SÖZ

Bilmese bir-birek haly ýeňledip,
Aýdylmadyk sözler ar alsa senden.
Ýagşyň owazyny hüwdä meňzedip,
Hemaýat gözleýäň guşuň sesinden.

Käte göwnüň ýaly öýüňem sowuk,
ýöne birden bir söz ýagtyldýar törüň,
Onsoň biz gussany daş kimin owup,
Şol ýeke söz bilen ýylanyp ýörüs.

Elimiz giňedi, dokundy zaman,
Eger aç bar bolsa, sözüň ajydyr.
Söz – adamyň öz-özüne çydaman,
Ahyr bir gün açyş eden zadydyr.

Mämmetnazar BABANAZAROW.
7 лайков 183 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:00
Gowy goşgular duýgynyň we
pikiriň deňagramlylygyndan döreýär.

Onore de Balzak
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:01
Goşgulary düşündirip bolmaýar,
olara diňe düşünip bolýar.

Oktawiýo Pas
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:02
Haýsydyr bir tötänligiň şahyryň
duýgularyny lerzana salmagyna
«ylham» diýip at berýärler.
Iogan Gýote

Poeziýa — zehiniň içki gozgalaňy.
Fýodor Dostoýewskiý

Hakyky şahyr ýazmasa ýaşap
bilmeýär.
Iosif Brodskiý
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:04
Şahyr elmydama özüne meňzeş zatlary döredýär.
Aristofan
Ötegçi
08 июн 2022, 08:07
Ýañja okap geldim menem şu teswirleri :)
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:29
Ötegçi,
Şu gazetiň birje sahypasy gowy diňe.
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:35
Ede­bi­ýat, ha­çan-­da, özün­de hal­kyň iň oňat hä­si­ýet­le­ri­ni şöh­le­len­di­ren­de, ägirt uly güý­je eýe bol­ýar we adam­la­ry ter­bi­ýe­le­ýär, hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­ýär.
I.R.Beher, ne­mes ýa­zy­jy­sy
Ötegçi
08 июн 2022, 08:37
Kakam iñ halaýan gazedi, öýde şondan başga şu gazediñ ýuzine seredýanem ýokdy wln, menem ýoldaş bolarmykam diyyan indi :) ýöne şol siziñ diýýan birje sahypañyz üćin :D
Ötegçi
08 июн 2022, 08:37
Kakamyñ okamaýan sahypalaram şo soñky sahypalar...
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:42
Ötegçi,
"Garagum" "Dünýä edbiýaty" "Nesil" "Edebiýat we sungat" şu gazetler ýazyldym ýene-de.
"Esger"-em gowy welin kraswor üçin...
Esma
Автор 08 июн 2022, 08:53
Ötegçi,
Edebiýatdan köpüräk beräýmeli dälmikäler. Hepde-de bir, oňam ýekeje sahypasy gowy.
Ötegçi
08 июн 2022, 09:02
Howa. Aslynda edebyat okamak ucin iñ gowusy Dunya edebyatymyka diyyan men-ä.
Pegas
08 июн 2022, 09:22
Esma
Ötegçi,
"Garagum" "Dünýä edbiýaty" "Nesil" "Edebiýat we sungat" şu gazetler ýazyldym ýene-de.
"Esger"-em gowy welin kraswor üçin...

"Esger" edebiýat babatda-da iň gowy gazetleň biri şu wagt.
Pegas
08 июн 2022, 09:23
Haýsydyr bir tötänligiň şahyryň
duýgularyny lerzana salmagyna
«ylham» diýip at berýärler.
Iogan Gýote

Poeziýa — zehiniň içki gozgalaňy.
Fýodor Dostoýewskiý

Söýdüm bu frazalary.
Esma
Автор 08 июн 2022, 09:53
Pegas,
Meň üçin-ä "nesil" bilen "dünýä edebiýaty" iň halap okaýanlarym. Esgere kän gyzygyp bilmedim.
Mümkin
08 июн 2022, 11:18
Esma,
Esger birwagtlar juda gyzyklydy.Soñ ...
Agyzjygymy ýumaýyn hany.:)
Esma
Автор 08 июн 2022, 15:32
Mümkin,
Esgeriň diňe kraswodu üçin ýazylýadym.