Boýçy/Myrat Gurbanow
Gapymyzda bardy üzüm dalbarmyz,
Kölegesem goýry, şeýlebir salkyn.
Ýañy-ýañam ejem bilen oturyp,
Çaýlan pursatlarma ynanmaklyk kyn.
Iller çaý içerdi ejesi bilen,
Men olary,gözüm gidip, synlardym.
Käsede bir boýçy göründigi bes,
Ejem gelýär diýip, köçä ylgardym.
Goñşularam başyn ýaýkap yzymdan,
Diýerdi: -Yrymçyl boljak şu asyl.
Ejemem gelmezdi, irikgä goýup,
Ondan bäri geçdi nijeme pasyl.
Soñ-soñlaram gözüm satar ýörerdim,
Boýçy görsem çaýly käsäñ düýbünde.
Ýöne adamlara yrym diýlen zat,
Hasam gerek eken ynamsyz günde.
Käbäm ejem, gitdiñ pany dünýäden,
Zar edip mylaýym mähriñe meni.
Şindem boýçy görsem saña garaşýan,
Ýogsam, gelmejegiñ bilýänem weli.
Myrat Gurbanow
çeşme: "Biznes-Reklama"
Kölegesem goýry, şeýlebir salkyn.
Ýañy-ýañam ejem bilen oturyp,
Çaýlan pursatlarma ynanmaklyk kyn.
Iller çaý içerdi ejesi bilen,
Men olary,gözüm gidip, synlardym.
Käsede bir boýçy göründigi bes,
Ejem gelýär diýip, köçä ylgardym.
Goñşularam başyn ýaýkap yzymdan,
Diýerdi: -Yrymçyl boljak şu asyl.
Ejemem gelmezdi, irikgä goýup,
Ondan bäri geçdi nijeme pasyl.
Soñ-soñlaram gözüm satar ýörerdim,
Boýçy görsem çaýly käsäñ düýbünde.
Ýöne adamlara yrym diýlen zat,
Hasam gerek eken ynamsyz günde.
Käbäm ejem, gitdiñ pany dünýäden,
Zar edip mylaýym mähriñe meni.
Şindem boýçy görsem saña garaşýan,
Ýogsam, gelmejegiñ bilýänem weli.
Myrat Gurbanow
çeşme: "Biznes-Reklama"
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.