Erbetlikleriň şanyna doga okaýan molla hakynda hekaýat
ERBETLERIŇ ŞANYNA DOGA OKAÝAN MOLLA HAKYNDA HEKAÝAT
Gadym bir zamanda mollalaň biri:
«Ýaramaz gylykly adamlaň bary –
Aýalbaz, ogrular, talaňçy, kezzap...
Bu pany jahanda çekmesin azap.
Dert-belalar sowlup geçsin olardan!»
Diýip, Alla ýalbarýarmyş münberden.
Goşup baryn gowularyň sanyna,
Doga okarmyşyn olaň şanyna.
«Olar mynasyp däl alkyşa, sena,
Hersiniň boýnunda dag ýaly günä.
Bu etmäň bolanok» diýenlerinde,
Molla aýdan: «Meňem aklym ýerinde.
Sizmi maňa akyl, terbiýe berjek?
Ýurt ýykan kezzapdym özümem birçak.
Ömrümiň kän ýylyn şemala berdim,
Şumluk tapsa −içi gülýänlerdendim.
Meň toba gelmegme sebäpkär bolan
Dogrymy sözlesem, siz däl-de, olar.
Ýigrenji işlerini näletläp, pisläp,
Päk ýola düşmegi göwnümde besläp,
Olaryň bolşuny çyndan ýigrendim,
Şeýdip, adam bolmaň ýolun öwrendim».
Käte duşmanmyzyň hereketleri
Bize has peýdaly, gelende ýeri!
Jelaleddin RUMY
Gadym bir zamanda mollalaň biri:
«Ýaramaz gylykly adamlaň bary –
Aýalbaz, ogrular, talaňçy, kezzap...
Bu pany jahanda çekmesin azap.
Dert-belalar sowlup geçsin olardan!»
Diýip, Alla ýalbarýarmyş münberden.
Goşup baryn gowularyň sanyna,
Doga okarmyşyn olaň şanyna.
«Olar mynasyp däl alkyşa, sena,
Hersiniň boýnunda dag ýaly günä.
Bu etmäň bolanok» diýenlerinde,
Molla aýdan: «Meňem aklym ýerinde.
Sizmi maňa akyl, terbiýe berjek?
Ýurt ýykan kezzapdym özümem birçak.
Ömrümiň kän ýylyn şemala berdim,
Şumluk tapsa −içi gülýänlerdendim.
Meň toba gelmegme sebäpkär bolan
Dogrymy sözlesem, siz däl-de, olar.
Ýigrenji işlerini näletläp, pisläp,
Päk ýola düşmegi göwnümde besläp,
Olaryň bolşuny çyndan ýigrendim,
Şeýdip, adam bolmaň ýolun öwrendim».
Käte duşmanmyzyň hereketleri
Bize has peýdaly, gelende ýeri!
Jelaleddin RUMY
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.