi:
— Ýeri, oglum, näme üçin okajak däl? - diýip soraýar.
Onda oglan:
— Men okuwa barýan welin, molla: «Gel, owadan heleýiň ogly» diýýär - diýip, jogap beren.
— Oglum, bar, sen şu gün hem okuwa git. Okuwyňa bar-da, molla: «Ejem çagyrýar» diýip aýt. Oglanyň ejesi şeýle diýip, ogluny ugradýar-da, ärine:
— Men mollany çagyryp, nahar zat bererin welin, sen şol wagt gelgin - diýip tabşyrýar.
Oglan baryp, ejesiniň sözlerini ýetirýär. Molla-da olara gelip, çaý-çöregini iýip, aýala golaýlaşmaga hyýallananda, aýalyň äri daşardan ardynjyrap gelýär. Molla ony eşidip:
— Indi nätsekkäk? - diýýär.
Onda ol aýal:
— Muny özüm oňararyn - diýip, mollanyň başyna bir köne don atyp, öňünde-de bir çuwal bugdaý bilen el degirmenini goýýar.
Äri gelip, aýalyndan:
— Ýeri, heleý, bu aýal näme? - diýip soraýar.
Onda aýaly:
— Bi goňşymyzyň gelni, biraz un üwemäge gelipdir - diýip, jogap berýär.
Molla öňünde goýlan bugdaýy üwäp oturmakdan başga alaç galmandyr. Ol gijäniň bir wagtyna çenli un üwäp, öý eýeleri uklansoň, gaçyp gidýär.
Bir gün hälki aýal ogluna:
— Şu gün mollaň gelip gitsin - diýip, mollany çagyrdýar. Onda ol molla:
— Hanym, barsaň, ejeňe aýt, onuň uny tükenendir - diýipdir.
Halan bolsanyz like basyň;)
3 комментария