Milli galkynyş

MILLI GALKYNYŞ

Galkynmajak millet, galkynmajak ýurt,
Milli galkynyş diýip ýaryş geçirýär.
Mes hojaýyn konýak guýup özüne,
Gullaryna bolsa kasam içirýär.

Wah kyrk emjegem däl, kyrk sany emzik,
Sorup-sokjap halkyň içi ýellendi.
Diňe biri hasyl boldy wadalaň,
Türkmen dogrudanam dünýä bellendi.

Türkmen metgi boldy, masgara boldy,
Tagta günde tans oýnady ýalaňaç.
Ýüzün ýapyp tükge düşdi sungaty,
Edebiýat başyna orady gyňaç.

Petde-petde goşgy, weşeň-weşeň saz,
Heýkeller öwrüldi gyryň daşyna.
Büküldi, egrildi şahyrlaň bili,
Meňzäp küntüň oýnap duran gaşyna.

Bir topar bihaýaň tapan bu oýnun,
Il-gün dälde, il-günsüzler oňlamyş.
Bu täze hokganyň hakyky ady,
Milli galkynyş däl, şahsy ommalyş.


Şiraly NURMYRADOW
5 лайков 180 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
06 июн 2022, 10:10
???
OrazMuhammet Aşyrow
06 июн 2022, 10:58
Awtor bu ýerde näme diýjek boldyka, ýa düşünen zatlarymyz şol diýjek bolan zatlarymyka?!
Leyli Amanowa
06 июн 2022, 14:41
mrokas,
Ruslara bakna dowrymizi suratlandyrypdyr
Leyli Amanowa
06 июн 2022, 14:41
Newela yalnys yazyanayan :/ dowrumizi*
Leyli Amanowa
06 июн 2022, 14:42
Towo towo yazyan *
Leyli Amanowa
06 июн 2022, 14:42
Yalnysjak diyibem beydip yalnysyp bolmazdy
Pegas
06 июн 2022, 15:24
Nairobi
mrokas,
Ruslara bakna dowrymizi suratlandyrypdyr

Nätdiň-aý?! Nädip bu netijä geldiň?
Hiayress
Автор 06 июн 2022, 15:28
Nairobi,
Taryhçyldygyň göze batyp durda kizzz :))
arkac
06 июн 2022, 18:32
Şahyryñ bu goşgusyna açyklama gerek däl, gös-göni aýdyp dur-a...