Hilegärçilik kiçijik hekaýa bolan wakalardan

Men mundan birnäçe ýyl öň şäherde biriniň söwda dükanynda satyjy bolup işleýärdim. Elbetde men başgada birnäçe ýerlerde işläpdim, muňa garamazdan mende (özüme baha berişim boýunça işime kemsiz okdeleşipdim diýen düşünje) umyt bardy. Hakykatdanda işimde üstünlik gazanyp başlapdym, şol wagtlar ýokary söwdasy 1.5 mln töweregi bolan wagtlarydy, men bolsa şeýle ýagdaý bolsa ýene ýokarlandyryp biljegime ynamym bardy. Bu hakykatdanda şeýle ýagdaýda özüme göwni ýetijilik bilen bilýärdim. Ýöne bir gün söwda edip otyrkam üç kişiniň gelýändigini gördüm , ýogsada bu gelýänleriň pikirini gowy okan ýaly bir hilegärlik(moşenniklik) etjekligini aňdym. Elbetde meniň sapagym ýeterlikdi, şoňa göräde hilesine çolaşmajak boldum. Maňa derek başga kişi bolsada özüni aldatmajak bolup hüşgärligi elden bermezdi. Menem şeýle netije bilen özümiň hüşgärligimi ýitirmedim. Gelen alyjylar şeýle adaty adamyň gözi bilen seredeniňde-de, (şol wagtlar narkomançylygyň galyndylary, ýagny şol kesel bilen kesellän kişiler gynansakda bardy) erbet adam keşbinde göräýmek kyn düşenokdy.
Gelşinede menden birnäçe harytlary sorady, ýagny güýmemek usullaryny ulanyp başladylar. Men bolsa bu hileleri öňem başdan geçiripdim, şol sebäpli göni alyjylara seredip gözden sypdyrman durşuma ähli harytlaryň bahalaryny aýtdym. Şonda-da meniň ünsümi sowjak bolup, uly pul birligini çykaryp bölekletmek islediler men ownuk pul ýokdygyny aýtdym we siziň aljak harytlaryňyz ýok diýdim. Elbetde gatyrganyp diýen bolmagym mümkin öýkeli щ birzatlar diýip çykyp gitdiler.
Men özümiň dogry edendigime göwni ýetijilik bilen meni aldap bilmejekligini öz ýanymdan guwandym we şol alyjylaryň duran ýerlerine seredip aňk bolup galdym. Geň galmaly gözümiň öňünde hiç hili gymyldysyz durup, birnäçe gap-gaç ýuwujy serişdeleri, sabyndyr, parfumer harytlaryny alandyklaryna göz ýetirdim. Maňa derek özüňiz näme ederdiňiz? Edip biljek çäre ýok. Bu hilegärçilikli ogrylyk etmek ahyryn. Elbetde indi hasda hüşgärligimi ýitirmen diýip, özümi ýene bir gezek çümmükledim.
Bu bolsa ikinji hile belki hilede däldir. Men din barasynda özlerini ahlakly asylly alyp barýan, namaz okaýan kişi bolýanlar barada aýtmak isleýän. Bu hilli adamlar dini ulanmak arkalyda hile gurmagy hiç zat bilenoklar. Elbetde men dine garşy däl, ýöne şu zeýilli adamlarл bar bolan ynanjyňyda gaçyrýarlar.
Bir gün bir sakally mollasumak (şeýle atlandyrmaga başga çärede galmady) geldi we maňa öz boluşyna bir zatlar samrap ämin diýip, oglum näme sadaka bermek meýliň bolsa ber seniň söwdaň bolar ýaly doga etdim, diýdi. Men muňa güljegimide, geň galjagymyda bilmän seredip durşuma, sorag bilen ýüzlendim näme sadak düşünmedim, men hiç kimden doga etmekligi haýyş edemok diýdim. Ol ýok jigim beýle däl men öz islegim boýunça okaýan, özümem öwülýalara zyýarata barýan näme sadakaň bolsa beriber, ynha şu doganyda satyn al ýokardan asyp goýsaň söwdaň gowy bolar diýip, hiç hili şübhesiz meni ynandyrmaga başlady.
Men bir bada aljyradym we pikirlenip onuň aýtýanlaryna üns bermedim. Onuň men garaşyp durjak wagtym ýok diýdi welin onda bir hile gurýandygyny duýdym. Bir çöregi aldymda ynha hyzmatyňyz üçin ýene biri bolsa sadaka berip biljek, ýöne men siziň bu dogaňyzy satyn alyp biljek däl, çünki menem şu ýerde söwda etýän, siz menden zat almaga derek özüňiz maňa zat satjak bolýaňyz, dogry men doga hiç hili şübelerim ýok eger alsam siziň söwdaňyz bolýar, almasam siziň dogaňyz nädogry bolýär diýdim. Ýaňky ýaşuly gaharlanyp, men sadaka üçin çörek almaýan maňa pul ber diýdi. Ýogsa siz näme jogap bererdiňiz. gaharlanarmydyňyz ýa-da soran zadyny berermidiňiz. Men beýle etmedim, ýöne özüne hile etdim,
-Ýaşuly siz plan obada ýaşarmydymyz diýip soradym, baş atdy bä men sizi tanaýan öň bir gezek, aýalyňyz keselhana ýerleşdireniňizde benden karz pul sorapdyňyz, men bolsa size şol puly haçan tapsaňyz şonda beräýiň, diýipdim ýadyňyzdamy diýdim. Ýa ýerine düşdümi, ýa-da hakykatdanda onuň şonuň ýaly hile gurany ýadyna düşdümi, öýkeläp meni biri bilen çalyşýaň, sen meni tanyş gören bolaýma diýip öz başyna hüňürdäp çykyp gitdi. Meniň näme diýjegimi siz aňlan bolsaňyz gerek. Bilip bolmaz islendik işde, islendik ýerde şu zeýilli adamlar gabat gelmegi mümkin, şonuň üçin hüşgärligi elden bermäň.
Gürrüňler esasynda jemlenen
7 лайков 144 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
05 июн 2022, 18:57
Agam, näme diýseňem zor ekeniňaý.))
Nazar
05 июн 2022, 19:36
Baybahh. Yene bir owrenmeli sapak.
DonMaxx
05 июн 2022, 19:37
gowy yazypsynyz Remezan aga
Öwreniji
Автор 05 июн 2022, 19:51
DonMaxx,
FanB,
Hiayress,
Durmuş bu öwrenere zat kän